Omar Haýýam Rubagylar
RUBAGYLAR
1.
Adamzatdyr ähli mahlugyň başy,
Zyýadadyr onuň akyly-huşy,
Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa, -
Ynsandyr – bezegi, zynaty, gaşy.
2.
Geliň, meýhanada durup geçeliň,
Meý urup, bir meýlis gurup geçeliň.
Gurhany, selläni meýe çalyşyp,
Meçjide omzumyz urup geçeliň.
3.
Meý içen wagtynda aklyň ýititme,
Huşuňy ýitirip, samrap oturma.
Isleseň şerabyň halal bolmagyn,
Däliräp, ynsana azar ýetirme.
4.
Menden Muhammede ýetiriň salam,
Hormat bilen soňra aýdyň bir kelam:
- Turşy çaly halal edip şerigat,
Neçüýn gyzyl meýi edipdir haram?
5.
Meniň tarapymdan Haýýama salam,
Soňra aýdyň: «Ham ekeniň eý, Haýýam,
Men haçan aýytdym meý haram diýip?
Akylla halaldyr, akmaga haram».
6.
Aň-bilim ugrunda söý akyl-huşy,Söýme, bet kişini, ger tapsaň ýagşy,
Ilhalka özýňi söýdýrjek bolsaň,
Hoş gylyk bol, bolma ulumsy kişi.
7.
Dýnýäniň eşteri meý bilen sazdyr,
Ýene bir ýagşy zat oňat owazdyr,
Her näçe seretseň dýnýäň işine,
Ýamanlyk bir gyşdyr, ýagşylyk ýazdyr.
8.
Her kim iki günde ýetse bir nana,
Döwýk gapdan suw tapdyrsa ynsana,
Neçüýn hyzmat eder özi dek kişä,
Ýa neçüýn gul bolar her bir nadana?
9.
Hiç haçan şeraby gözden salmaryn,
Ýar yşkyndan özge zady bilmerin,
«Alla saňa ynsap bersin» diýýärler,
Berse beribersin, hergiz almaryn.
10.
Gördým meýhanada bir serhoş piri,
Soradym: «Gidenler bolarmy diri?»
Diýdi: «Meý iç, ençe biziň ýalylar
Gidendirler, emma gelmedi biri».
11.
Säher meýhanadan çykdy bir seda.1
Meýhananyň mesi, eý düli-şeýda,2
Tur, ömýr käsämiz dolmazdan owal
Pyýalany meýden dolduran peýda.12.
«Meý içýän» diýp, mese berme gyjalat,
Hile torun gurma, aldawyň bes et,
Sen gabarma «men meý içmeýän» diýip,
Ýüz dürli iş edýäň meýden-de erbet.
13.
Men nädeýin, sen palçygmy ýuurdyä,
Ýüň-ýüpegim baryn özüň egirddiň,
Ýagşy-ýaman herne bizden çyksa-da,
«Ýazgyt» diýip töweregme egirdň.
14.
Sýňk, siňir, damaryä bir bolsa tende,
Bolmagyn durmuşda hiç kime bende,
Boýun egme duşmana, bolsa Rýstem,
Zal, Ýalynma, Hatam4 dek dost bolsa sende.
15.
Biziň depdermizdem, jahan syrlary,
Aýdylsa, ýagdyrlar dürli şerleri,
Halkyň aň-bilimi ýetne bolansoä,
Aýdyp bolmaz ýürekdäki barlary.
16.
Baýram5 gelip, işi düzgüne salar,
Saky meý bermäge ýerinden galar,
Oraza rişmesin, namaz notasyn,
Eşekleň boýnundan sypyryp alar.
17.
Bolandyr bizden öň gije hem gündiz,
Aýlanandyr aýlar, günler durman tiz,
Assa bas gadamyň, ol basan ýeriňBir ýaryň gözünden tozap galan yz.6
18.
Düýn agşam meý gaby urdum bir daşa,
Serhoşdym men şonda, içipdim aşa,
- Men-de, sen ýalydym, sen hem bir zaman
Bolarsyň men kimin – diýdi ol çüýşe.
19.
Diýýärler: «Meretde meý içmek bijaý»,
Rejep aýynyä-da eýesi hudaý,
Bu aýlar resuldyr, taňryňky bolsa,
Oraz aý içeris – biziňki bu aý.
20.
Diýýärler: «Jennet bar, hem onda hüýrler,
Ol ýerde süýji bal, al şerap biýrler»,
Meý içip ýar söýsek rowadyr munda,
«Şeýle hem boljakdyr iş soňy» diýrler.
21.
Diýýärler: «Dowzaha düşjekmiş içýän»,
Ynanma bu söze, bir ýalan beýan,
Mes bilen aşyk hem dowzahy bolsa,
Erte ol jenneti boş galar, aýan.
22.
– Men çemen müsründe Ýusup–diýdi gül, –
Agzym gyzyl-ýakut7, altyndyr edil,
Diýdim: – Ýusup bolsaň, görkez bir nyşan,
Diýdi: – şaýat, ganly köýnegimi bil.
23.
Biz oýunjakdyrys, pelek oýunbaz,Hakykatdyr menden eşdilýän owaz,
Bir-birden gireris ýokluk sandygna,
Durmuşyň küşdünde oýnansoä giraz.
24.
Bilermiň horazlar her daňda-säher,
Gygyryp, zarynlap gör näme diýer:
«Daňyň aýnasynda görüm ömrüäden
Bir gije geçdi seň, galdyň bihabar».
25.
