Pedagogik işgärleriniň usuly-amaly maslahatlary - 1
PEDAGOGIK IŞGÄRLERIŇ 2022—2023-nji OKUW ÝYLYNYŇÝANWAR USULY-AMALY OKUWLARYNY WE MASLAHATLARYNY GEÇIRMEK BOÝUNÇA USULY MASLAHATLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan giň gerimde amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda: «Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alnyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Öňdebaryjy halkara tejribeler, milli ýörelgelerimiz esasynda bilim işini kämilleşdirýäris. Şäherdir obalarymyzy gurşap alýan täze bilim edaralaryny gurýarys. Okatmagyň usullaryny ylmy-nazaryýet, iş hem-de tejribe nukdaýnazaryndan kämilleşdirýäris, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýäris» diýip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy ugurlaryny belläp geçdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda ýaş nesli terbiýelemegiň möhüm wezipeleri hakda durup geçip, şeýle belledi: «Häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, berk bedenli, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini däp-dessurlaryny we maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen çäreleri mundan beýläk-de yzygiderli geçireris».
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu Kanunyň maksady Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek bilen baglanyşyklydyr. Bu Kanun ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrýar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berýär.
Ýurdumyzyň pedagogik işgärleriniň öňünde durýan wezipeleridurmuşa geçirmek, kämil bilimli, terbiýeli ýaş nesli kemala getirmek, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek babatda dur muş a geçiril meli işl eri hem- de 2022—2023- nji okuw ýylynyň birinji ýarymynyň jemini jemlemek hem-de ikinji ýarymynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, pedago¬gik işgärleriň etrap (şäher) usuly-amaly okuwlary 2023-nji ýylyň 4-5-nji ýanwary aralygynda, etrap (şäher) maslahatlary 6-njy ýanwarda «Ösüp gelýän nesillerimize ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar» diýen şygar bilen geçiriler.
Usuly-amaly okuwlarda mazmun taýdan has kämilleşdirilen okuw maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny, sanly serişdeleri sapaklarda peýdalanmak bilen bilim bermegiň netijeli usullaryny ulanmak, bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okuw dersleri çuňlaşdyrylyp okadylýan ýöriteleşdirilen mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, kämilleşdirmek, mekdebe çenli bilim bilen başlangyç bilimiň üznüksizligini üpjün etmek, döwlet bilim standartyna laýyklykda pedagogik işgärleriň sapaklara taýýarlanmak başarnyklaryny ösdürmek, öňdebaryjy iş tejribäni öwrenmek, ýaýratmak, okuwçylary ylmy-gözleg işlerine ugrukdyrmak, ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemek boýunça wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaly.
Şeýle hem, «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça 2023-nji ýylda edilmeli işler barada özara pikir alyşmaly.
Pedagogik işgärleriň ýanwar usuly-amaly okuwlarynda we maslahatlarynda ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim we asylly terbiýe bermegiň möhüm meseleleri hem-de ýokary netijeli iş tejribeleri, okatmagyň täze, işjeň usullary barada giňişleýin durlup geçilmelidir.
Welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleriniň, etrap (şäher) bilim bölümleriniň ýolbaşçylary pedagogik işgärleriň ýanwar usuly-amaly okuwlaryny guramaçylykly, ýokary derejede, işjeň ýagdaýda geçirmek üçin iş çäreleriniň meýilnamasyny düzmelidirler hem-de olaryň ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamalydyrlar.
Usuly-amaly okuwlarda öz hünärine ussat, tejribeli, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçe guraýan, döredijilikli işleýän etrap, şäher bilim bölümleriniň hünärmenleriniň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň çykyşlary täsirli bolmalydyr. Usuly-amaly okuwlar işjeň pikir alyşmalar arkaly geçirilmelidir, olar boýunça anyk netijelere gelinmelidir.
Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede çuňňur bilim we asylly edep-terbiýe bermek baradaky aýdan parasatly sözleri usuly-amaly okuwlaryň geçirilýän ýerlerinde görnükli ýerde ýazylmalydyr. Döredijilikli we döwrebap işleýän pedagogik işgärleriň iş tejribeleri boýunça hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynyň, «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa... », «Arşyň nepisligi», «Gadamy batly bedew», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Sport dostluga, saglyga we gözelli ge t arap ýol dur», «Tür kmenist an — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» eseriniň birinji we ikinji kitaplarynyň, «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Enä t agzym — mukaddesli ge t agzym», «At da wepa- da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ak şäherim Aşgabat», «Garaşs yzl yk — bagt ymyz», «Ömr ümi ň manysy», «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitaplarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän we giňden wagyz edýän sergiler guralmalydyr.
Maslahatlara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalaryny hem-de deputatlaryny, alymlary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň, arçynlyklaryň, daýhan birleşikleriniň wekillerini, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, zähmet weteranlaryny, ussat mugallymlary, Hormatly il ýaşulularyny, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, ata-eneleri çagyrmalydyr.
Welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliklerine, etrap, şäher bilim bölümlerine maslahatlarda, usuly-amaly okuwlarda berlen teklipleri öwrenmek, seljermek we umumylaşdyrmak hem-de Türkmenistanyň Milli bilim institutyna ibermek maslahat berilýär.
PEDAGOGIK IŞGÄRLERI Ň ÝANWAR USULY-AMALY OKUWLARYNA HÖDÜRLENILÝÄN TEMALAR
I. UMUMYBILIM EDARALARYNYŇ MÜDIRLERI ÜÇIN:
1. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşy, onuň many-mazmuny hem-de döwlet Baştutanymyzyň şol çykyşynda öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde mekdep ýolbaşçylarynyň alyp barmaly işleri.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim özgertmelerine we 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda tassyklan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini hem netijeliligini ýokarlandyrmakda umumybilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň wezipeleri.
3. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararlary bilen tassyklanan bilim konsepsiýalar yny — «Tür kmenist anda on i ki ýyll yk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we olary durmuşa geçirmegiň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmekde mekdep müdiriniň wezipeleri.
4. Hormatly Prezidentimiziň okatmagyň usullaryny ylmy-nazaryýet nukdaýnazaryndan kämilleşdirmek, bilimiň hilini ýokarlandyrmak babatynda beren gymmatly tabşyryklarynyň okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrylyşy.
5. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, umumybilim berýän mekdeplerde ýaş nesle bilim bermegiň usulyýet binýadyny berkitmegiň, umumybilim edarasynda pedagogik geňeşiň işini we netijeliligini kämilleşdirmegiň iş tejribesinden.
6. Umumybilim edarasynda buýruklar kitaplaryny ýöretmäge bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilişiniň iş tejribesinden.
7. Umumybilim berýän mekdepleriň işini meýilnamalaşdyrmagyň, onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň iş tejribesinden.
8. Umumybilim edarasynda hünär öwrediji dersleriokatmaga görülýän taýýarlyk işleriniň iş tejribesinden.
9. Umumybilim edarasynda okaýanlaryň jan saglygyny goramak, tehniki we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça işleriň ýola goýluşy.
10. Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartynyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmagyň iş tejribesinden.
II. UMUMYBILIM EDARALARYNYŇ MÜDIRLERINI Ň OKUW IŞLERI BOÝUNÇA ORUNBASARLARY ÜÇIN:
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda tassyklan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (rejelenen görnüşi) berjaý etmekde mekdep müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň öňünde durýan wezipeler.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararlary bilen tassyklanan bilim konsepsiýalaryny we olary durmuşa geçirmegiň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmekde mekdep müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.
3. Umumybilim berýän mekdepleriň müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň işini kadalaşdyryjy resminamalar we olar bilen işlemegiň usullary.
4. Umumybilim edarasynda sanly bilim ulgamyna geçilmegi bilen okuwçylara bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmagyň iş tejribesinden.
5. Milli bilim ulgamyna sanly serişdeleriň, kompýuter tehnologiýalarynyň we multimedia enjamlarynyň ornaşdyrylmagynyň ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakdaky we mazmunyny baýlaşdyrmakdaky orny.
6. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde orta mekdeplerde hereket edýän okuw dersleri boýunça usuly birleşmeleriň işiniň guralyşynyň, öňdebaryjy iş tejribeleriň öwrenilişiniň we ýaýradylyşynyň iş tejribesinden.
7. Umumybilim edarasynda goýberilen we ýerine okadylan sapaklara hem-de okuwçylaryň şahsy jiltlerine degişli iş resminamalary talabalaýyk ýöretmegiň iş tejribesinden.
8. Mekdep müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary tarapyndan sapaklaryň tertibiniň düzülişine, mugallymlaryň ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydynyň, sapak ýazgylarynyň ýazylyşyna bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň iş tejribesinden.
9. Umumybilim edarasynda okuw otaglarynyň enjamlaşdyrylyşyna, bezelişine, okuw-görkezme esbaplaryň hasabatynyň ýöredilişine gözegçiligiň amala aşyrylyşy.
10. Umumybilim edarasynda okuw meýilnamalarynyň we okuw maksatnamalarynyň doly ýerine ýetirilişine gözegçiligiň amala aşyrylyşy.
III. UMUMYBILIM EDARALARYNYŇ MÜDIRLERINI Ň TERBIÝEÇILIK IŞLERI BOÝUNÇA ORUNBASARLARY ÜÇIN:
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda tassyklan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda umumybilim berýän mekdeplerde ýaşlary hünärlere ugrukdyrmagyň ýollary.
2. Umumybilim berýän mekdeplerde ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmakda mekdep ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler.
3. Umumybilim berýän mekdeplerde «Türkmenistanyň bilim edaralarynda terbiýeçilik işleriniň Milli maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylmaly okuw-terbiýeçilik işleriň guralyşy.
4. ÝUNESKO-nyň 2022-nji ýylyň 1-nji dekabrynda kabul eden Karary esasynda, bu Guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» baradaky bilimleri okuwçylara öwretmegiň terbiýeçilik ähmiýeti.
5. Mekdep müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarynyň jogapkärçiligindäki resmi iş kagyzlarynyň talabalaýyk ýöredilişiniň iş tejribesinden.
6. Umumybilim edarasynda baýramçylyklar we belli seneler bilen baglanyşykly terbiýeçilik çäreleriniň geçirilişiniň iş tejribesinden.
7. Sapakda we sapakdan daşary geçirilýän terbiýeçilik işlerde okuwçylarda zerur bolan kompetensiýalary kemala getirmegiň we olary hünärlere ugrukdyrmagyň iş tejribesinden.
8. Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde mugallymlaryň, ata-eneleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň özara hyzmatdaşlykda alnyp barylmaly işleri.
9. Okatmagyň we terbiýelemegiň usulyýetini kämilleşdirmekde orta mekdepleriň synp ýolbaşçylarynyň usuly birleşmeleriň işiniň guralyşynyň, öňdebaryjy iş tejribeleriň öwrenilişiniň we ýaýradylyşynyň iş tejribesinden.
10. Umumybilim edarasynda synp ýolbaşçylarynyň usuly birleşmeleri we «Gyzlar topary» boýunça işleri talabalaýyk alyp barmagyň iş tejribesinden.
IV. MEKDEPDEN DAŞARY WE GOŞMAÇA BILIM EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY, USULÇYLARY WE GURNAK ÝOLBAŞÇYLARY ÜÇIN:
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde mekdepden daşary çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, usulçylarynyň we gurnak ýolbaşçylarynyň wezipeleri.
2. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda tassyklan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (rejelenen görnüşi) berjaý etmekde mekdepden daşary çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, usulçylarynyň we gurnak ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler.
3. «Türkmenistanda mekdepden daşary bilimiň döwlet standartlaryny» okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmakda mekdepden daşary çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we bilim işgärleriniň wezipeleri.
4. Hormatly Prezidentimiziň mekdep okuwçylarynyň boş wagtlaryny peýdaly işlere ugrukdyrmak, şahsyýeti sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösdürmek, onuň döredijilik ukyplaryny açmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde mekdepden daşary çagalar edaralarynyň wezipeleri.
