UNUTDYM...

UNUTDYM...

Men seni bireýýäm ýatdan çykardym.
Ýatlap ýörmek peýdasyz-a söýmeseň.
Unutdym, her säher suratyň ogşap,
Her agşamam düýşe girýäň diýmeseň.

Men seni bütinleý ýatdan çykardym,
Söndi çep gursakda lowlan ataşam.
Ýöne senden habar beräýjek ýaly,
Her bir gabatlaşan,her bir sataşan.

Seni mydamalyk ýatdan çykardym,
Seni ýatlamagyñ hajaty hem ýok.
Ýöne,bilýärmiñ sen,şo-ol otly gözleñ
Bu gyzlaryñ birindenem tapamok.

Seni hyýalymdan çykardym weli,
Ynanaý,şeýlebir giñedi dünýäm.
...Dünýämem giñese-de giñändir welin,
Men bir hakykata indi düşünýän.

Seni hyýallamdan sowuryp zyñyp,
Ganaty gyrylan garlawaç kimin,
Sensiz galanymda düşündim,dünýäm,
Asyl zyñan zadym özüm ekenim.


Agageldi ITALMAZOW.
1 лайков 116 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
16 янв 2023, 16:07
gowy goryan goshgularymdan biri
Aýnur
18 янв 2023, 00:58
Kera aýdym edip aýdýar şuny