Men kimin aşyklar, belki bu küýze,
Giriftar8 bolandyr bir gözel ýüze,
Bir ýaryň boýnuna dolaşan goldur
Boýnunda görünýän – ol gulpy bize.
26.
Meni getirmekden baý bolmaz pany,
Ýa-da äkitmekden artmaz oň şany,
Eştmedi hiç kimden iki gulagym:
Getirmek – äkitmek neçüýn ynsany?
27.
Ömür kitabyndan açdym bir paly,
Düşündim men ondan şeýle ahwaly:
Örän bagtlydyr, bolsa her kimiň
Uzyn gijeleri, ýary aý ýaly.
28.
Bar, toprak at çarhy-pelek başyna,
Meý içip, gözelleň aýlan daşyna,
Gidenlerden bir hem gaýdyp gelen ýok,
Ýeri däl meýl etmek tagat99 işine.29.
Akmaklyk ýüzünden bu üç-dört baýar
Hemmeden özüni bilimli saýar,
Şat bol, eşeklikden bular özi dek
Eşek bolmadyga dinsiz at goýar.
30.
Gel, eý dost, etmäli ertiriň gamyn,
Ganymat bileli ömrüň her demin,
Ençe öň ölene ýoldaş bolarys,
Söndürse ol ölüm ýaşaýyş şemin.
31.
ajaýyp çalt geçýär ömür kerweni,
gymmat bil, meýlisde geçen her güni.
Eý, saky!11 çekmegin ertiriň gamyn,
Gije geçip barýar, meý uzat, hany!
32.
Eý şäher kazysy, biz senden işli12,
Şeýle meslikde hem sizlerden huşly,
Siz adam ganyny, biz üzüm suwun,
Dogryňy aýt, içmekde haýsymyz güýçli?
33.
Meýiň her damjasy şa tagtyndan ýeg,
Hanlaryň mülkünden hem bagtyndan ýeg,
Daň-säher aşygyň her çeken ahy
Ýalançy sopulaň tagatyndan ýeg.
34.
Sanjylman bir tiken, galman azara,
Ýetmedi dünýäde hiç kim gülzara,
Daraga bak, dilim-dilim bolmazdanHetdi ýokdur ýar zülpüni bezäre.
35.
akyl bilen birjek bolanlar sana,
Haýyp, sagýar olar erkek tana13.
Geý akmaklyk donun, çünki bazarda
Bu gün geçmez aklyň çüýrük samana.
36.
Utanar zamana ol kesden aşa,
Dünýä gamy üçin batsa gözýaşa,
Göter pyýalany, aýdym-saz bilen
Ömür pyýalamyz degmezden daşa.
37.
Meý bilen täret gyl, meý bolan ýerde,
Ýaman ýagşy bolmaz, ýazylgy serde,
Şerap ber, gaýtadan ýamar ýaly däl,
Örän zor ýyrtyldy sopulyk perde.
38.
Diýýärler: «Magşarda bolar, çeke-çek,
Ol mähriban taňry gazaba münjek».
Hiç ýamanlyk çykmaz asly ýagşydan,
Şerap iç, iş soňy haýyrdyr, bişek.
39.
Garşylyk baýdagyn galdyryn erte,
Meý içerin ak sak bilen, ýörite,
Ömrümiň pellesi ýetmişe ýetdi,
Şu dem şatlanmasam, galam hesrete.
40.
Jahanda hakyky mahluk adamzat,Her kimiň pähmine girmez bu aňsat,
Aňlaýyş meýinden bir ýuwdum içseň,
Saýgarsyň mahlugyň haýsy kem, zyýat.
41.
Meýhana meslerden, goý, doly bolsun,
Soýulaň etegi ýansyn, ot alsyn,
Dürli reňkde bolan don bilen selle
Mesleriň aýagnyň astynda galsyn.
42.
Ýokduk suwy bilen tohmum ekdiler,
Ryhumy hem gam oduna ýakdylar.
Dünýäniň daşyna ýel dek pyrlanyp,
Gözlerin topragmy, nirden çekdiler.
43.
Aý, ýyldyz döräli bäri adamzat,
Görmediler meýden gowy hiç bir zat.
Al şeraby satýanlara haýran men,
Satyp näme alar, içgiden zyýat.
44.
Diýýärler: «Oraza geldi ýakyna»,
Meý içmek işimiz düşüpdir kyna,
Merediň15 soňunda şeýle bir içip,
Mes ýataryn tutuş oraz aýyna.
45.
Meý içer – men ýaly, her akly bolan,
Daş düşmez «alladan» içmeklik bilen,
Owaldan bilýärdi taňry içjegmi,
Içmesem, hudaýyň bildigi ýalan.46.
Ömür depderinden bir gün öçerin,
Ölüm heläk eder, mundan göçerin,
Eý, saky! Tur, getir şeraby bäri,
Toz bolup howada erte uçaryn.
47.
Şerap aşyklara deňizde saldyr,
Meý akyl gyzynyň ýüzünde haldyr,
Oraz aý içmedik, geçdi bihuda,
Başram gijesidir, içsek halaldyr.
48.
Eşekdir namazlyk söýýän toparlar,
Ýükleri hiledir, her ýan çaparlar,
Dinsizden beterdir, görnüşi yslam,
Soýulyk perdesin ýüze ýaparlar.
49.
Ýas tutdy zamana, men mundan göçdüm,
Çünki ýüz göwherden bir göwher seçdim.
Haýyp, ýüz-müň inçe manyly sözi
Ilde bilim az diýp, aýtman geçdim.
50.
