Pedagogik işgärleriniň usuly-amaly maslahatlary - 2

XII. MATEMATIKA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» okuw-terbiýeçilik işlerinde durmuşa geçirmekde matematika mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.
2. Matematika sapaklarynda okatmagyň häzirki zaman usullaryny, täze tehnologiýalary ulanmak arkaly bilimiň hiliniň we netijeliliginiň ýokarlandyrylyşy.
3. Ýaş nesli okatmakda we terbiýelemekde öňdebaryjy iş tejribeleriň ulanylyşy.
4. Sapak ýazgylarynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan usuly Gözükdirijiniň talaplaryna laýyklykda taýýarlanylyşy.
5. Matematika dersi boýunça mazmuny baýlaşdyrylan okuw maksatnamalary we täze neşir edilen okuw kitaplary bilen işlemegiň iş tejribesinden.
6. Saýlama okuwlary üçin sapak ýazgylarynyň taýýarlanylyşy.
7. Halypa-şägirt gatnaşyklary we ýaş mugallymlara usuly kömegiň berlişi.
8. Mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik (taslama) bäsleşikleriniň geçirilişine bildirilýän talaplar we olaryň ýerine ýetirilişi.
9. Matematikadan okuwçy depderlerini ýöretmegiň we barlamagyň ýeke-täk talaplarynyň berjaý edilişi.
10. Matematikadan zehinli okuwçylaryň ýüze çykarylyşy, olar bilen ders bäsleşiklerine taýýarlyk işleriniň guralyşy.
XIII. FIZIKA WE ASTRONOMIÝA DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» okuw-terbiýeçilik işlerinde durmuşa geçirmekde fizika we astronomiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.
2. Ýaş nesli okatmakda we terbiýelemekde öňdebaryjy iş tejribeleriň ulanylyşy.
3. Sapaklarda sanly serişdeleriň, okatmagyň häzirki zaman usullarynyň, okuw-görkezme esbaplarynyň netijeli peýdalanylyşy.
4. Mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri, boýunça ylmy-döredijilik (taslama) bäsleşikleriniň geçirilişine bildirilýän talaplar we olaryň ýerine ýetirilişi.
5. Sapak ýazgylarynyň, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan usuly Gözükdirijiniň talaplaryna laýyklykda taýýarlanylyşy.
6. Gaz kanunlary boýunça meseleleri grafiki usulda çözmegiň iş tejribesinden.
7. Fizika we astronomiýa sapaklarynda okatmagyň häzirki zaman usullaryny ulanmak arkaly okuwçylara berilýän bilimiň hiliniň we netijeliliginiň ýokarlandyrylyşy.
8. Fizika sapagynda «Ýadro reaksiýalary», Ýadro reaksiýalaryň çykyş energiýasy» diýen temalary öwretmegiň iş tejribesinden.
9. Fizika we astronomiýa sapaklarynda klimatyň üýtgemeginiň adam saglygyna edýän täsiri barada okuwçylara düşünje bermek.
10. Fizikadan zehinli okuwçylaryň ýüze çykarylyşy, olar bilen ders bäsleşiklerine taýýarlyk işleriniň guralyşy.
XIV. INFORMATIKA, MODELIRLEME WE GRAFIKA, INFORMASIÝA-KOMMUNIKASIÝA WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALARY, PROÝEKTIRLEMEGI Ň ESASLARY DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Bilimi sanlylaşdyrmada didaktikanyň nusgawy modellerini saýlamak.
2. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda KOMPAS-3D programmanyň ulgamynda grafiki primitiwleri gurmagy öwretmegiň usullary.
3. Dürli programmirleme dillerini ulanmagyň aýratynlyklary.
4. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda jisimleriň görnüşlerini hasaba almak hem-de belgileri ulanmak bilen çyzgylarda ölçegleriň ýazylyşyny öwretmegiň usullary.
5. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda geometrik jisimiň ýazgyn şekilini gurmagy we nusgasyny ýasamagy öwretmegiň usullary.
6. Sanly ulgamlaryň sapaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmakdaky orny.
7. Bilimiň hil ini bahalandyrmagyň çemeleşmeleri.
8. Bilim edarasyny sanlylaşdyrmagyň mese¬leleri.
9. HTML resminamalarynda WEB sahypa¬laryny taýýarlamagyň usullary.
10. Sanly didaktikanyň häsiýetnamalarynyň bahalandyrmasy.
XV. BIOLOGIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Biologiýa sapaklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatynda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişi baradaky maglumatlaryň okuwçylara öwredilişi.
2. «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», ony durmuşa ornaşdyrmakda we ösdürmekde biologiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.
3. Biologiýa sapaklarynda okuwçylaryň özbaşdak biologik obýektler bilen işlemek, amaly hem-de tejribe işlerini geçirmek başarnyklaryny we endiklerini ösdürmegiň usullary.
4. Biologiýa sapaklarynda innowasion tehnologiýalardan we internet maglumatlaryndan peýdalanmagyň iş tejribesinden.
5. Biologiýa sapaklarynda genetikadan çylşyrymly meseleleri çözmegiň iş tejribesinden.
6. Biologiýa okuw dersinden döwrebap sapak ýazgylaryny taýýarlamagyň iş tejribesinden.
7. Biologiýa okuw dersinde «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky ösümlikler baradaky nakyllardan we atalar sözünden peýdalanmagyň usullary.
8. Biologiýadan okuwçylaryň bilim derejesini barlamagyň usullary.
9. Biologiýa dersinden okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmegiň usullary.
10. Biologiýa dersinde sorag bermegiň görnüşleri we olaryň okuwçylaryň bilim derejesini barlamakdaky ähmiýeti.
XVI. ÝAŞAÝYŞ-DURMUŞ ESASLARY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Ýaşaýyş-durmuş esaslary sapaklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa ornaşdyrylyşy baradaky bilimleri okuwçylara öwretmegiň ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmakdaky ähmiýeti.
2. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», ony durmuşa ornaşdyrmakda ýaşaýyş-durmuş esaslary dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
3. Ýaşaýyş-durmuş esaslary sapaklaryny okatmakda innowasion tehnologiýalary we interaktiw usullary ulanmagyň artykmaçlygy.
4. Ýaşaýyş-durmuş esaslary sapaklarynda «Howanyň älem möçberinde üýtgemeginiň ynsan saglygyna edýän täsiri» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
5. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinde «Adatdan daşary ýagdaýlarda adamyň howpsuzlygy we ony goramak» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
6. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersiniň üsti bilen okuwçylarda ýaşaýşa we saglyga bolan jogapkärçiligi, zyýanly endiklerden daşda durmak we olaryň garşysyna göreşmek başarnyklaryny terbiýelemek.
7. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinden prezentasiýalaryň taýýarlanylyşy we ulanylyşy.
8. «Ýetginjeklik döwründe mekdep okuwçylarynyň özlerini alyp barmaklarynyň düzgünleri we ahlak terbiýesi» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
9. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersi boýunça sapak ýazgylaryny talabalaýyk taýýarlamagyň iş tejribesinden.
10. Ýaşaýyş-durmuş esaslary sapaklarynda okuwçylaryň derse bolan höwesini artdyrmagyň ýollary.
XVII. HIMIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», ony durmuşa ornaşdyrmakda we ösdürmekde himiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.
2. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda himiýa ylmynyň we senagatynyň ösüş ugurlary baradaky bilimleri okuwçylara öwretmegiň usullaryny kämilleşdirmekde sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ähmiýeti.
