Dinde zorluk yokdur

Yslam dini in ahlakly we in pak dinlerin biridir. Bu diydigim beyleki dinleri ahlaksyz diydigim dal. Buddizm Hristian Musulman hemme dinlerdede dine yagshylyklary undeyaler. Buddizm dininde dasha chokunsalaram Huday diyip Indiyski kinolarynda hemishe yagshy adam yamandan ustun chykyandyr. Ya bolmasa Hristian dinine uyyan Hollywood kinolaram dine yagshy adamlar yenish gazanyandyr. Dinin erbedi yokdur we hic hili kanunlaryndada erbetlik yokdur. Dine dini ulanyp maska geyyan dinini soyyan yaly bolyandyrlar. Aslynda bularyn niyeti Dinlerini erbet gorkezmekdir. Amine gyzy olduren adamlar hem Yslamy yigrendirmek maksadynda edildi. Mundan on gezmedimi Hijapsyz gyzlary. Nace millionly adamly yurtda dine Amine dal hijabyny dogry dakmadyk. Yone ol gyzymyz bir zalymyn gurbany boldy. Barde maksat Hijaby dogry dakynyn diymek dalde Yslam dinini yigrenji gorkezmek adamlara. Yslam dininde zorluk yokdur. Onsonam olar shayylar. Shayylaryn bir sozi bar "Jebrayyl a.s yalnyshyp Muhammede Pygamberlik beripdir. Aslynda ol HZ Ala berilmelidi" Diyjegim Shayylarda yalnyshmasam Jynaza namazynda dine oz shayylaryny duryalar. Awtobusda ya kopchulikde yalnyshyp bir ayala degsen taretin bozulya. Ogurlyk etsen elin kesilya. Arak icsen jeza bar. Zyna bilen tutulsan olum jeza yaly Yslam dinine hic hili baglanshygy bolmadyk kanunlary bar. Amine yaly gyz gunde nacesi zorlanyp oldurilyar. Dine Yslam dininde dal beyleki dinlerin adamlaryndada bar. Hindistanda birki gunlikde bir habar okadym. Bir obasynda 15 yashly iki sany gyzy zorlap her hili edip sonundanam agacdan asyp oz ozuni asan yaly edip olduripdirler. Barde olaryn dini gunakar dal shol ishi edyan adamlar gunakar. Shayylar bn sunnilerin arasyndaky tapawut olaryn Yslamy hersi oz yoly boyuncha yoreyishleri. Shayylar bn Yslamyn anyrsy bir barybir diyyanler ucin bolsa bizin anrymyzyn barymyz bir Adam atadan gaydan. Onun ogly Kabylam Abyly olduren. Biz sho ganhoryn nesilleri. Goruplik edip oz jigsini olduren adamyn nesilleri biz. Yok men maymyndan doredim Adam ataly erteka ynanamok diysenem tokayda ot iyip yoren haywanyn nesilleri onda biz.

Bir adamy oldurmekde guna adamyn ozunde onun dininde dal. Men barde Yslamyn arkasyny almak ucin acmadym. Hemme dinlere hormatym uly.
6 лайков 349 просмотров
19комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yusup
Автор 23 сен 2022, 21:22
Eyranyn Demikratiya gecmek wagty geldi. Bir dowleti hic hacanam Dinin kanunlary bilen yoredip bolmaz.
Yusup
Автор 23 сен 2022, 21:26
Bir gyzyn Yslam kanunlary ucin oldurilmeginde Yslamy gunakarleyan bolsanyz men okayan we goryan nowostilerimi tema edip acsam sahypa dine menin temalarym bolar. Dine Yslam dal Hristianlaryn in ulusy Watikan Papasy gecen yyl bir chykyshynda "Koronowirus aslynda ayal" ya bolmasa bir ayal elini uzadanda "Sen wirussyn" diyip elini uzatmazlygy onun Hristian dini erbet dalde onun ozunin adamkarciliksizkigini gorkezya
Yusup
Автор 23 сен 2022, 21:34
Mumkin gurnalan bolmagam mumkin. Yurdy Demikratiya gecirmek maksady bilen. Yone Arap yurtlarynyn kopusine we pars dowletlerin kopusine wagt geldi Demikratiya gecmek
Yusup
Автор 23 сен 2022, 21:35
*Demokratiya
Alfonse
23 сен 2022, 22:05
Ýenede dinini bilmeýän biri ýöne näme bolsada hoşniýetli mowzuk. Yslam bilen baglanşygy ýok diýen kanunlaryň (el kesmek, daşlap öldürmek, şerap gadaganlygy) hemmesi dinde bar. Eger bulary inkär etseň yslamy inkär etdigiň bolar. Eger musulman bolsaň diýenleriňden toba etmeli. We hristian biri din üçin adam öldüreni bn muny yslamyň beýle däldigini görkezmek ün ulanmak ýalňyş, netijede yslamda bu zatlar örän köp. We hijab dakynmak hem dinde bar. Ýagny ýalňyş tanatmaýarlar, "et" diýilen zatlary ýerine ýetirýärler. Ýöne dinleriň jemgyýetçilik üçin yzda galandygyny aňşyryp bilipsiň şoňada şükür. Adamlar ibaly bolsa beýle betbagtçylyklar döremezdi.
Yusup
Автор 23 сен 2022, 22:28
Narcissus,

