Molekula içinde bir giden maglumat.
Ýakyn gelejekde DNK gaty diskleriň ýerini tutmagy mümkün.Dünýäde barha artyp barýan sanly maglumatlary saklamak meselesine bu bir çözgüt bolar.
Dünýäde her güni millionlap gigabaýt maglumat döredilýär.Bu mukdar geometrik progressiýada ösüp barýar.Alymlaryň aýtmagyna görä,bir näçe ýyllardan soň,häzirki tehnologiýalar bilen olary saklamak mümkin bolmaz.
Sebäp-maglumat fermalarynyň energiýa sarp edijiligi ýokary,esasy resurslaryň azalyp barmagy,gaty disk we şuňa meňzeşleriň ömri gysgalygy.
Halkara alymlar konsorsiumynyň teklip edýän çözgütlerinden biri-DNK,maglumat saklamagyň iň gadymy usuly.
DNK birinjiden,örän gysby,kiçijek ýere uly göwrümli maglumaty sygdyryp bolýar.Internetdäki ähli maglumatlary DNK-a ýerleşdirseňiz,köwüş gutusy ýaly ýere sygmagy mümkin.
DNK-ny ýazgy etmek dört basgançakdan ybarat.Bu reňkli printerden peýdalanmaga-da gaty meňzeýär.Nollar we birlerden ybarat bolan faýlyňyz bar.Kompýuter bu sanlary A,C,G we T görnüşine öwürýär.Indiki ädim-bu harplary kremnä geçirmek,ýagnyA,C,G we T-ni 3D formatda kremnide basyp çykarmak.
Sanly maglumatlary saklamak üçin ulanylýan DNK laboratoriýada sintez edilýär,emma bu ýerde organizmleriň genetik maglumatyny saklaýjy molekula barada gürrüň gidýär.
DNK gaty berdaşly bolup,maglumat dogry saklansa,müňläp ýa-da millionlap ýyla ýetip bilýär.
Alymlara görä,DNK media format hökmünde könelişmegi gümana,sebäbi adamzadyň genlere bolan gyzyklanmasy hiç wagt ölmeýär.
Genetikler hemişede bolar,sebäbi öz DNK-myzy öwrenmäge gyzyklanmamyz bar.Bu ýagdaýda sanly maglumatlary okamak mümkünçiligimizem bolar.
San-Fransiskodaky "Twist Bioscience" kompaniýasy DNK-ny dürli maksatlar üçin sintezleýär.Sanly maglumaty DNK öwürmek awtomatlaşdyrylan we kiçeldilen.
Birler we nollardan ybarat sanly maglumatyň koduny A,C,G we T diýip atlandyrylyjy dört himili birikmeden ybarat genetik koda öwürmek mümkin.
Soňra gelejekde kremniý çipdäki bu DNK-ny gaýta sanly maglumata öwürip bolýar.
Tehnologiýany tanyşdyrmak maksadynda kompaniýa onuň hemaýatkärleri Çaga hukuklary baradaky konwensiýany,jazz festiwalyny we Netflixdäki bir şowy DNK görnüşinde arhiwlediler.
Häzirde bu tehnologiýanyň bir megabaýtynyň bahasy 1000 dollar,emma soňlugy bilen has arzanlaşar.
Alymlaryň bellemegine görä,indiki çipe 3 milliard,ondan soňkusyna 50 milliard DNK bölegini sygdyryp bolar.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.