Eliňdedir

Şükürim kän keremiňe, eý, Allam,
Ykbala nur çaýýan ýaz eliňdedir,
Ömür günler bilen atyp ýör hallan,
Emma soňra galjak, ýaz eliňdedir.

Bilmän galýan niçik duşumdan geçdi,
Günler bir-birine şeýle bir gysby,
Gursaga guýupsyň, egsilmez yşgy,
Körügin köretjek köz eliňdedir.

Aýdyň, nirde yşkdan ýüzün sowan bar?!
Mähre–ýatlar ýakyn, dostlar dogan bo:r,
Köp atsaň şo:r, az atsaňam ýuwan bo:r,
Ömre tagam berjek duz eliňdedir.

Öwütdir şü, görelde şü pederden,
Gahryn ýuwdan, iň ullakan edermen,
Haýsy ýana sürseň, şoňa gidermen,
Ykbalyň jylawy öz eliňdedir!
3 лайков 70 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.