3. Himiýa sapaklarynda «Organiki däl we organiki himiýada elektron-balans we ion-elektron usuly bilen okislenme-gaýtarylma reaksiýalaryň deňlemelerini düzmek» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
4. Organiki himiýadan okuwçylara mysallary we meseleleri çözmegi öwretmegiň iş tejribesinden.
5. Himiýa dersinde okuwçylaryň logiki pikirlenmesini ösdürmegiň iş tejribesinden.
6. Himiýadan «Termohimiki reaksiýalar», «Gessiň kanuny» atly temalar boýunça okuwçylara meseleleri we mysallary çözmegi öwretmegiň iş tejribesinden.
7. Himiýa sapaklarynda «Organizmleriň ýaşaýyş işjeňlik hadysalarynda gidroliziň biologik ähmiýeti» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
8. Himiýa dersi okadylanda taslama tehnologiýalaryndan peýdalanyp, okuwçylarda ylmy döredijilige höwes döretmegiň usullary.
9. Himiýadan okuwçylary taslama (ylmy döredijilik) bäsleşiklerine taýýarlamagyň işjeň usullary.
10. Himiýa dersini okatmagyň öňdebaryjy iş tejribeleriniň öwrenilişi we ýaýradylyşy.
XVIII. EKOLOGIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Ekologiýa sapaklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatyndaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişi baradaky maglumatlaryň okuwçylara öwredilişi.
2. Ýurdumyzda biologik dürlüligi gorap saklamak we ondan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky maglumatlaryň ekologiýa sapaklarynda öwredilişi.
3. Ekologiýa sapaklarynda älem möçberinde klimatyň üýtgemegi we onuň janly organizmlere ýetirýän täsiri baradaky maglumatlary okuwçylara öwretmegiň usullary.
4. Ekologiýa sapaklarynda «Biosenozlaryň ekologiýasy we olaryň kanunalaýyklyklary. Biogeosenozlar» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
5. Ekologiýa sapaklarynda sanly serişdelerden we işjeň usullardan peýdalanmagyň artykmaçlygy.
6. Ekologiýa sapaklarynda okuwçylarda ekologik bilimi we medeniýeti ösdürmegiň döwrebap usullary.
7. Ekologiýa sapaklarynda innowasion tehnologiýalary we döwrebap didaktiki okuw serişdelerini ulanmagyň usullary.
8. Ekologiýa sapagynda «Ekologiýanyň käbir kanunlary» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
9. Ekologiýadan amaly işleri geçirmegiň iş tejribesinden.
10. Sapak ýazgylarynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan usuly Gözükdirijiniň talaplaryna laýyklykda taýýarlanylyşy.
XIX. GEOGRAFIÝA, YKDYSADYÝETI Ň ESASLARY DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Geografiýa sapaklarynda okuwçylarda watansöýüjiligi, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi, ekologiýa medeniýeti terbiýelemegiň usullary.
2. Geografiýa sapaklarynda okatmagyň häzirki zaman usullaryny, täze tehnologiýalary ulanmak arkaly bilimiň hiliniň we netijeliliginiň ýokarlandyrylyşy.
3. Mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik (taslama) bäsleşikleriniň geçirilişine bildirilýän talaplar we olaryň ýerine ýetirilişi.
4. Geografiýa sapaklarynda okuwçylara grafikleri we diagrammalary düzmegi, geografik kartalaryň dürli görnüşlerini okamagy öwretmegiň iş tejribesinden.
5. Geografiýa sapaklarynda klimatyň üýtgemegi we onuň janly organizmlere ýetirýän täsiri baradaky maglumatlaryň okuwçylara öwredilişi.
6. «Klimat gutusynyň» ýaş nesliň ekologik medeniýetini kemala getirmekdäki ähmiýeti.
7. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde telekeçiligi ösdürmek boýunça okuwçylarda ykdysady aňyýeti kemala getirmegiň iş tejribesinden.
8. Ykdysadyýetiň esaslary sapagynda «Bazar ykdysadyýeti» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
9. Geografiýa, ykdysadyýetiň esaslary derslerini okatmakda innowasion tehnologiýalary peýdalanmagyň iş tejribesinden.
10. Ykdysadyýetiň esaslary dersinde çyzgylary, klasterleri, diagrammalary, tablisalary döretmegiň hem-de peýdalanmagyň iş tejribesinden.
