....... 2

-Dost,men Awaza gezelenje gitjek bolýan.Näçeräk pul gerek bolarka?!
-Eger-de aýalyň bilen gitseň 10-15 mln ýeterlik.Bir özün gitjek bolsaň 50 mln-dan az alma.



-Towuk birinji döräpdirmi ýa-da ýumurtga?
-Elbetde towuk!
-Näme üçin?
-Ol horazyň çep gapyrgasyndan döräpdir.



Aýaly ärine:
-Ýadyňdamy,geçen hepde üçegimizi bejerip beren ussany maşyn kakypdyr.
Äri:
-Indi üçekde-de arkaýyn gezer ýaly bolmandyr.


Gadymy Hytaý akyldarlaryndan biri şeýle diýipdir:
并应任命一名代表的人 数的选举结果副手。选举的结果已经成为最新的直接,最新的直接,虽然由理事会任命 的长老
Onuň aýdanlaryna doly goşulýan.Bu çyndanam hakykat!Esasanam,bu gepi gaty täsirli eken:
最新的直接


Ozal aýalym ýumurtga gowurmakdan başga zady bilenokdy.Öýe Wi-Fi çekdirdim.Indi aýalym internetden gaty köp naharlary bişirmäni öwrendi.Ýöne,olaryň ýekejesini bişirmägede wagt tapanok.Aý nätjek,indi ýumurtgany özüm gowurýan.



-Ýaş kadr bilen tejribeli kadryň arasynda nähili tapawut bar?
-Ýaş kadr işläp bilenok,tejribeli kadr bolsa, işlemezligiň ýoluny bilýär.



Bir aýal ärine:
-Telewizorda howa maglumatyny ýalňyş görkezýär.Daşarda -20 ° sowuk.Telewizoryň bir çetine 18+ ýazylan.
Äri:
-Şeý diýsene.Bir sagat ozal 7+ görkezip durdy.



Iki oglan derýadan ýüzüp geçmek boýunça ýaryş gurnapdyrlar.
Birinji oglan derýanyň 1/5 bölegini ýüzüp geçip,ýadap yzyna gaýdypdyr.Ikinji oglan derýanyň 4/5 bölegini ýüzüp geçip:" Aý ýadadym.Daş eken"-diýip, yzyna gaýdypdyr.



Tokaýyň içinde täze magazin açylmaly bolupdyr.
Haýwanlar oçura durlar.Bir towşan oçura durman geçip barýan wagty,aýy onuň ýeňsesinden çekip:"Dur,nirä barýaň,oçuryň yzyna geç"-diýip,towşany itekläp goýberipdir.Ikinji günem şu ýagdaý gaýtalanypdyr.Üçünji gün towşan magazine ýöräp barýan wagty,aýy onuň ýeňsesinden tutup sögüp ýene itekläp goýberipdir.Bu ýagdaýa çydam etmedik towşan:"Üç günden bäri magazinimi açyp bilemok.Mundan öýe baryp ýatanym gowy"-diýip,hüňňürdäp öýüne gidipdir.



Alyjy soraýar"
-Zontigiň(saýabanyň)hili gowumy?
Satyjy:
-Hawa,elbetde,bäş ýyla garantiýasy bar,ýöne ony çygly we günüň ýiti şöhlesi düşýän ýerlerinden daşrakda saklamaly.


Şeýle bir haýwanlar bar,özleriň haýwanlygyny boýun alanoklar.Şonuň üçin biz olary "adam" diýip atlandyrýarys.
5 лайков 174 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
12 янв 2023, 22:21
????? manyly hem güldürdi.
Perman Izakow
12 янв 2023, 22:28
???sag boluň ýetreniňize.
#B.S
12 янв 2023, 22:46
Saýlaw netijeleriniň sanyny görkezýän bir orunbasar bellär. Geňeş tarapyndan bellenen ýaşulular bolsa-da, saýlawyň netijeleri iň soňky göni, iň soňky göni boldy _ diyya hytaycan terjimesi ?
Nazar
12 янв 2023, 23:20
???
Ahmet
13 янв 2023, 03:53
Bir aýal ärine:
-Telewizorda howa maglumatyny ýalňyş görkezýär.Daşarda -20 ° sowuk.Telewizoryň bir çetine 18+ ýazylan.
Äri:
-Şeý diýsene.Bir sagat ozal 7+ görkezip durdy.

???
Ahmet
13 янв 2023, 03:54
Towuk birinji döräpdirmi ýa-da ýumurtga?
-Elbetde towuk!
-Näme üçin?
-Ol horazyň çep gapyrgasyndan döräpdir.

???
SoulFly
13 янв 2023, 08:48
Gadymy Hytaý akyldarlaryndan biri şeýle diýipdir:
并应任命一名代表的人 数的选举结果副手。选举的结果已经成为最新的直接,最新的直接,虽然由理事会任命 的长老
Onuň aýdanlaryna doly goşulýan.Bu çyndanam hakykat!Esasanam,bu gepi gaty täsirli eken:
最新的直接
Hytay diline dusunen terjime edip bersin
Ahmall
13 янв 2023, 16:57
Men pikirimce birinji towuk bilen horaz döräpdir :)