Gadyrly dost-ýarlar bir-bir öldüler,
Ajalyň elinden gül dek soldular,
Meý bolan meýlisde bile içişip,
Bizden üçdört döwür öň mes boldular.
51.
Şerabyň ýuwdumy deger jahana,
Meý gabyň gapagy barabar jana,
Meýli dodaklary süpüren ýaglykDogrudan, taý geler müň teýlesana.
52.
Bir küýzeçi gördüm düýn bazar güni,
Palçygyň üstünden depýärdi göni.
Bir zaryn ses bilen laý diýdi oňa:
«Men-de sen ýalydym, horlama meni».
53.
Orazadyr, namaz göwnüme ýarap,
Islegim bitdi diýp ýörerdim garap,
Haýyp, ol täreti bir ýel syndyrdy,
Orazamy bozdy bir ýuwdum şerap,
54.
Şerapdan bejerin meniň iýmitim,
Gyzardyň saralan reňkim-petim,
Ölsem, bedenimi meý bilen ýuwup,
Üzüm agajyndan ýasaň tabytym.
55.
Men syrly dünýäden gelen bürgütdim,
Bir orun bolar diýp boş niýet etdim.
Bu ýerde tapmamsoň syryma syrdaş,
Öň giren gapymdan çykdym-da gitdim.
56.
Meslik däbimize ýene başlarys,
Bäş wagt namazy düýpden taşlarys,
Meýiň bar ýerinde küýzäň boýny dek
Boýnumyz hekgerdip, göwün hoşlarys.
57.
Dost tutun sen aňly hem dogry kesden,Müň agaç18 daşda dur gylygy pesden,
Iç, eger bilimli zäher berse-de,
Ýere dök, derman-da ýetse näkesden.
58.
Eý taňry, ol ýaryň jemalyn özüň,
Bezäp-de, diýýärsiň: – Görmesin gözüň,
«Bir doly käsäni gyşart-da, dökme!»
diýene meňzeýär seniň bu sözüň.
59.
Meý haram bolsa-da, içgin hemişe,
Saz bilen içmegi edingin pişe,
Damjasyn damdyrma, düýbüne çen iç,
Düşäýse eliňe bir meýli çüýşe.
60.
Eý, pelek, ne duzy bilýäň ne nany,
Balyk dek dogurýaň çyplak ynsany,
Tikinçiň çarhyndan geýinýär adam,
Senden şol tigiriň artykdyr şany.
61.
Hakykat syrlaryn ne sowal bilen,
Ne-de bilmek bolar mülki-mal bilen,
Gan ýuwudyp, jan çekmeseň elli ýyl,
Tanyş bolmak bolmaz dogry hal bilen.
62.
Getirme başyňa boş hyýal hergiz,
Dolduryp käsäni şerap iç tiz-tiz,
Üzüm gyzy bilen hoş geçir wagtyň,
Halal enesinden ýegdir haram gyz.63.
Jenneti gören ýok, dowzahy bilen,
Kimdir ol jahandan dolanyp gelen?
Birinden howp edip, birin söýeniň
Ikisem hyýaldyr – boş atdyr, ýalan.
64.
Yşkynda çeker men dürli melamat,
Synyrsam ähdimi, bolar garamat,
Ömrüm çydam etse jepalaryňa,
Tap getirin, tä bolýança kyýamat.
65.
Meýhana meslerne baş serkerde men,
Boş sözler sebäpli galan derde men,
Ýürek gany bilen mynajat edip,
Şeraba ýalbarýan gijelerde men.
66.
Jemşit jamyn gözläp jahany sökdük,
Gije-gündiz ýatman dünýäni dökdük,
Bildik jam waspyny söýlände ussat:
Ol özümiz eken – nähak jan çekdik.
67.
Geldim men dolanyp meçjide ine,
Dogrusy, namaz diýp gelmedim ýöne,
Ogurlapdym ozal bir namazlygy,
Ol indi köneldi, geldim men ýene.
68.
Eger agzym açyk bolsa oraz aý,
– Bilgeşlin iýýär – diýp, şek etme bijaý,
Gündizim gije dek garaldyp roza,Selälik iýýän – dipp etmezdim men oý.
69.
Meýhana gidemde her gün, her säher,
Mesler bilen oturamda her sapar,
Ähli gizlin syrlar eliňde bolsa,
Biz tagat edeli, özüň ynsap ber.
70.
Niçesar söger sen, eý sopy, eý ham,
Wagtymyz hoş meýhanada elmydam.
Sen ýektaýyň, tesbiň, hiläň gamynda,
Biz bolsak ýar bilen göterýäris jam.
71.
Dünýäden gorkýa diýp pikr etme bijaý,
Ölümden gorkym ýok, ondan göwnüm jaý,
Ölmek hakykatdyr, men ondan gorkman,
Güzeran pes bolsa, şol günüme waý!
72.
Eger-de uzatsam zülpüňe elim,
Çyn aşyk bolmasam, kesilsin dilim,
Zülpünde görüp men däli göwnümi,
Öz ýesir göwnüme uzatdym golum.
73.
Meý içip, göwnümiz gel, şat edeliň,
Gelerden-geçerden kem ýat edeliň,
Gam laýyna batan bu ýesir göwni
Akyl duzagyndan azat edeliň.
74.
Gülüň möwsümidir, baga gideliň,Şerigata garşy bir iş edeliň,
Gül ýaňakly ýarlar bilen şerapdan
Göklügi gülzara öwrüp gaýdalyň.
75.
Eýe bolmak gowy bir ýagşy ada,
Pelekden zeýrenmek ardyr zürýada,
Şerabyň ysyndan meýmiräp ýatmak,
Soýy kimin gabarmakdan zyýada.