ХХ. TARYH, JEMGYÝETI ÖWRENIŞ, TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET WE HUKUK ESASLARY, YKDYSADYÝETI Ň ESASLARY, TÜRKMENISTANYŇ MEDENI MIRASY, DÜNÝÄ MEDENIÝETI DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1 .Türkmenistanyň Prezident i Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynyň mazmunyny ynsanperwer-durmuş bilimleri ugry derslerinde peýdalanmagyň usullary.
2. Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary dersinde okuwçylara Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mazmunyny öwretmegiň we olarda hukuk bilimini ösdürmegiň iş tejribesinden.
3. Türkmenistanyň taryhy dersinden mekdep okuwçylaryny bäsleşiklere taýýarlamagyň tejribesinden.
4. Jemgyýetçilik bilimi ugruna degişli okuw derslerinde okuwçylara Türkmenistanyň kanunçylyk namalaryny öwretmegiň iş tejribesinden.
5. Jemgyýetçilik bilimi ugruna degişli okuw dersleri okatmakda innowasion tehnologiýalary peýdalanmagyň iş tejribesinden.
6. Jemgyýetçilik bilimi ugruna degişli derslerde mazmuny baýlaşdyrylan okuw maksatnamalary we täze neşir edilen okuw kitaplary bilen işlemegiň usulyýet aýratynlyklary.
7. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde telekeçiligi ösdürmek boýunça okuwçylarda ykdysady aňyýeti kemala getirmegiň iş tejribesinden.
8. Ykdysadyýetiň esaslary sapagynda «Bazar ykdysadyýeti» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
9. Türkmenistanyň medeni mirasy dersini okatmakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, internetiň, muzeýleriň, halkara ylmy maslahatlaryň, forumlaryň, festiwallaryň, duşuşyklaryň maglumatlaryny peýdalanmagyň iş tejribesinden.
10. Ykdysadyýetiň esaslary dersinde çyzgylary, klasterleri, diagrammalary, tablisalary döretmegiň hem-de peýdalanmagyň iş tejribesinden.
11. Dünýä medeniýeti sapagynyň üsti bilen okuwçylarda beýan etmek we baha bermek, logiki we tankydy pikirlenmek başarnyklaryny ösdürmegiň tejribesinden.
12. Dünýä medeniýeti sapagynda «Dünýä halklarynyň gadymy medeniýeti» diýen temany öwretmegiň tejribesinden.
XXI. ÖZÜŇI ALYP BARMAGYŇ MEDENIÝETI DERSINI
OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynyň many-mazmuny we ýaşlaryň öňünde durýan wezipeleri düşündirmegiň ýollary.
2. Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň esasynda okuwçylara döwletimiziň kada-kanunlaryna hormat goýmagyň we olary berjaý etmegiň hukuk medeniýetiniň öwredilişi.
3. Türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessurlaryna esaslanyp, ýaşlarda taryhy-medeni mirasymyza hormat goýmak we buýsanmak hem-de olara aýawly garamak endiklerini terbiýelemek wezipelerini durmuşa geçirmegiň ýollary.
4. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» we «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplarynda beýan edilen gymmatly maglumatlaryň esasynda okuwçylara türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň, durmuş ýörelgeleriniň öwredilişi.
5. Özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersini okatmakda innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň iş tejribesinden.
6. Özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersinde dersara baglanyşygy üpjün etmegiň usullary.
7. Özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersinde türkmeniň milli edep kadalary we olary durmuş bilen baglanyşdyryp öwretmegiň iş tejribesinden.
8. Özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersinde şahsyýetara gatnaşyklary kemala getirmek we kämilleşdirmek.
