Çensiz çepbekeýler
Her ýylyň 13-nji awgusty Halkara çepbekeýler günüdir.
Çepbekeýleriň arasynda erkek adamlar aýal adamlardan sany boýunça artykmaçlyk edýärler.
Çepbekeýler sag ellerini saggakaýlaryň çep ellerini ulanyşyndan köp ulanýarlar.
Leonardo da Winçi bir wagtyň özünde iki elinde hem surat çekip bilipdir.
Çepbekeýleriň sany wagt geçdigiçe azalýar. Daş asyrynda olar dünýä ilatynyň 50 göterimini, bürünç asyrynda — 25, häzirki wagtda bolsa olar dünýä ilatynyň 5 göterimini düzýär diýip bilermenler belleýärler.
Dünýädäki çepbekeý dogulýan çagalaryň ene-atasynyň ikisem saggakaýlary 2, ene-atasynyň haýsy-da bolsa biri çepbekeýleri 17, ikisem çepbekeýleri 46 göterimini düzýärler.
Jandarlar hem çepbekeý bolup bilýärler. Pişikleriň agramly bölegi saggalardyr, syçanlaryň 44 göterimi saggalar, 28 göterimi çepbekeýler, galanlary bolsa iki tarapyna-da (hem sagga, hem çepbe) ökdedir. Ak aýylaryň hemmesi diňe çepbekeýdir.
Rus imperatory Pýotr I çepbekeýlere kazyýetde şaýat bolmagy gadagan edipdir. Ol çepbekeýler aşa mekir bolýar diýip hasaplapdyr.
Dünýä belli geniler (uçursyz, aşa zehinli adamlar) çepbekeýlerdir.
Ine olaryň käbiri: Albert Eýnşteýn, Isaak Nýuton, Leonardo da Winçi, Pablo Pikasso, Beýik Aleksandr, Ýuliý Sezar, Napoleon Bonapart, Genriý Ford, Lýuis Kerroll, Ringo Starr, Bobbi Fişer. Olar hiç wagt öz çagalaryna çepbekeý iş etjek bolanynda saggakaýlygy öwretmändirler. Sebäbi seniň kiçijik geniligi ýok edäýmegiň mümkin ahyryn.
Çepbekeýler Ýer togalagynda 700 mln. adam hasaplanýar.
Bir wagtyň özünde hem saggakaý, hem çepbekeýler — az öwrenilen täsin hadysadyr.
Eger-de, aýal 40 ýaşynda göwreli bolsa, (20 ýaşly göwreli aýal bilen deňeşdireniňde), ondan dogjak çaganyň çepbekeý boljakdygyna güwä geçip bolýar diýip hasap edýärler.
Alymlaryň barlaglaryna görä çepbekeýler giňişlikde baş alyp çykmakda, matematika hem-de arhitekturada zehinli bolupdyr, saggakaýlar bolsa dilewar, dilden düşündirmek endigine ussat bolupdyrlar.
Çepbekeýleriň aňy saggakaýlara garanyňda islendik habary çalt kabul edýänligi sebäpli, olar işiň islendik görnüşini çalt ýerine ýetirip bilýär diýip hasaplanylýar.
Haçan-da, saggakaý çaga iýmitlenende saga, çepbekeý çaga bolsa şol hereketde çepe ýa-da hiç tarapa hem üns bermeýär ekeni.
1989-njy ýylda Russiýanyň Tula şäherinde çepbekeýlere ýadygärlik dikeldilipdir.
Mekdep ýaşyna ýetmedik ösüş aýratynlygy boýunça çepbekeý çaga ýa-da sagga çaga bolmaýar. Olaryň beýnisiniň ösüşi deň däldir. 5 ýaşaýança onuň beýnisiniň sag tarapy kämilleşýär, 8-12 ýaşa çenli bolsa çep tarapky beýnisiniň sudury kämilleşýär.
Haçan-da, nesle geçijilikde, kellä şikes ýetmede, göwrelilikdäki näsazlykda, ululara öýkünmeklikde bökdençlikler bolan pursatynda göwräniň çep tarapy işjeň ýagdaýda bolýar.
Sag ele şikes ýeten pursatynda göwräniň işini ýerine ýetirmek erki çep ele tarap bolýar. Sebäbi göwräniň erki beýniniň ýarym şarynyň çep tarapyna bagly bolýar.