76.
Kimler din pikirinde, eger etseň syn,
Kimlere dogryny saýgarmaklyk kyn,
«Eý, gapyllar! » diýip, gygyrýar jarçy:
Ne iman hakykat, ne mezhep, ne din.
77.
Başarsaň rendleriň21 hyzmatynda bol,
Namaz-orazany hem kökünden ýol,
Sözüň dogrusyny eşit Haýýamdan,
Ýol urma, yhsan22 et, iç şerapdan, gel!
78.
Eý, gözel dilberim, gulak sal söze,
Göter, jam-küýzäni, çyk göklük düze,
Bu pelek ençeme ýarlaň bedenin
Ýüz gezek jam etdi – ýüz gezek küýze.
79.
Eý, dirilik suwy, lebinde pynhan,
Goýma, dodaklarňy öpsün stakan.
Dodagyň öpere kim bolupdyr ol!
Ganyny içmesem, däldirin ynsan.80.
Ýakut dodak ol dilaram23 nirede?
Janymyň rahaty meý, jam nirede?
Diýýärler: «Haramdyr yslamda», emma
Içiber, gam çekme, yslam nirede?
81.
Eý, meni ýaradan seniň gudratyň,
Ekledi bigüman näzi – nygmatyň,
Synag üçin ýüz ýyl garşyňa gitjek,
Meniň günäm köpmi – ýa seň rehnetiň.
82.
Meni bir gün ýatan sermes görersiň,
Aýagňa ýykylan bir pes görersiň,
Elimden jam gaçyp, başymdan selle,
Zülpe sejde eden – bir kes görersiň.
83.
Söýgülim, haýsy el ýaratdy seni?
Görküň utandyrdy aý şöhlesini,
Gözeller baýram diýp ýüzün bezese,
Sen ýüzüň husnundan bezeýäň ony.
84.
Soýulyk ylmyndan gaçan ýagşydyr,
Bir ýaryň bilini guçan ýagşydyr,
Dünýä ganymyzy içmezden ozal,
Üzümiň ganyny içen ýagşydyr.
85.
Meçjitden, namazdan söz açma bize,
Mes bol meýhanada, uýma boş söze,
Şerap iç, eý Haýýam, erte gumuňdanKäte jam ýasarlar, käte hem küýze.
86.
Ýazypdyr maňlaýma meý-meslik kärin,
Neçüýn ýagdyrarlar melamat baryn?
Käşki mes etsedi her bir haram zat,
Men sag görmesedim dünýäde birin.
87.
Seniň erkiňdedir öli hem diri,
Hem sensiň dagynyk pelegiň piri,
Men erbet bolsam-da, sen meniň eýäm,
Ýaradan sen özüň – kimiň tagsyry?
88.
Soýy bir jelebe diýdi: - Humarmyň?
Her dem bir duzaga düşen biarmyň?
Diýdi: «Sözleriň hak, eý sopy, weli,
Daşky görnüşiňçe seň özüň barmyň?
89.
Meslere käýinme, pendimi alsaň,
Ýagşylar ýanyndan kowulma, bilseň,
Şeraby içeniň-içmäniň bilen
Behişde barmarsyň – dowzahy bolsaň.
90.
At-abraý gazanmagy oslasaň,
Söýülmegi ýüregiňe besleseň,
Jöhit, tersa, mümünleriň yzyndan
Gybat etme, bir ýagşy at isleseň.
91.
Dup-dury, päkize eý bada, seni,Şeýle bir içerin, bolmasyn çeni,
«Nireden gelýärsiň, eý şerap aga?»
Diýip gygyrsynlar görenler meni.
92.
Diýýärler: «Meý içme, düşersiň derde,
Ot bolup ýanarsyň hasabat ýerde»,
Şeýle weli, iki älemden ýegdir;
Huş bolmadyk wagty bu humar serde.
93.
Bulguryň lebine leb goýup birden,
Köp ýaşamak ýolun sordum bulgurdan,
Dodak dodakdaka diýdi ol gizlin:
«Içiber, gelmek ýok – gitseň bu ýerden».
94.
Dünýäde ýokary ylym alanlar,
Yşyk dek dostlarna şöhle salanlar,
Bu gara gijeden çykalga tapman,
Ahyr ukadylar ýaňrap ýalanlar.
95.
Aassa meýdedir göwnüm hemişe,
Maňa saz diňlemek bolupdyr pişe,
Gumumdan çüýşäni bejerse ussa,
Mydam meýden doly bolar ol çüýşe.
96.
Arman, bu ömrümiz geçdi biderek,
Ajalyň elinden gandyr köp ýürek,
Geçenleň halyny soraýyn diýsem,
Gidenlerden ne nyşan bar, ne derek.97.
Küýze ussalary laý eden güni,
Oýlanşyp bir pikir etsinler muny,
Haçana çen basalarlar depeläp,
Beden topragydyr, oýlamaz ony.
98.
Mydam meslik bolsun aşyklaň käri,
Ýa perşan-diwana, bolmasyn ary,
Saglykda her zadyň edýäs gamyny,
Meslikde ne bolsa – bize bir bary.
99.
Ertir ne boljagny bilmez adamzat,
Başarsaň eýlegin däli köňli şat,
Aýyň ýagtysyna meý iç, eý aýym,
Soň bizi tapmaz ol, nur salyp zyýat.
100.
Meýhanada bizdirs saz bilen içen,
Meýe girew goýup, bar zatdan geçen,
Rehmiňden tamam ýok, jebriňden gorkym,
Dini toslamadan bizdiris gaçan.