5. Hormatly Prezidentimiziň çagalaryň has irki döwürde tehniki dünýägaraýşyny giňeltmek, olaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek, okatmagy kämilleşdirmek üçin zerur şertleri döretmek baradaky tabşyryklarynyň mekdepden daşary çagalar edaralarynda durmuşa geçirilişiniň iş tejribesinden.
6. Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky syýasatyndan ugur alyp, bu ugra gönükdirilen çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça mekdepden daşary çagalar edaralarynda okuw-terbiýeçilik işlerini ýola goýmagyň iş tejribesinden.
7. Mekdepden daşary çagalar edaralarynda gurnaklarda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmekde kommunikatiw, interaktiw, innowasion bilim tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň ýollary.
8. Mekdepden daşary çagalar edaralarynda okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmekde mekdebiň, maşgalanyň we ylmy edaralaryň özara hyzmatdaşlygyny sazlaşykly guramagyň iş tejribesinden.
9. Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýlerinde hereket edýän gurnaklarda çagalaryň gyzyklanmalaryny, döredijilik, akyl ýetiriş ukyplaryny, durmuş endiklerini ösdürmegiň iş tejribesinden.
10. Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýlerinde okuw meýilnamalarynyň we okuw maksatnamalarynyň doly ýerine ýetirilişine gözegçiligiň amala aşyrylyşy.
V. MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARALARYNYŇ
MÜDIRLERI ÜÇIN:
1. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän özgertmelerinden gelip çykýan wezipeler we olary çözmegiň ýollary.
2. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020—2025- nji ýyll ar da mekdebe çenli çagal ar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmagyň ýollary.
3. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işine ýolbaşçylyk etmegiň we okuw-terbiýeçilik işleriniň netijeliligine içki gözegçiligi amala aşyrmagyň ýollary.
4. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalary mekdebe taýýarlamak, olaryň tebigy zehinini açmak we ösdürmek maksady bilen, okuwdan daşary goşmaça bilim bermegiň, ýagny çeper-döredijilik we ösdüriji gurnaklaryň işini ýola goýmagyň usullary.
5. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň usullary.
6. Daşary ýurt dilleri boýunça ýöriteleşdirilen çagalar baglarynyň okuw-terbiýeçilik işini döwrebap ýola goýmagyň usullary.
7. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň mekdebe çenli çagalar edaralarynda ornaşdyrylyşy.
8. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bakja toparlarynda okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşyny kämilleşdirmek.
9. Saglyk ýagdaýlary sebäpli mümkinçiligi çäkli we ösüşinde aýratynlygy bolan çagalar bilen okuw-terbiýeçilik we düzediş işleriniň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek.
10. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleri kada laýyk iýmitlendirmek boýunça alnyp barylýan işlere we arassaçylyk kadalarynyň dogry berjaý edilişine içki gözegçiligiň guralyşy.
VI. MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR
EDARALARYNYŇ
TERBIÝEÇI-USULÇYLARY ÜÇIN:
1. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän özgertmelerinden gelip çykýan wezipeleri amal etmekde terbiýeçi-usulçylaryň öňünde durýan wezipeler.

3. Mekdebe çenli döwlet bilim standarty ösüp gelýän ýaş nesle sazlaşykly bilim-terbiýe bermekde, okuw-terbiýeçilik işlerini dogry guramakda, çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny üpjün etmekde esasy ýörelgedir.
4. Çagalary milli ruhda terbiýelemekde, olaryň sözleýşini ösdürmekde halk döredijiliginiň ähmiýeti.
5. Çagalara terbiýe we bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmagyň usullary.
6. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalary peýdalanmagyň usullary.
7. Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň hereketlerini, durmuş endiklerini, logiki pikirlenişini, sözleýiş medeniýetini ösdürmekde we olary mekdebe taýýarlamakda many-mazmunly oýunlaryň ähmiýeti.
8. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleri mekdebe taýýarlamak, olaryň tebigy zehinini açmak we ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan gurnaklaryň işini guramagyň ýollary.
9. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler hem-de olary amal etmegiň ýollary.
10. Saglyk ýagdaýlary sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalar bilen ýörite (dikeldiş) bilim edaralarynda we toparlarynda okuw-terbiýeçilik we düzediş işleriniň guralyşynda öňdebaryjy iş tejribeleri ulanmak, bu ugurda usuly işleri kämilleşdirmek.
VII. MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARALARYNYŇ TERBIÝEÇILERI, MUGALLYMLARY WE ŞEPAGAT UÝALARY ÜÇIN:
1. Mekdebe çenli döwlet bilim standarty ösüp gelýän ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde, okuw-terbiýeçilik işlerini dogry guramakda, çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny üpjün etmekde esasy resminamalaryň biridir.
2. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmunly eserleri milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmekde, türkmen taryhyny öwretmekde ygtybarly çeşmedir.
3. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmekde öňdebaryjy iş tejribäniň ähmiýeti.
4. Körpeleriň pikirlenişini, sözleýşini ösdürmekde öwrediji oýunlaryň ähmiýeti.
5. Daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň hünärini kämilleşdirmekde öňdebaryjy milli we halkara iş tejribelerinden hem-de sanly bilim ulgamyndan peýdalanmagyň ýollary.
6. Mümkinçilikleri çäkli we ösüşinde aýratynlyklary bolan çagalar bilen okuw-terbiýeçilik we düzediş işlerini guramagyň aýratynlyklary.
7. Dil düzediş mugallymyň iş tejribesinden: autizm alamatlary bolan çagalar bilen düzediş işlerini guramagyň usullary.
8. Bakja toparlarda aýdym-saz sapagyny we baýramçylyk säherliklerini guramagyň iş tejribesinden.
9. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda şepagat uýasynyň resmi iş kagyzlarynyň ýöredilişi.
10. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň iýmitlendirilişiniň we arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini dogry guramak.
VIII. BAŞLANGYÇ SYNP MUGALLYMLARY ÜÇIN:
1. Başlangyç synp okuwçylaryny beýannama we düzme ýazmaga taýýarlamakda innowasion tehnologiýalardan we okuw-görkezme esbaplardan peýdalanmagyň iş tejribesinden.
2. Birinji synplarda Harplyk okuw kitaby bilen işlemekde innowasion tehnologiýalardan we didaktiki materiallardan peýdalanmagyň usullary.
3. Tebigaty öwreniş dersinde okuwçylaryň daşky dünýäniň obýektlerini synlamak, seljermek, umumylaşdyrmak, häsiýetlendirmek, pikir ýöretmek başarnyklaryny ösdürmegiň iş tejribesinden.
4. Türkmen dili sapaklarynda okuwçylaryň ýatdan ýazmak we dürs ýazuw endiklerini ösdürmekde diktantlaryň görnüşlerinden peýdalanmagyň usulyýeti.
5. Ene dili dersinde okuwçylaryň okaýşyny we sözleýiş medeniýetini ösdürmekde tekst bilen işlemegiň dürli usullaryndan peýdalanmak.
6. Ene dili we türkmen dili derslerinde okuwçylara sagdyn durmuş ýörelgesiniň talaplaryny berjaý etmegi öwretmekde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň usullary.
7. Başlangyç synp okuwçylarynyň bilim derejelerini barlamakda, berkitmekde barlagnamalardan (testden), soragnamalardan, okuw-görkezme esbaplardan peýdalanmagyň tejribesinden.
8. Matematika sapagynda arifmetiki amallaryň ýerine ýetiriliş tertibiniň düzgünleriniň yzygiderliligini öwretmegiň usullary.
9. Umumybilim edaralarynda uzaldylan günli toparyň işiniň ýola goýluşynyň iş tejribesinden.
10. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersi boýunça okuw sapaklaryny döwrebap okatmakda innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň usullary.