9. Özüňi alyp barmagyň medeniýeti sapagynda «Maşgala gatnaşyklary» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
10. Özüňi alyp barmagyň medeniýeti sapaklarynda okatmagyň işjeň usullaryndan peýdalanyp, okuwçylaryň özbaşdak işlemek başarnyklaryny we döredijilikli pikirlenmek ukyplaryny ösdürmegiň ýollary.
XXII. AÝDYM-SAZ DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen milli aýdym-saz sungatyny ösdürmekdäki we ony dünýä ýaýmakdaky beýik işleri.
2. Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartynyň talaplarynyň aýdym-saz dersi boýunça okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrylyşy.
3. Aýdym-saz dersi boýunça sapakda we sapakdan daşary işlerde okuwçylara ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Küştdepdi» aýdym we tans dessuryny öwretmegiň usulyýet tärleri.
4. Okuwçylara aýdym-saz eserlerini nota boýunça ýerine ýetirmegi öwretmegiň iş tejribesinden.
5. Aýdym-saz sapaklarynda okuwçylaryň bilimlerini, başarnyklaryny, endiklerini bahalandyrmagyň hem-de olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň iş tejribesinden.
6. Aýdym-saz dersi sapaklarynda okuwçylaryň bilesigelijilik we döredijilik işjeňligini, ukyp-başarnyklaryny ösdürmegiň ýollary.
7. Aýdym-saz sapaklarynda okuwçylary baýramçylyk çärelerinde we dabaralarynda çykyş etmäge taýýarlamagyň usullary.
8. Aýdym-saz dersini okatmakda innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň tejribesinden.
9. Aýdym-saz dersi sapaklarynda okuwçylara raýat-watançylyk, ruhy-ahlak, durmuş, medeni-taryhy terbiýesini bermegiň, ruhubelent, maksada okgunly şahsyýetleri kemala getirmegiň iş tejribesinden.
10. Aýdym-saz sapaklarynda okuwçylaryň yzygiderli okamak, öwrenmek, döretmek endiklerini kemala getirmegiň tejribesinden.
XXIII. ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY, PROÝEKTIRLEMEGIŇ ESASLARY DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen milli sungatyny ösdürmekdäki we ony dünýä tanatmakdaky hyzmatlaryny öwretmegiň iş tejribesinden.
2. Türkmen halkynyň baý taryhyny we milli medeni mirasyny okuwçylara öwretmekde Gahryman Arkadagymyzyň döreden eserlerindäki maglumatlary okuw sapaklarynda netijeli peýdalanmagyň ähmiýeti.
3. ÝUNESKO-nyň 2022-nji ýylyň 1-nji dekabrynda kabul eden Karary esasynda, bu Guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» baradaky bilimleri okuwçylara öwretmegiň iş tejribesinden.
4. Şekillendiriş sungaty: surat dersi boýunça sapaklary netijeli guramakda sanly tehnologiýalardan we internet maglumatlaryndan peýdalanmagyň ýollary.
5. Şekillendiriş sungaty: surat dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde özara işjeňlik usullarynyň peýdalanylyşy we dersara baglanyşygyň ýola goýluşy.
6. Şekillendiriş sungaty sapaklarynda okuwçylaryň çeperçilik we döredijilik ukyplaryny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň iş tejribesinden.
7. Şekillendiriş sungaty: surat dersinde okuwçylarydürli derejelerdäki bäsleşiklere taýýarlamagyň iş tejribesinden.
8. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda KOMPAS-3D programmanyň ulgamynda grafiki primitiwleri gurmagy öwretmegiň usullary.
9. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda jisimleriň görnüşlerini hasaba almak hem-de belgileri ulanmak bilen çyzgylarda ölçegleriň ýazylyşyny öwretmegiň usullary.
10. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda geometrik jisimiň ýazgyn şekilini gurmagy we nusgasyny ýasamagy öwretmegiň usullary.