1.
Adamzatdyr ähli mahlugyň başy,
Zyýadadyr onuň akyly-huşy,
Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa, -
Ynsandyr – bezegi, zynaty, gaşy.
2.
Geliň, meýhanada durup geçeliň,
Meý urup, bir meýlis gurup geçeliň.
Gurhany, selläni meýe çalyşyp,
Meçjide omzumyz urup geçeliň.
3.
Meý içen wagtynda aklyň ýititme,
Huşuňy ýitirip, samrap oturma.
Isleseň şerabyň halal bolmagyn,
Däliräp, ynsana azar ýetirme.
4.
Menden Muhammede ýetiriň salam,
Hormat bilen soňra aýdyň bir kelam:
- Turşy çaly halal edip şerigat,
Neçüýn gyzyl meýi edipdir haram?
5.
Meniň tarapymdan Haýýama salam,
Soňra aýdyň: «Ham ekeniň eý, Haýýam,
Men haçan aýytdym meý haram diýip?
Akylla halaldyr, akmaga haram».
6.
Aň-bilim ugrunda söý akyl-huşy,Söýme, bet kişini, ger tapsaň ýagşy,
Ilhalka özýňi söýdýrjek bolsaň,
Hoş gylyk bol, bolma ulumsy kişi.
7.
Dýnýäniň eşteri meý bilen sazdyr,
Ýene bir ýagşy zat oňat owazdyr,
Her näçe seretseň dýnýäň işine,
Ýamanlyk bir gyşdyr, ýagşylyk ýazdyr.
8.
Her kim iki günde ýetse bir nana,
Döwýk gapdan suw tapdyrsa ynsana,
Neçüýn hyzmat eder özi dek kişä,
Ýa neçüýn gul bolar her bir nadana?
9.
Hiç haçan şeraby gözden salmaryn,
Ýar yşkyndan özge zady bilmerin,
«Alla saňa ynsap bersin» diýýärler,
Berse beribersin, hergiz almaryn.
10.
Gördým meýhanada bir serhoş piri,
Soradym: «Gidenler bolarmy diri?»
Diýdi: «Meý iç, ençe biziň ýalylar
Gidendirler, emma gelmedi biri».
11.
Säher meýhanadan çykdy bir seda.1
Meýhananyň mesi, eý düli-şeýda,2
Tur, ömýr käsämiz dolmazdan owal
Pyýalany meýden dolduran peýda.12.
«Meý içýän» diýp, mese berme gyjalat,
Hile torun gurma, aldawyň bes et,
Sen gabarma «men meý içmeýän» diýip,
Ýüz dürli iş edýäň meýden-de erbet.
13.
Men nädeýin, sen palçygmy ýuurdyä,
Ýüň-ýüpegim baryn özüň egirddiň,
Ýagşy-ýaman herne bizden çyksa-da,
«Ýazgyt» diýip töweregme egirdň.
14.
Sýňk, siňir, damaryä bir bolsa tende,
Bolmagyn durmuşda hiç kime bende,
Boýun egme duşmana, bolsa Rýstem,
Zal, Ýalynma, Hatam4 dek dost bolsa sende.
15.
Biziň depdermizdem, jahan syrlary,
Aýdylsa, ýagdyrlar dürli şerleri,
Halkyň aň-bilimi ýetne bolansoä,
Aýdyp bolmaz ýürekdäki barlary.
16.
Baýram5 gelip, işi düzgüne salar,
Saky meý bermäge ýerinden galar,
Oraza rişmesin, namaz notasyn,
Eşekleň boýnundan sypyryp alar.
17.
Bolandyr bizden öň gije hem gündiz,
Aýlanandyr aýlar, günler durman tiz,
Assa bas gadamyň, ol basan ýeriňBir ýaryň gözünden tozap galan yz.6
18.
Düýn agşam meý gaby urdum bir daşa,
Serhoşdym men şonda, içipdim aşa,
- Men-de, sen ýalydym, sen hem bir zaman
Bolarsyň men kimin – diýdi ol çüýşe.
19.
Diýýärler: «Meretde meý içmek bijaý»,
Rejep aýynyä-da eýesi hudaý,
Bu aýlar resuldyr, taňryňky bolsa,
Oraz aý içeris – biziňki bu aý.
20.
Diýýärler: «Jennet bar, hem onda hüýrler,
Ol ýerde süýji bal, al şerap biýrler»,
Meý içip ýar söýsek rowadyr munda,
«Şeýle hem boljakdyr iş soňy» diýrler.
21.
Diýýärler: «Dowzaha düşjekmiş içýän»,
Ynanma bu söze, bir ýalan beýan,
Mes bilen aşyk hem dowzahy bolsa,
Erte ol jenneti boş galar, aýan.
22.
– Men çemen müsründe Ýusup–diýdi gül, –
Agzym gyzyl-ýakut7, altyndyr edil,
Diýdim: – Ýusup bolsaň, görkez bir nyşan,
Diýdi: – şaýat, ganly köýnegimi bil.
23.
Biz oýunjakdyrys, pelek oýunbaz,Hakykatdyr menden eşdilýän owaz,
Bir-birden gireris ýokluk sandygna,
Durmuşyň küşdünde oýnansoä giraz.
24.
Bilermiň horazlar her daňda-säher,
Gygyryp, zarynlap gör näme diýer:
«Daňyň aýnasynda görüm ömrüäden
Bir gije geçdi seň, galdyň bihabar».
25.
Men kimin aşyklar, belki bu küýze,
Giriftar8 bolandyr bir gözel ýüze,
Bir ýaryň boýnuna dolaşan goldur
Boýnunda görünýän – ol gulpy bize.
