.......

"Sowet idealogiýasy" diýen düşünje bolup bilerde, "Yslam idealogiýasy" diýen düşünje bolup bilmezmi?!

Biziň ata-babalarymyzy yslamlaşdyrmak ugrunda,araplaram az der dökmändir.

Bir basyp alyjy döwlet,basyp alan ýurdunda ilkinji nobatda öz dinini,ynanjyny ýaýmaga synanyşypdyr.Araplar bizi basyp aldy,biz yslamlaşdyk.Mongollar hem ilkinji nobatda,öz ynançlaryny ýaýmaga synanyşdy.Muňa bir mysal:Mongollar ýerli halka, öý haýwanlaryny öldüren wagtynda, damagyny çalmagy gadagan etdi.Onuň ýerine,malyň böwrüne pyçak sanjyp öldürmelidi.

Mongollaryň dini ynançlary,yslam bilen bäsleşerden gaty ejiz geldi.Munuň netijesinde,mongollaryň özi ýuwaş-ýuwaşdan yslamlaşdy.

Sowetler ýene 100 ýyl uzagyrak wagt höküm süren bolanynda,bizi doly derejede ateizimleşdirip bilmeklerem mümkündi.Ýöne şol 70 ýylam belli bir derejede öz netijesini görkezdi.

Biz öz yslam idealogiýamyzy,moderin idealogiýalar bilen garyp goýberdik.Biziň düşünjämiziň diňe bir belli bölegi musulman.Biz çyndan hem hakyky musulman bolanymyzda,ýarym-ýalaňaç geýinen gyzly filimlere tomaşa etmek beýlede dursun,şeýle geýinen gyzlar hakynda duýdansyz pikir edenimiz üçin hem,müň kerem toba ederdik.

3 лайков 168 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Osman
04 май 2022, 23:45
Sowet dowrundaki gonshy dowletleri gorun Ozbegistan Azerbeyjan yaly dowletler dinlerine berk durdular. Bizinkiler tersine ruslara yaranjak bolup din beylede dursun oz ata baba gelyan dap dessurlarymyzy etdirmediler
Maksat
05 май 2022, 00:25
"Sowetler ýene 100 ýyl uzagyrak wagt höküm süren bolanynda,bizi doly derejede ateizimleşdirip bilmeklerem mümkündi.Ýöne şol 70 ýylam belli bir derejede öz netijesini görkezdi."

Şu diýenleriň mamla. Gaty uly düýpleri bar bu meseläniň. Meselem şu saýtdaky rusy goldaýjylaram ýöne-möne bir düşünje däl.
Olaryň durşuna hemme tarapdan ruslary goldamagynyň sebäbinde rus telewideniýa kanallary, rus kişiler we ş.m zatlar bar bolsa-da, munda eştýän gepleriniňem uly täsiri bar. Sosial psihologiýa, näçe köp kişi bir zady gaýtalasa şonuň täsirine girýärsiň. Sowet döwründäki adamlaryň, şuwagt köp ýaşulylarymyz, wagyz söz başysy bilen ýalňyş deňeşdirmeleri, maglumatlary aýtýarlar, hatda çenden çykan hyýanatçylykly sözleri aýdýanlaram bar. 70 ýylam az zat däl, adamlaryň medeniýetini unutmagy, milli ruhlaryny, taryhlaryny, geljeklerini, dil we jemgyýetçilik orunlaryny ýitirmegi başga bir medeniýete baglady. Adamlar öz medeniýetini indi öňkiler ýaly däl-de, çalt unutýar.
Maksat
05 май 2022, 00:30
Goroglyyew Dalidomrul Jelaleddinowic
Sowet dowrundaki gonshy dowletleri gorun Ozbegistan Azerbeyjan yaly dowletler dinlerine berk durdular. Bizinkiler tersine ruslara yaranjak bolup din beylede dursun oz ata baba gelyan dap dessurlarymyzy etdirmediler


Şuwagdam bar ruslara ýaranjak bolýanlar, az däl diýibem bolar olara. Esasy zat adamlaryň aňy diňe bir düşünjede saklanyp galmaly däl, öz aňy we zehini bilen beýleki adamlaryňam jemgyýete, taryha düşünmegine ýardam etmeli. Ýöne jemgyýetiň köçülik bölegi ýalňyş ýerde bolansoň, bu zatlar aňsat bolanok. Adamlarymyz gynansagam ynançda gaty passiw. Şo sebäpli biziň däp-dessurlarymyzy, taryhymyzy köp ünsden düşürýärler, oňa ýeterlik söýgini berip bilenok. Oňa düşünenok. Intägem bu rus goldawy ýatmaýan bolsa, intägem täsiri bardyr diýmekdir.
Maksat
05 май 2022, 00:37
"Biz çyndan hem hakyky musulman bolanymyzda,ýarym-ýalaňaç geýinen gyzly filimlere tomaşa etmek beýlede dursun,şeýle geýinen gyzlar hakynda duýdansyz pikir edenimiz üçin hem,müň kerem toba ederdik."

Modern ideologiýalar bilen garmagymyzyň sebäbi dünýäniň modernlaşmagy (döwrebaplaşmagy) bilen bagly. Indi öňki ýaly köpçülige uýmak diýilen zatlar gaty azaldy, öz-özi hereket edýär adamlaryň. Sebäbi indi tehnologiýanyň ösmegi bilen islendik zatlary internetden gözläp tapyp, ol barada ägirt uly maglumata eýe bolup bilýär. Ony tanap bilýär. Hakyky musulmanlygy bilşime görä doly ýerine ýetirjek bolsaň, jemgyýetden uzaklaşaýmagyň ahmal. Meselem dini bir ýörelge bilen hereket etseň adamlaryň saňa "mollasumak" we ş.m gepleri diýip, ulumsylyk bilen garamagy gaty ahmal. Jemgyýet edil deizm ýaly ýaşaýar, muny köp adamlarymyz bilenok. Bu erbet zatdyr öýdemok, sebäbi adamyň erkin ygtybary we hemme zada ynanmana haky, bir zady gözleşdirip oňa has baglanmaga haky bar. Meniň pikirimçe bu zatlary adamlaryň özüne goýmaly. Aşakdaky diýeniňem ýönekeý zat, ony ulaltmagyň geregi ýok.
Caspian
05 май 2022, 06:33
Ay mena ruslar gowy, yada ruslaryn medenyeti gowy, yada ruslaryn dini gowy diyip yören adama dushamok dine cccr dowruninde adamlaryn agzybirdigini (shuwagtka garanynda) gadyrlydygyny, azda kanda adalatyn bardygyny, garyp ya wezipesiz bolsanam sozun dinlenyandigini magtap sol Dowrun syýasatyny owyarler bizin obamyzda doğrusu ýashaba goremzok yone menin pikirimce erbeda bolmandyr .
Maksat
05 май 2022, 10:08
Caspian,
Ol döwrüň syýasatyny öwmek başga ony medeniýetiň bilen çalyşmak başga.
Maksat
05 май 2022, 10:09
"menin pikirimce erbeda bolmandyr"

Näme erbet bolmandyr?!