XXIV. DURMUŞ ZÄHMETI DERSINI OKADÝAN
MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Durmuş zähmeti dersiniň üsti bilen okuwçylarda zähmete bolan söýgini, durmuşda zähmetiň wajyplygyny, ähmiýetini düşündirmegiň iş tejribesinden.
2. Hojalyk-durmuş zähmeti sapagynda «Undan taýýarlanýan tagamlar. Hamyr we hamyr önümleri» diýen temany öwretmegiň usullary.
3. Durmuş zähmeti sapaklarynda ýüpekçiligiň ösdürilişi we ýüpek süýüminiň alnylyşyny öwretmegiň usullary.
4. Durmuş zähmeti sapaklarynda gül-bezeg ösümlikleriniň tohumlarynyň, miweleriniň ýygnalyşyny we saklanyşyny öwretmegiň usullary.
5. Durmuş zähmeti sapaklarynda herekete getiriji mehanizmler we olaryň şertli belgileriniň belgilenişini öwretmegiň usullary.
6. Durmuş zähmeti sapaklarynda ülňini matanyň üstünde ýerleşdirip biçilende matany tygşytlamagy öwretmegiň ýollary.
7. Durmuş zähmeti sapaklarynda miweleriň, ir-iýmişleriň uzak saklanyşyny öwretmegiň usullary.
8. Durmuş zähmeti dersinde geometrik jisimleriň çyzgylary we ölçegleri barada düşünjäni öwretmegiň usullary.
9. Zähmet gurnaklarynda okuwçylara ýaş bagban hünäri we olara telekeçilik işi baradaky ilkinji düşünjeleri öwretmegiň ýollary.
10. Durmuş zähmeti dersinde amaly-tejribe işleri geçirmegiň usullary.
XXV. BEDENTERBIÝE DERSINI OKADÝAN
MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ilatyň fiziki işj eňli gi ni ýokarl andyr mak boýunça 201 8—2025- nji ýyllar üçin Milli strategiýany» durmuşa geçirmekde mekdep okuwçylarynyň we ýetginjekleriň arasynda spartakiadalary, kroslary, marafonlary we pyýada syýahat ýörişlerini guramagyň iş tejribesinden.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek barada eden çykyşlaryndan we kabul edilen resminamalaryndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ýollary.
3. Bedenterbiýe sapaklarynda okuwçylaryň bilimlerini, başarnyklaryny, endiklerini bahalandyrmagyň iş tejribesinden.
4. Bedenterbiýe sapaklarynda we sport ýaryşlary geçirilende okuwçylaryň ýaş aýratynlygyny we ýerli howa ýagdaýlaryny hasaba almagyň düzgünleri.
5. Bedenterbiýe sapagynda okuwçylara şahsy gigiýenany we howpsuzlyk düzgünlerini öwretmegiň hem-de olaryň bedenini berkitmegiň iş tejribesinden.
6. Bedenterbiýe dersi boýunça sapakdan daşary çäreleri guramagyň we geçirmegiň hem-de okuwçylary dürli görnüşli sport bäsleşiklerine taýýarlamagyň usullary.
7. Bedenterbiýe dersinden okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna görä okuw-barlag ölçegleriniň geçirilişiniň iş tejribesinden.
8. Bedenterbiýe sapagynda çalt hereketli we milli oýunlardan peýdalanmagyň ähmiýeti.
9. Bedenterbiýe sapagynda «Sport oýunlary» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
10. Bedenterbiýe sapagynda dürli usullardan, okuw serişdelerinden peýdalanmagyň iş tejribesinden.
XXVI. SYNP ÝOLBAŞÇYLARY ÜÇIN:
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde synp ýolbaşçylarynyň alyp barmaly işleri.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim özgertmelerine we 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda tassyklan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, synp ýolbaşçysynyň bilim-terbiýäniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakdaky wezipeleri.
3. Sapakdan daşary okuw-terbiýeçilik işleriniň üsti bilen okuwçylary ylmy döredijilige ugrukdyrmakda we döredijilik-taslama bäsleşiklerine taýýarlamakda synp ýolbaşçylarynyň durmuşa geçirmeli işleri.