IX. TÜRKMEN DILI WE EDEBIÝAT, DÜNÝÄ MEDENIÝETI, TÜRKMENISTANYŇ MEDENI MIRASY, DÜNÝÄ MEDENIÝETI DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Hormatly Arkadagymyzyň döreden eserleri okuwçylarda ahlak taýdan özüňi alyp barmagyň endiklerini we başarnyklaryny kemala getirmegiň çeşmesidir.
2. Sanly serişdeleriň üsti bilen türkmen dili we edebiýat derslerini okatmagyň usullary we aýratynlyklary.
3. Türkmen dili sapaklarynda derňewiň dürli görnüşlerini öwretmegiň iş tejribesinden.
4. Okuwçylarda kommunikatiw başarnyklary kemala getirmekde türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň wezipesi.
5. Türkmen dili we edebiýat dersleriniň üsti bilen okuwçylarda döredijilikli pikirlenişi kemala getirmegiň iş tejribesinden.
6. Türkmen dili we edebiýat derslerinde beýannama, düzme ýazmagy öwretmegiň aýratynlyklary.
7. Türkmen dili we edebiýat derslerinde okuw-görkezme esbaplardan peýdalanmagyň iş tejribesinden.
8. Türkmenistanyň medeni mirasy dersini okatmakda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden peýdalanmagyň iş tejribesinden.
9. Rus dilinde okadylýan synplarda türkmen dilini we türkmen edebiýatyny öwretmekde okuw sözlükleri bilen işlemegiň aýratynlyklary.
10. Türkmen dili we edebiýat derslerinde okuw sözlükleri bilen işlemegiň iş tejribesinden.
11. Dünýä medeniýeti sapaklarynda okuwçylarda beýan etmek we baha bermek, logiki we tankydy pikirlenmek başarnyklaryny ösdürmegiň iş tejribesinden.
12. Dünýä medeniýeti sapagynda “Dünýä halklarynyň gadymy medeniýeti” diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
X. ДЛЯ УЧИТЕЛЕЙ РУССКОГО ЯЗЫКА:
1. Государственные стандарты образования и их реализация в учебных программах и учебных материалах по русскому языку.
2 . Ме с т о ц и ф р о в о й т е х н о л о г и и и современных методов обучения при обучении русскому языку.
3. Эффективное использование учебно- методических комплексов на уроках русского языка и литературы.
4. Пути повышения профессионального уровня учителя русского языка и литературы.
5 . Ф о р м и р о в а н и е и р а з в и т и е коммуникативной компетенции учащихся на уроках русского языка.
6. Приемы исправления ошибок в устной речи учащихся при обучении русскому языку.
7. Мотивация как важный фактор обучения русскому языку и литературы.
8. Различные виды тестирования на уроках русского языка как один из способов контроля за качеством знаний учащихся.
9. Пути эффективного внедрения аудирования в процесс преподавания русского языка.
10. Применение лингводидактических игр на уроках русского языка (из опыта работы).
XI. DAŞARY ÝURT DILLERI DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Daşary ýurt dilleri sapaklarynda sözleýiş başarnyklaryny kemala getirmekde we ösdürmekde innowasion çemeleşmeler.
2. Iňlis dilinden okuw kitaplarynyň täze toplumynda tekstiň üstünde işlemeklige täzeçe çemeleşmeler.
3. Häzirki zaman daşary ýurt dili sapagy: maksatlary, wezipeleri we garaşylýan netijeler.
4. Daşary ýurt dilleri boýunça ders usuly birleşmeleriniň işini döwrebaplaşdyrmagyň iş tejribesinden.
5. Daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bilim standartlary hem-de olaryň okuw maksatnamalaryna ornaşdyrylyşy.
6. Daşary ýurt dillerini okatmagyň esasy psihologik ýörelgeleri.
7. Daşary ýurt dilinde sözleýşi kämilleşdirmekde dialogyň orny.
8. Daşary ýurt dilleri boýunça taslama işleriň guralyşy we geçirilişi.
9. Okuwçylaryň daşary ýurt dilleri derslerinde döredijilik endiklerini ösdürmegiň iş tejribesinden.
10. Daşary ýurt dili mugallymlarynyň hünär derejesini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.