Tanyş boluň: 2023-nji ýylyň "Älem gözeli"!

Amerika wagty bilen şu gün agşam Täze Orleanda ýer ýüzündäki iň owadan gyzy saýladylar.

Gözellik bäsleşiginiň jemleýji üçlügine Dominikan Respublikasyndan, ABŞ-dan we Wenesueladan gelen gözeller girmegi başardylar. Netijede, 2023-nji ýylyň «Älem gözeli» adyna Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan R'Bonni Gabrielle mynasyp diýlip yglan edildi.

Gözellik bäsleşiginiň milli eşikleri görkezmek tapgyrynda egnine bodi, aýagyna botfort geýen R'Bonni Gabrielle, arkasyna Aý we ýyldyzlardan ýasalan bezegi dakynyp çykdy. Gözel gyz bu tapgyrdaky çykyşynda: «Men NASA kosmos merkeziniň ýerleşýän şäheri Hýustonda doglan gyz hökmünde, ilkinji bolup, Aýa zenan maşgalany ibermegi maksat edinýän şäherde ýaşaýandygyma buýsanýaryn» diýip, öz buýsanjyny we lybasynyň manysyny beýan etdi.

2023-nji ýylyň «Älem gözeli» bolmak üçin 86 ýurtdan gelen gözeller bäsleşdiler.

Çeşmesi: https://salamnews.tm/section/jemgyyet/model-we-stil/tanys-bolun:-2023-nji-yylyn-alem-gozeli!-onun-yensine-adaty-bolmadyk-tasin-lybasy-sebap-boldy-47ba65. 16.01.2023ý.
2 лайков 211 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Owrenyan
Автор 16 янв 2023, 08:54
Meşhur satirik Nuryşkaň (Nurmuhammet Nazarow) degişmelerinden:

Biri geçip barýarmyş. Ýüzi 25 ýyllap krytyda (türmede) oturyp geleniň ýüzi ýalymyş. Iki sany pinekläp oturanlaň birem oňa sorag berýärmiş:
-A gyz adyň näme?
-Öwödön.
-Sendenemmir owadan bolarm-aý!-diýip oturanlaň ikinjisi gülýärmiş welin, ýanyndaky diýýärmiş:
-Gülmesen-aý dos, çöwren bolaýsalar nätjek...
Dowsypat
16 янв 2023, 09:16
Bir wagtlar:"Siziň betnyşanja gyzyňyz bar"-diýip,bir maşgalany öýkeledip Amerika göçürüpdik.Tüweleme,şol gyz indi "Älem gözeli" bolupdyr.
Dowsypat
16 янв 2023, 09:21
Gözel gyz bu tapgyrdaky çykyşynda: «Men NASA kosmos merkeziniň ýerleşýän şäheri Hýustonda doglan gyz hökmünde, ilkinji bolup, Aýa zenan maşgalany ibermegi maksat edinýän şäherde ýaşaýandygyma buýsanýaryn» diýip, öz buýsanjyny we lybasynyň manysyny beýan etdi.

Hantöreden sorasaň tanaýandyram welin,Mason kakaň gyzy öýdýän!
Dowsypat
16 янв 2023, 09:30
2023-nji ýylyň «Älem gözeli» bolmak üçin 86 ýurtdan gelen gözeller bäsleşdiler.

Olaryňam deň ýary Afrika ýurtlarydyr.Orta Aziýada ýekeje-de owadan gyz ýok ahyryn.Hemme owadan gyzlar Afrikada.
#B.S
16 янв 2023, 10:00
Dowsypat.,
???
Dowsypat
16 янв 2023, 10:22
ilkinji bolup, Aýa zenan maşgalany ibermegi maksat edinýän şäherde ýaşaýandygyma buýsanýaryn»

Aýa gitmezden öň,Türkmenistana bir gelip gitmeli eken.Gujaklap ugradardyk.Biz geleni gujak açyp garşylaýan millet.Ynanmadyklar, Joniden sorap göräýmeli?!
senagul
16 янв 2023, 11:43
Dowsypat.,
?
Soho
16 янв 2023, 11:59
@Dow, haha Jonidan soramaly :D
Angry angel
17 янв 2023, 10:35
Dowsypat.
ilkinji bolup, Aýa zenan maşgalany ibermegi maksat edinýän şäherde ýaşaýandygyma buýsanýaryn»

Aýa gitmezden öň,Türkmenistana bir gelip gitmeli eken.Gujaklap ugradardyk.Biz geleni gujak açyp garşylaýan millet.Ynanmadyklar, Joniden sorap göräýmeli?!
?????