Näme ýok? (UzMIR ft M1NOR) - rep sözleri terjime.

Durmuşdan nalaýanlar üçin! ?

Näme ýok?

UzMir:
Aýtsana nalaberýäň sende näme ýok?
On oki süňňüň, saglygyň bar ýene näme ýok?
Her güniň geçip dur ýene näme ýok?
Aýtsana nalaberýäň sende näme ýok?

Kepilligiň alyndymy, sende näme ýok?
Aýtsana nalaberýäň sende näme ýok?
Hat-da naçarlaram nalanok.
Ýöne nalap, agzyň hiç duranok!

Azatlykda sen, ýene näme ýok?
Keýpi-sapada uçduň ýene näme ýok?
Söýüp asmana uçduň ýene näme ýok?
Bügünlikçe nalamaga sende näme ýok?

M1NOR:
"Bir kem dünýä bu" diýýärler
Nätanyşa üns berme nalap
Senden syryňy alyp, töwerege saçar
Içime ýuwutdym, galmasa mydarym

Ertir üstüňdenem gülerler
Gybatyňy edip, köşk gurarlar
Dostluk maskasynda taýyn durarlar
Soňra arkaňdan pyçak urarlar

"Ýok bulara degişli däl men" diýip
"Yzyňdan gep edemok" diýip
"Men Hameleon däl" diýip
"Ýalan sözler aýdamok" diýip
"Seni gamgyn etmerin" diýip
"Gaçýan adam däl men" diýip
Bulary diňlemäge ýok mydarym.
Magtanarlar "Zews men" diýip

UzMIR:
Jan çykýarka teniňden, belki puşman edersiň
Jogaplar ýok sende, günäkär bolarsyň
Nämeden begenersiň, mundan gynanarsyň.
Bular düýş diýip seretseň, näme bolar uklamasaň?

Aýt umudyň kimde, nämä ynanýarsyň?
Seretsem üns bilen, özüňçe geniý sen
Öz özüňden ýanýarsyň, özüňe perwanasyň
Ýöne bir oýlanyp gör, näme bolarka nalamasaň?

Gaýtalamak:
Aýtsana nalaberýäň sende näme ýok?
On iki süňňüň, saglygyň bar ýene näme ýok?
Her güniň geçip dur ýene näme ýok?
Aýtsana nalaberýäň sende näme ýok?

Kepilligiň alyndymy sende näme ýok?
Aýtsana nalaberýäň sende näme ýok?
Hat-da naçarlaram nalanok.
Ýöne nalap, agzyň hiç duranok!

Azatlykda sen, ýene näme ýok?
Keýpi-sapada uçduň ýene näme ýok?
Söýüp asmana uçduň ýene näme ýok?
Bügünlikçe nalamaga sende näme ýok?

©UzMIR & M1NOR L1ghtdream - Näme ýok?
16.01.2023 22:55

Özbek dilinden terjime eden: Baýramgylyç Sapargylyjow
23.01.2023 22:31
1 лайков 168 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
Автор 23 янв 2023, 22:41
Nämeden nalaýarkalaraý şular? Lablazeň aýdyşy ýaly "ýaşaberdä şükür etde, eliňde bar bolsa tapanjaň" ?
kesirkelle
23 янв 2023, 23:56
?başyny okadym yzyny okomaga ýaltanýom şumat. Soñ diñlaymeli bor. Gaty calt aýdansoñ yada ozbekca dusinmeyanimden yada gyssagara diñleyanimden yeke sozine de duşinemok Minoor dagyñ replerniñ
Suleyman
24 янв 2023, 09:09
JAVA'nyň aýdymlary gowy