Adamyň çepbekeý bolmagy adatdan daşary näsazlyk däldir. Çepbekeýlere saggakaýlygy öwretmeklik hökman däldir. Beýle etmekligiň şol çagalaryň saglygyna örän howpludyr. Sebäbi çepbekeýleriň sag beýnileriniň ýarym şarlary ösendir.
2014-nji ýylyň maglumatlaryna görä, tennisçileriň 50-siniň 20-si çepbekeýlerdir.
Islendik adamyň saggakaý ýa-da çepbekeý bolmagy onuň özüne däl-de, beýniniň ýarym şarynyň doga işjeňligine baglydyr. Meselem, beýniniň sag ýarym şarynyň işjeňligi ýokary bolsa, çepbekeý, beýniniň çep ýarymşarynyň işjeňligi ösen bolsa, saggakaý bolýar.
Çepbekeýligi doglanyndan soň öwredilen çagalaryň iş başarjaňlygy gaty pes bolýar. Olara gizlin çepbekeýler diýilýär.
Lukmanlaryň bellemegine görä çepbekeýleri daşky sypatyndan, gurluş taýdan bilip bolýar. Ýagny, olaryň elleriniň barmaklary hem-de aýalary sag eliniňkiden uly bolmak bilen, saggakaýlara seredeniňde ýüz-gözleriniň hereketi işjeň bolýar. Şeýle hem külbike barmagynyň dyrnagy ýasy bolýar.
Antik döwrüň görnükli syýasatçysy, dünýäniň ýarsyna barabar ýerini basyp alan beýik serkerde Aleksandr Makedonskiý esgerlerine çep eli bilen ýol görkezipdir. Edil şolar ýaly pursaty Napoleon Bonapart hem-de Ýuliý Sezar gaýtalap, beýik basybalyşlary amala aşyrypdyrlar. Häzirki döwrüň syýasatçylary Ronald Reýgan, uly we kiçi Jorj Buşlar, Bill Klinton hem-de Barak Obama, şonuň ýaly hem Fidel Kastro çepbekeý syýasatçylardyr.
Belli serkerde Aleksandr Makedonskiý çepbekeýlerden 700 sany adamdan ybarat ýörite urşujy bölümini döredipdir. Olar söweşiň aýgytlaýjy pursatynda garşydaşynyň garaşmaýan çep tarapyndan hüjüm edipdirler.
Uzak wagtyň dowamynda Leonardo da Winçini doga çepbekeý diýip, hasap edýärdiler. 2019-njy ýylda italýan barlagçylary doga çepbekeý diýip, hasap edilýän beýik genä çepbekeýlik heniz çagaka öwredilipdir diýen netijä geldiler. Soňlugy bilen Özgerişler zamanasynyň Beýik wekili iki elinde hem erkin hereket edip, ýerine ýetirmeli işlerini amal edip bilipdir. Ol sag hem-de çep elinde hatlary örän oňat ýazyp bilipdir. Ondan başga-da, iki elinde hem hatlary aýnada görüp okamaly edip çepden saga ýazmak endigine örän ussat bolupdyr.
Käbir maglumatlara görä kiçijik çepbekeýlere islendik zady öwretmek kyn düşýär diýip belleýärler. Bu maglumatlar bilen Albert Eýnşteýniň mugallymlary ylalaşýarlar. Sebäbi, bu beýik genä kiçijikgä arifmetikanyň sadaja hasaplaryny düşündirmek, çözdürmek örän kyn bolupdyr. Onuň bu häsiýeti oňa soňlugy bilen Nobel baýragyny alyp, beýik fizik bolup taryhyň gatyna girmäge päsgel bermändir.
Dünýä belli amerikan telekeçisi, dünýäniň iň baý adamlarynyň biri Bill Geýts çepbekeýlere kompýuterde işlemekligiň oňaýsyzlygyny görüpdir. Şonuň üçin hem ol özüniň işleriniň birinde kompýuteriň syçanjygyny çepbekeýlere oňaýly bolar ýaly tertipde düzgünleşdiripdir.
Argentinaly dünýä belli futbolçy Diýego Maradona özüniň futbol oýnan ýyllarynda geçiren 345 golunyň diňe 3-sini sag aýagy bilen geçiripdir. Onuň çep aýagy bilen depýän pökgüsi örän howply bolup, ony yzyna gaýtaraýmak örän çetin bolupdyr.

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.