Kuranda bir ayat bar "Ogrulyk edeninin elini kes" diyip aslynda barde elini ogurlykdan kesmek manyny berya. Goni manyda dushunmeli dal. Ine shayylar bn bizin tapawudymyz. Nisa suresinde bolsa "Ayallarynyzyn bashyny ortun" diyyar. Barde zorluk bilen ortun diyenok. Ya bolmasa oldurin diyenok. Yene bir ayat bar "Oz dininize buysanyp hakykatdan dasha gitman" diyip. Bizin bilyan zadymyz zerre yaly. Onam doly dal. Men dinin gowydygyny bilyan dine we shol dinler bn jemgyyeti dolandyryp bolmayanyny bilyan
Öwreniji
23 сен 2022, 22:34
Dini öñe sürmek adamkärçiligi, ahlaklylygy öñe sürýär. Ýöne hemme adam bir pikirde bolanok. Her kimiñ öz düşünjesi bar, şerigatda näme getirseler şol hökmany ýaly kabul edýäler, Adamyñ näçe akyly ylymy ösdügiçe şonçada garşylyk köp bolýar, din ösdügiçe onuñ garşysyna bir hile ulanýarlar. Bu adam döräli bäri bäsdeşlik bar. Ýeke dini meselede däl baßga zatlardada şeýle, öñem bir galtaman adam öldürenligi üçin tutulýar we ondan ölüm jezasy berilmezden öñ soñky sözüni aýt diýenlerinde "meniñ gaharymy getirmedik bolsa atmazdym diýýär" dindede şeýle kanuna boýun bolmadygyny unudyp, öz günäsini aklaýan kän ýa-da dini bahanalap, özleri üçin bähbit gözleýän bar. Beýle adamlary düýbinden ýok edip gutaryp bolmaýar, Belladdin ölse terorizmiñ soñuna çykjakdylar, edil şonuñ ýaly bahana kän. Käbiri dini ýarag üçin ulanýar, käsi galkan edinýär. Barybir ikisiniñem maksady bir. Esasy haýsy din bolsada kalbyñy päkläp dogry ýola düşmek we görelde bolmak. Özüñe hormat goýmaly dine hormat goýmaly ähli şerigatda görkezilen zady edip ýörmekligem aşa gödeklik diýip düşünýän.
Massimus
23 сен 2022, 22:59
Ine bu temaňy haladym. Pikirleriň ýalňyşam bolsa pikirlenişiň gowy
Alfonse
23 сен 2022, 23:35
Remezan,
Oňat düşünýäň, şu ýerdäki dini zaýalaýan mollasumaklarada akyl geläýse ýagşy.
Şamuhammet
23 сен 2022, 23:45
Narcissus,

Edil hemme düzgünleri göz-görtele edip mahabatlandyrýan Eýranyň Şaýylary!
Näme üçin Eýrandaky Arfanabat türkmenlerinden çykanok şolar ýaly düzgünler. Öň Eýrandaky Ahunlaryň biri wagyz edipdi, ''Gyzlar ýeňsiz köýnekde, kellelerine ýaglyk atylan görnüşde öwülýalara zyýarat etmäge gelýärler'' zat diýýärdi. Şol ahun we şol jemgyýet Eýranyň içinde bolsalaram ölüm hökümini ýöredendiklerini göremok. Ýa gören bar bolsa seslensin!

