13-lik betbagtlyk getirýärmi?
Bu ynanja biziň jemgyýetimizde hem käwagt gabat gelinýär. Eýsem, munuň näme manysy bar? Bu yrym nähili döredi?
Ýewropada we Amerikada bolsa oňa adamlaryň gündelik durmuşyna täsirini ýetirip biljek derejede ynanylýar. Hatda jaýlara 13 nomeri goýulmaýar. Otellerde 13 nomerli otag 12A ýa-da 14 bolýar. Bolan ýagdaýynda-da müşderiler bu otagda bolmak islemeýärler. Hatda aýyň 13-i güni işe gitmezlik we söwdanyň pese gaçmagy million dollarlara barabar ýitgilere sebäp bolýar. Bu yrym birnäçe hristianlara görä Isa pygamberiň iň soňky üýşmeleňi bilen baglanyşdyrylsa-da, munuň kökleri has könelere daýanýar.
Skandinawiýalylar medeniýetinde dörän bu ynanç şu erteki bilen baglanyşdyrylýar: Wikingleriň hudaýlary hasaplanýan Odin we Frigganyň ogullary — yşyk we owadanlygyň hudaýy Balder hudaýlaryň arasynda üýşmeleň guraýar. Bu nahara 12 adamyň çagyrylmagyna garamazdan, çagyrylmadyk ýalan we hiläniň hudaýy Loki hem bu üýşmeleňe 13-nji bolup gelýär. Bu üýşmeleňde bolsa dawa turup, Loki beýleki hudaýlaryň arasynda sylanýan Balderi öldürýär.
Elbetde, bu bir skandinaw ertekisi. Bu erteki günorta Ýewropa çenli ýaýraýar we hristian din adamlary bu ertekini Isa pygamber bilen baglanyşdyrýarlar. Balderiň ýerine Isa pygamber, Lokiniň ýerine Judas goýulýar we bu üýşmeleňden soň Isa pygamber çarmyha gerilýär diýen ynanç bar.
Muňa ynanýan adamlar aýyň 13-ine gabat gelýän Anna günlerini iki esse betbagt hasaplaýarlar. Bu bolsa ynançlardaky Hz Adam Atanyñ Anna güni alma iýip jennetden kowulandygy, Hz.Nuh pygamberiň döwründäki siliň Anna güni gelendigi, Hz.Isanyň Anna güni çarmyha gerilendigi bilen baglydyr. Biz — musulmanlarda bolsa Adam atanyň Anna güni ýaradylandygy sebäpli bu güne aýratyn sarpa goýýarlar.
«Triskaideskafobia» bu 13-likden gorkmak keselidir.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.