26.
Meni getirmekden baý bolmaz pany,
Ýa-da äkitmekden artmaz oň şany,
Eştmedi hiç kimden iki gulagym:
Getirmek – äkitmek neçüýn ynsany?
27.
Ömür kitabyndan açdym bir paly,
Düşündim men ondan şeýle ahwaly:
Örän bagtlydyr, bolsa her kimiň
Uzyn gijeleri, ýary aý ýaly.
28.
Bar, toprak at çarhy-pelek başyna,
Meý içip, gözelleň aýlan daşyna,
Gidenlerden bir hem gaýdyp gelen ýok,
Ýeri däl meýl etmek tagat99 işine.29.
Akmaklyk ýüzünden bu üç-dört baýar
Hemmeden özüni bilimli saýar,
Şat bol, eşeklikden bular özi dek
Eşek bolmadyga dinsiz at goýar.
30.
Gel, eý dost, etmäli ertiriň gamyn,
Ganymat bileli ömrüň her demin,
Ençe öň ölene ýoldaş bolarys,
Söndürse ol ölüm ýaşaýyş şemin.
31.
ajaýyp çalt geçýär ömür kerweni,
gymmat bil, meýlisde geçen her güni.
Eý, saky!11 çekmegin ertiriň gamyn,
Gije geçip barýar, meý uzat, hany!
32.
Eý şäher kazysy, biz senden işli12,
Şeýle meslikde hem sizlerden huşly,
Siz adam ganyny, biz üzüm suwun,
Dogryňy aýt, içmekde haýsymyz güýçli?
33.
Meýiň her damjasy şa tagtyndan ýeg,
Hanlaryň mülkünden hem bagtyndan ýeg,
Daň-säher aşygyň her çeken ahy
Ýalançy sopulaň tagatyndan ýeg.
34.
Sanjylman bir tiken, galman azara,
Ýetmedi dünýäde hiç kim gülzara,
Daraga bak, dilim-dilim bolmazdanHetdi ýokdur ýar zülpüni bezäre.
35.
akyl bilen birjek bolanlar sana,
Haýyp, sagýar olar erkek tana13.
Geý akmaklyk donun, çünki bazarda
Bu gün geçmez aklyň çüýrük samana.
36.
Utanar zamana ol kesden aşa,
Dünýä gamy üçin batsa gözýaşa,
Göter pyýalany, aýdym-saz bilen
Ömür pyýalamyz degmezden daşa.
37.
Meý bilen täret gyl, meý bolan ýerde,
Ýaman ýagşy bolmaz, ýazylgy serde,
Şerap ber, gaýtadan ýamar ýaly däl,
Örän zor ýyrtyldy sopulyk perde.
38.
Diýýärler: «Magşarda bolar, çeke-çek,
Ol mähriban taňry gazaba münjek».
Hiç ýamanlyk çykmaz asly ýagşydan,
Şerap iç, iş soňy haýyrdyr, bişek.
39.
Garşylyk baýdagyn galdyryn erte,
Meý içerin ak sak bilen, ýörite,
Ömrümiň pellesi ýetmişe ýetdi,
Şu dem şatlanmasam, galam hesrete.
40.
Jahanda hakyky mahluk adamzat,Her kimiň pähmine girmez bu aňsat,
Aňlaýyş meýinden bir ýuwdum içseň,
Saýgarsyň mahlugyň haýsy kem, zyýat.
41.
Meýhana meslerden, goý, doly bolsun,
Soýulaň etegi ýansyn, ot alsyn,
Dürli reňkde bolan don bilen selle
Mesleriň aýagnyň astynda galsyn.
42.
Ýokduk suwy bilen tohmum ekdiler,
Ryhumy hem gam oduna ýakdylar.
Dünýäniň daşyna ýel dek pyrlanyp,
Gözlerin topragmy, nirden çekdiler.
43.
Aý, ýyldyz döräli bäri adamzat,
Görmediler meýden gowy hiç bir zat.
Al şeraby satýanlara haýran men,
Satyp näme alar, içgiden zyýat.
44.
Diýýärler: «Oraza geldi ýakyna»,
Meý içmek işimiz düşüpdir kyna,
Merediň15 soňunda şeýle bir içip,
Mes ýataryn tutuş oraz aýyna.
45.
Meý içer – men ýaly, her akly bolan,
Daş düşmez «alladan» içmeklik bilen,
Owaldan bilýärdi taňry içjegmi,
Içmesem, hudaýyň bildigi ýalan.46.
Ömür depderinden bir gün öçerin,
Ölüm heläk eder, mundan göçerin,
Eý, saky! Tur, getir şeraby bäri,
Toz bolup howada erte uçaryn.
47.
Şerap aşyklara deňizde saldyr,
Meý akyl gyzynyň ýüzünde haldyr,
Oraz aý içmedik, geçdi bihuda,
Başram gijesidir, içsek halaldyr.
48.
Eşekdir namazlyk söýýän toparlar,
Ýükleri hiledir, her ýan çaparlar,
Dinsizden beterdir, görnüşi yslam,
Soýulyk perdesin ýüze ýaparlar.
49.
Ýas tutdy zamana, men mundan göçdüm,
Çünki ýüz göwherden bir göwher seçdim.
Haýyp, ýüz-müň inçe manyly sözi
Ilde bilim az diýp, aýtman geçdim.
50.
Gadyrly dost-ýarlar bir-bir öldüler,
Ajalyň elinden gül dek soldular,
Meý bolan meýlisde bile içişip,
Bizden üçdört döwür öň mes boldular.