Hoja Ahmet Ahun diýip bir ahun Gurhan kitabyny terjime edipdi. Şonda okanymda käbir aýatlaryň aşagynda ''Şu aýatyň hökümi güýçden gaçdy'' diýen ýerlerini okapdym. Belkäm Ogrynyň elini kesmek ýa zyna edeni daşlap, ýa kösäp öldürmek ýaly aýatlaryňam hökümi könelendir. Bu diňe belkäm Şaýylarda bar...


Anil Kapur,

Biz Abyl bilen Kabylyň nesli däl-de Adam atanyň başga bir ogly Sifiň (Şiş pygamber diýip esidensiň) neslinden diýip aýdylýar. Kabylyň neslinden däl!
Alfonse
23 сен 2022, 23:48
Jeksparro,
Yslam Ansiklopediýasy we Sorularla Islamiyet (Soraglar bilen Yslam) ýaly meşhur Yslam mediýalary we guramalary, şol sanda ençeme Arap şeýhleri el kesmek ýaly zatlaryň höküminiň ýatandygyny aýtmagyň gaty uly dini howp göterýändigini bildirdi. Linkini ugradaýynmy, okap görjekmi? (Bilmän gürlemek sindromy, erbet ýagdaý)
Şamuhammet
24 сен 2022, 00:20
Narcissus,

Diniň inçe ýollaryna girmeli etme meni..
Geçeli, ogruly we zynaly hökümleri. Ýönekeý Täret alynanda başa mesh çekmek hakda Kuran we Muhammet aleýhissalamyň hadyslaryna üns ber!

Kurany Kerimiň bir aýatynda başyňyza, ýagny kelläňize mesh ediň diýilýär.
Sahyh hadyslarda Muhammet aleýhissalam bir gün kellesindäki baş gabyny aýyrman mesh edipdir diýýär.

Şony okap görenler her hili şübhä düşmezlermi?
Kuran başyňa (ýagny kelläňe) mesh etmeli diýýän bolsa Muhammet aleýhissalam näme üçin baş gabynyň üstünden mesh edipdir? - diýen düşünişmezlige sünni alymlary şeýle jogap berýärler. Muhammet pygamber şol baş gabynyň üstünden mesh edeninden soň şol aýat gelipdir. Şondan soň kellä mesh edilmäge başlapdyr.
Tipo şol hadysyň höküminiň güýjüniň gaçyşy ýaly Kurandaky aýatlary tertiplemegi we düzetmegi Sünni mezhebiniň alymlary başarýarlar.
Seniň o diýýän Saud arabiýa şeýhleri, şaýylary pylan-pysmydanlaryň Yslamyň ýoluna sogan ekenler olar... Saudileri-hä aýdybam oturjak däl, polny halyf bolup oturanyň düýp pokoleniýasy Wähäbist pokoleniýa. Ýalňyş ýolam bir, özlerem şolar ýaly...
Şamuhammet
24 сен 2022, 00:24
Narcissus,

Linkyňam özüňe nesip etsin, görjeklere-de nesip etsin, maňa näme ýoluny ýitirenleriň boş şakyrdylary! Terrorist Wähäbileriň takyrdylaryndan bizar. Diňlemeli, okamaly zatlaryňyzy bilip göz ýetirseňiz özüňize peýdadyr.
Maňa Sünni mezhebiniň ýoly ýetik!

