.......

Bir fermada towuk 4 kg yumurtga guzlapdyr.Žurnalistler gelip ony soraga tutupdyrlar:
-4 kg ýumurtga guzlapsyňyz.Mundan beýleki maksatlaryňyz näme?
Towuk:
-Nesip bolsa indi 7 kg-lyk ýumurtga guzlamakçy.
Žurnalistler horazam soraga tutupdyrlar.
-Aýalyňyz 4 kg ýumurtga guzlapdyr.Indi maksat 7kg diýýär.Siz bu maksada nähili ýetmekçi bolýaňyz?
Horaz:
-Birinji nobatda düýeguşy fermadan kowjak.


Aýaly ärine:
-Goňşymyz her güni işe barýan wagty,aýalynyň ýüzünden ogşap gidýär.Siz näme üçin beýle edeňizok?
-Men nädip ogşaýyn.Ol biriniň aýaly ahyryn?!


-Näme üçin pasportymda boş sahypalar beýle köp?
-Bu seniň durmuşyň içgysgynçdygynyň alamaty.

-Çişlige näme goşup bişiripdiňiz?
-Men muny aýdyp biljek däl.Bu meniň aşpezlik syrym.
-Aýtmasaňyz bolonok.3 günden bäri renematsiýada ýatyryn.Dokdorlar sebäbini tapanok.


Iň akylly guşlar tomsy hem ýyly ýurtlarda geçirýärler.


-Orsýetde näme gürrüň?!
-Aý,öňküler ýaly.Sanksiýalary köpeltdiler.
-Ýene pakede salyp berdilermi?!


Meni "gowy" diýip bilýänlere köp sagbolsun aýdýan.
Aslynda nähilidigimi bilýänler üçin:"Haýyşt, hiç kim bilmesin!"



Ýolbars tokaýdaky ähli haýwanlary toplapdyr.
Ýolbars:
-Mundan beýlä hemmäňiz özüňize ýoldaş tapyp,bir-biriňizi gorap geziň.Sizi gorap gezmekden wapşe ýadadym.
Towşan:
-Ýolbarsa haýsy biriňiz azar berjek bolsaňyz,özüm eýiňizi ýetirerin!


Türmede iki tussag gürleşýär:
-Seni näme üçin basdylar?
-Bäsdeşligiň pidasy boldum.
-Nähili bäsdeşlik?
-Menem edil hökümediňki ýaly pul ýasadym.


Bir adamyň öýüne gelen myhman gaty utançsyz eken.Bir hepdeläp ýatypdyr.
Ahyryn öý eýesi oňa kakdyrmaga mejbur bolupdyr:
-Myhman,bala-çagalaryňyzy hem göresiňiz gelendir?
-Wah,näsini aýdýaň!Ertir olaram bäri çagyrjak.


Bu gün maňa nätanyş nomerden SMS gelipdir:"Janym gaty görmäň,men başga birini söýdüm,günä sizde däl,başga görüşip bilmeris!"
Baý-bäää...Hat-da tanamaýan gyzymam meni taşlap gitdi.


Awtobusda barýan oglan gyzdan sorady:
-Gözel gyz,bir bakyşdaky söýgä ynanýaňyzmy?!
Gyz:
-Ýok,ynanamok.
Oglan:
-Onda ertir nirede duşuşarys?!

-Dost,Marslyny öldürseň basýalarmy?
-Hawa,ýöne dälihana!

3 лайков 183 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
11 янв 2023, 17:46
:D:D:D
S❤
11 янв 2023, 18:10
Yetirip durun.
Nazar
11 янв 2023, 18:49
???
Öwreniji
11 янв 2023, 20:15
???
Ahmet
12 янв 2023, 08:38
-Men nädip ogşaýyn.Ol biriniň aýaly ahyryn?!

???