51.
Şerabyň ýuwdumy deger jahana,
Meý gabyň gapagy barabar jana,
Meýli dodaklary süpüren ýaglykDogrudan, taý geler müň teýlesana.
52.
Bir küýzeçi gördüm düýn bazar güni,
Palçygyň üstünden depýärdi göni.
Bir zaryn ses bilen laý diýdi oňa:
«Men-de sen ýalydym, horlama meni».
53.
Orazadyr, namaz göwnüme ýarap,
Islegim bitdi diýp ýörerdim garap,
Haýyp, ol täreti bir ýel syndyrdy,
Orazamy bozdy bir ýuwdum şerap,
54.
Şerapdan bejerin meniň iýmitim,
Gyzardyň saralan reňkim-petim,
Ölsem, bedenimi meý bilen ýuwup,
Üzüm agajyndan ýasaň tabytym.
55.
Men syrly dünýäden gelen bürgütdim,
Bir orun bolar diýp boş niýet etdim.
Bu ýerde tapmamsoň syryma syrdaş,
Öň giren gapymdan çykdym-da gitdim.
56.
Meslik däbimize ýene başlarys,
Bäş wagt namazy düýpden taşlarys,
Meýiň bar ýerinde küýzäň boýny dek
Boýnumyz hekgerdip, göwün hoşlarys.
57.
Dost tutun sen aňly hem dogry kesden,Müň agaç18 daşda dur gylygy pesden,
Iç, eger bilimli zäher berse-de,
Ýere dök, derman-da ýetse näkesden.
58.
Eý taňry, ol ýaryň jemalyn özüň,
Bezäp-de, diýýärsiň: – Görmesin gözüň,
«Bir doly käsäni gyşart-da, dökme!»
diýene meňzeýär seniň bu sözüň.
59.
Meý haram bolsa-da, içgin hemişe,
Saz bilen içmegi edingin pişe,
Damjasyn damdyrma, düýbüne çen iç,
Düşäýse eliňe bir meýli çüýşe.
60.
Eý, pelek, ne duzy bilýäň ne nany,
Balyk dek dogurýaň çyplak ynsany,
Tikinçiň çarhyndan geýinýär adam,
Senden şol tigiriň artykdyr şany.
61.
Hakykat syrlaryn ne sowal bilen,
Ne-de bilmek bolar mülki-mal bilen,
Gan ýuwudyp, jan çekmeseň elli ýyl,
Tanyş bolmak bolmaz dogry hal bilen.
62.
Getirme başyňa boş hyýal hergiz,
Dolduryp käsäni şerap iç tiz-tiz,
Üzüm gyzy bilen hoş geçir wagtyň,
Halal enesinden ýegdir haram gyz.63.
Jenneti gören ýok, dowzahy bilen,
Kimdir ol jahandan dolanyp gelen?
Birinden howp edip, birin söýeniň
Ikisem hyýaldyr – boş atdyr, ýalan.
64.
Yşkynda çeker men dürli melamat,
Synyrsam ähdimi, bolar garamat,
Ömrüm çydam etse jepalaryňa,
Tap getirin, tä bolýança kyýamat.
65.
Meýhana meslerne baş serkerde men,
Boş sözler sebäpli galan derde men,
Ýürek gany bilen mynajat edip,
Şeraba ýalbarýan gijelerde men.
66.
Jemşit jamyn gözläp jahany sökdük,
Gije-gündiz ýatman dünýäni dökdük,
Bildik jam waspyny söýlände ussat:
Ol özümiz eken – nähak jan çekdik.
67.
Geldim men dolanyp meçjide ine,
Dogrusy, namaz diýp gelmedim ýöne,
Ogurlapdym ozal bir namazlygy,
Ol indi köneldi, geldim men ýene.
68.
Eger agzym açyk bolsa oraz aý,
– Bilgeşlin iýýär – diýp, şek etme bijaý,
Gündizim gije dek garaldyp roza,Selälik iýýän – dipp etmezdim men oý.
69.
Meýhana gidemde her gün, her säher,
Mesler bilen oturamda her sapar,
Ähli gizlin syrlar eliňde bolsa,
Biz tagat edeli, özüň ynsap ber.
70.
Niçesar söger sen, eý sopy, eý ham,
Wagtymyz hoş meýhanada elmydam.
Sen ýektaýyň, tesbiň, hiläň gamynda,
Biz bolsak ýar bilen göterýäris jam.
71.
Dünýäden gorkýa diýp pikr etme bijaý,
Ölümden gorkym ýok, ondan göwnüm jaý,
Ölmek hakykatdyr, men ondan gorkman,
Güzeran pes bolsa, şol günüme waý!
72.
Eger-de uzatsam zülpüňe elim,
Çyn aşyk bolmasam, kesilsin dilim,
Zülpünde görüp men däli göwnümi,
Öz ýesir göwnüme uzatdym golum.
73.
Meý içip, göwnümiz gel, şat edeliň,
Gelerden-geçerden kem ýat edeliň,
Gam laýyna batan bu ýesir göwni
Akyl duzagyndan azat edeliň.
74.
Gülüň möwsümidir, baga gideliň,Şerigata garşy bir iş edeliň,
Gül ýaňakly ýarlar bilen şerapdan
Göklügi gülzara öwrüp gaýdalyň.
75.
Eýe bolmak gowy bir ýagşy ada,
Pelekden zeýrenmek ardyr zürýada,
Şerabyň ysyndan meýmiräp ýatmak,
Soýy kimin gabarmakdan zyýada.