Galanynam görüň özüňiz...
Alfonse
24 сен 2022, 00:49
Jeksparro,
Gaharlanmasana ýigdekçäm. Men saňa kim wähäbi ýada däl diýip soramok. El kesmek dinde bar bolan zat diýýän. Indi adamlar Arabystanda dogulyp, doglandan bäri arapça okap, özi arap bolup dini ýalňyş tanaýar, ýöne biziň iki sözi çatyp bilmeýän heniz dini bilmeýän mollasumaklarymyz dogry bilýärmi?? Dindarsumaklary diňlemek ýalňyşla, biraz pikir ýöretsene. (Haý, düşünişer ýada çekeleşer ýaly kellesi düzüw adam ýokmaý??)
Şamuhammet
24 сен 2022, 01:05
Narcissus,
Pühähähähäääý?
Kim gaharlanýar, menmi?
Gaharlanar ýaly zat göremok men-ä teswirimde!
Yslamyň sünni ýolundan gür açýaryn, sen nireden tutdyryp otyrsyň!!!
Ha biziň kellämiz düzüw däl seň pikiriňçe! Şol pikiriňde-de galyber. Ýöne çekeleşjek bolsaň, çekeleşmeli faktlaryňy filtrden geçir diýýärin. Düşünmez ýaly zat ýokdur, meň diýýänlerimde.
Alfonse
24 сен 2022, 01:19
Jeksparro,
Seniň diýýänleriňe çen tutsak seni ýöredibermeli olar ýaly zatlar barada gürrüň edýäň diýip. Sen nämeler samrap dursuň how ýaşuly?? Eger gepiň çyndanam inçe ýerlerine girmeli bolsa hakyky yslam diýen zat ýok. Ençeme mezhepleriň bolmagy hem subutnama muňa. 1400 ýyllap dini toçna bilen ýok. Sahabalar hadys ýazanlarynda olarada "1400 ýyllap hiç kim bilmedi sen bilýäňmi" diýipdirler. Ynanmaýardylar şolarada. Ýöne hadyssyz yslam ýok şuwagt. Hatda sahabalaram hadys ýazanlarynda eýleki hadys ýazyjylaryny inkär edip olara ýalan diýipdir, adamlary aldaýarlar diýipdir. Ýada şuwagtky döwürde hadyslary kabul etmän diňe Kurany kabul eden musulmanlar bar. Sebäbi käbir hadyslar has ulaldylan, käbiri biri-birini ýalanlaýar. Meselem hadyslarda Muhammediň 100 ýylyň içinde kyýamatyň geljekdigini aýdandygy ýazylýar (Sahih Müslim 31:6160-65. Sahih Buhari 1:10:575). Ýada Şaýy Sünni mezhebi hem, ýöne aýryljak zat däl. Şaýylyk hem gaty uly mezhep we olaram "eýlekiler ýalan" diýýärler. Şaýylygyňam uly taryhy bar, Sefewi döwleti Şah Ysmaýyldan başlap, Gyzylbaşylar we Gyzylbaşy Türkmenler we ş.m. Iň bolmanda şuwagt DEAŞ hem "Türkler musulman däl" diýýär. Olaram näme etse kitaba seredip edýärler. Hatda Muhammede hem din öwretjek bolanlar bolupdyr. Şo sebäpli "ana pylan" diýip uly gürleme. Hakyky yslam diýilen zat ýok. Sanasaň yzy ýetmez mezhepleriň, pikirleriň. Ýöne iň dogrusyny geň göräýmeli şekilde şu ýerdäki dindarsumaklarymyz, gije ýollalarymyz bilipdir.
Şamuhammet
24 сен 2022, 01:20
Narcissus,
Asyl gaharlanyp çaga ýaly dizlaýk basyp oturan özüň ýaly-la! Telefonuňa zor salyp, dizlaýk basyp oturan özüň welin men ýaly parahat ýazyp oturan adama Düýn-öňňünlar ''Din nokerçisi'', bu günem ''Ýigdekçäm'' diýen bolup oturandan, özüňden habar salsaň saglygyňa peýdasy degerdi... ?
Alfonse
24 сен 2022, 01:22
Jeksparro,
Borda... (dislike dp dura indem)
Şamuhammet
24 сен 2022, 07:12
Narcissus,

Hakyky Yslam dini Sünni mezhebinde.
Din, Kuran diýip akyl satýaň welin gündiz mollalyk edip, şu wagtam ýolda ýazýaň geräm şu zatlary ????