4. Synp s agat l a rynda Gahryman Arkadagymyzyň romanlarynyň we nusgalyk eserleriniň many-mazmunyndan döredijilikli peýdalanmagyň usullary.
5. Sapakdan daşary çäreleri guramak we geçirmek, okuwçylary dürli görnüşli bäsleşiklere taýýarlamak hem-de hünärlere ugrukdyrmak boýunça synp ýolbaşçysynyň öňünde durýan wezipeler.
6. Okuwçylaryň boş wagtlarynda okuw kitaplary we çeper eserler bilen özbaşdak işlemek başarnyklaryny ösdürmegiň ýollary.
7. Okuwçylaryň bilimlerini, başarnyklaryny kemala getirmegiň we endiklerini terbiýelemegiň iş tejribesinden.
8. Synp sagatlarynda okuwçylara milli mirasymyza degişli maglumatlary öwretmekde multimedia tehnologiýasyndan we okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanmagyň iş tejribesinden.
9. Synp ýolbaşçylarynyň ders mugallymlary, ata-eneler, jemgyýetçilik guramalary bilen özara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagynyň bilimiň we terbiýäniň hilini ýokarlandyrmakdaky orny.
10. Synp sagatlarynda çekişmeleri, oýunlary, döredijilik bäsleşiklerini, baýramçylyk dabaralaryny, aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlaryny guramagyň iş tejribesinden.
XXVII. MEKDEP
KITAPHANAÇYLARY ÜÇIN:
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda gol çeken Kararlary bilen tassyklanan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenist any 2022—2052- nji ýyll arda dur muş- ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişi baradaky maglumatlary okuwçylara öwretmekde mekdep kitaphanaçysynyň öňünde durýan wezipeler.
2. Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň many-mazmuny esasynda okuwçylara ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, durmuş terbiýelerini bermegiň iş tejribesinden.
3. Okuwçylaryň kitap okamaga bolan höwesini we gyzyklanmasyny ýokarlandyrmagyň, olaryň döredijilik, pikirleniş ukyplaryny ösdürmegiň we olarda ylmy dünýägaraýşy kemala getirmegiň iş tejribesinden.
4. Mekdep kitaphanaçysynyň işini meýilnamalaşdyrmagyň we onuň iş resminamalaryny talabalaýyk ýöretmegiň hem-de kitaphana gaznasyny elektronlaşdyrmagyň we kitaphananyň içini talabalaýyk bezemegiň iş tejribesinden.
5. Mekdep kitaphanasynda okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň ýazarlary, ýazyjy-şahyrlar we medeniýet-sungat işgärleri bilen döredijilik duşuşyklaryny guramagyň tejribesinden.
6. Mekdep kitaphanasynda okuwçylarda ata Watana bolan söýgini, milli medeni mirasymyza, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza hormaty terbiýelemegiň iş tejribesinden.
7. Mekdep kitaphanasyna gelen okuw serişdelerini, okuw kitaplaryny kitaphananyň hasabat kitaplarynda hasaba almagyň, kitaplary tükellemegiň, arassaçylyk we kitaplary abatlaýyş işleriniň geçirilişi.
8. Okyjylar maslahatlaryny, kitap hepdeliklerini we sergilerini guramak arkaly okuwçylarda bilimleri, başarnyklary, endikleri kemala getirmegiň iş tejribesinden.
9. Kitaphanaçynyň mekdep ýolbaşçylary, ders mugallymlary, synp ýolbaşçylary we okuwçylar bilen sazlaşykly hyzmatdaşlygyny guramagyň iş tejribesinden.
10. Mekdep kitaphana gaznasyny elektronlaşdyrmagyň we ony talabalaýyk ýöretmegiň tejribesinden.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
Türkmenistanyň Milli bilim instituty.
1 лайков 2 635 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.