76.
Kimler din pikirinde, eger etseň syn,
Kimlere dogryny saýgarmaklyk kyn,
«Eý, gapyllar! » diýip, gygyrýar jarçy:
Ne iman hakykat, ne mezhep, ne din.
77.
Başarsaň rendleriň21 hyzmatynda bol,
Namaz-orazany hem kökünden ýol,
Sözüň dogrusyny eşit Haýýamdan,
Ýol urma, yhsan22 et, iç şerapdan, gel!
78.
Eý, gözel dilberim, gulak sal söze,
Göter, jam-küýzäni, çyk göklük düze,
Bu pelek ençeme ýarlaň bedenin
Ýüz gezek jam etdi – ýüz gezek küýze.
79.
Eý, dirilik suwy, lebinde pynhan,
Goýma, dodaklarňy öpsün stakan.
Dodagyň öpere kim bolupdyr ol!
Ganyny içmesem, däldirin ynsan.80.
Ýakut dodak ol dilaram23 nirede?
Janymyň rahaty meý, jam nirede?
Diýýärler: «Haramdyr yslamda», emma
Içiber, gam çekme, yslam nirede?
81.
Eý, meni ýaradan seniň gudratyň,
Ekledi bigüman näzi – nygmatyň,
Synag üçin ýüz ýyl garşyňa gitjek,
Meniň günäm köpmi – ýa seň rehnetiň.
82.
Meni bir gün ýatan sermes görersiň,
Aýagňa ýykylan bir pes görersiň,
Elimden jam gaçyp, başymdan selle,
Zülpe sejde eden – bir kes görersiň.
83.
Söýgülim, haýsy el ýaratdy seni?
Görküň utandyrdy aý şöhlesini,
Gözeller baýram diýp ýüzün bezese,
Sen ýüzüň husnundan bezeýäň ony.
84.
Soýulyk ylmyndan gaçan ýagşydyr,
Bir ýaryň bilini guçan ýagşydyr,
Dünýä ganymyzy içmezden ozal,
Üzümiň ganyny içen ýagşydyr.
85.
Meçjitden, namazdan söz açma bize,
Mes bol meýhanada, uýma boş söze,
Şerap iç, eý Haýýam, erte gumuňdanKäte jam ýasarlar, käte hem küýze.
86.
Ýazypdyr maňlaýma meý-meslik kärin,
Neçüýn ýagdyrarlar melamat baryn?
Käşki mes etsedi her bir haram zat,
Men sag görmesedim dünýäde birin.
87.
Seniň erkiňdedir öli hem diri,
Hem sensiň dagynyk pelegiň piri,
Men erbet bolsam-da, sen meniň eýäm,
Ýaradan sen özüň – kimiň tagsyry?
88.
Soýy bir jelebe diýdi: - Humarmyň?
Her dem bir duzaga düşen biarmyň?
Diýdi: «Sözleriň hak, eý sopy, weli,
Daşky görnüşiňçe seň özüň barmyň?
89.
Meslere käýinme, pendimi alsaň,
Ýagşylar ýanyndan kowulma, bilseň,
Şeraby içeniň-içmäniň bilen
Behişde barmarsyň – dowzahy bolsaň.
90.
At-abraý gazanmagy oslasaň,
Söýülmegi ýüregiňe besleseň,
Jöhit, tersa, mümünleriň yzyndan
Gybat etme, bir ýagşy at isleseň.
91.
Dup-dury, päkize eý bada, seni,Şeýle bir içerin, bolmasyn çeni,
«Nireden gelýärsiň, eý şerap aga?»
Diýip gygyrsynlar görenler meni.
92.
Diýýärler: «Meý içme, düşersiň derde,
Ot bolup ýanarsyň hasabat ýerde»,
Şeýle weli, iki älemden ýegdir;
Huş bolmadyk wagty bu humar serde.
93.
Bulguryň lebine leb goýup birden,
Köp ýaşamak ýolun sordum bulgurdan,
Dodak dodakdaka diýdi ol gizlin:
«Içiber, gelmek ýok – gitseň bu ýerden».
94.
Dünýäde ýokary ylym alanlar,
Yşyk dek dostlarna şöhle salanlar,
Bu gara gijeden çykalga tapman,
Ahyr ukadylar ýaňrap ýalanlar.
95.
Aassa meýdedir göwnüm hemişe,
Maňa saz diňlemek bolupdyr pişe,
Gumumdan çüýşäni bejerse ussa,
Mydam meýden doly bolar ol çüýşe.
96.
Arman, bu ömrümiz geçdi biderek,
Ajalyň elinden gandyr köp ýürek,
Geçenleň halyny soraýyn diýsem,
Gidenlerden ne nyşan bar, ne derek.97.
Küýze ussalary laý eden güni,
Oýlanşyp bir pikir etsinler muny,
Haçana çen basalarlar depeläp,
Beden topragydyr, oýlamaz ony.
98.
Mydam meslik bolsun aşyklaň käri,
Ýa perşan-diwana, bolmasyn ary,
Saglykda her zadyň edýäs gamyny,
Meslikde ne bolsa – bize bir bary.
99.
Ertir ne boljagny bilmez adamzat,
Başarsaň eýlegin däli köňli şat,
Aýyň ýagtysyna meý iç, eý aýym,
Soň bizi tapmaz ol, nur salyp zyýat.
100.
Meýhanada bizdirs saz bilen içen,
Meýe girew goýup, bar zatdan geçen,
Rehmiňden tamam ýok, jebriňden gorkym,
Dini toslamadan bizdiris gaçan.
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.