Halk arasynda giñden ýaýran yrymlar we ynançlar
Yrymlar, ähli dinde we halkda bar bolup, dürli görnüşlerde duş gelýär. Yrymlar - weliliklere esaslanýan ynançlardyr. Yrymlar ýa-da ynançlar – bilimsizlikden, ylmy we tebigy hadysalara ýalňyş (nädogry) düşünmekden, ykbala ýa-da jada (palçylyga) ynanmakdan, bilinmeýän zatlar bilen baglanyşykly nämälim gorkudan döreýän amallardyr.
Ine, halk arasynda giňden ýaýran yrymlar:
Oda suw dökmek:
Dürli ýaýran ynançlara görä, oda suw döküp öçürmek erbet ruhlary herekete getirýär. Muny eden adam ruh tarapyndan urulýar we ömrüniň ahyryna çenli hassa bolup galýar.
Injir agajynyň aşagynda ýatmaly däl:
Injir agajy yrymlarda iň köp duş gelýän agaç görnüşidir. Injir agajynyň aşagynda uklaýan adamlaryň yzyna «Iblis» (şeýtan) düşüp, onuň başyna erbetlikleri duçar etjekdigine we haýal etmän janyny aljakdygyna ynanylýar.
Itiň uwlamagy betbagtlyk getirýär:
Köp ýurtlarda uwlaýan it betbagtlygyň alamaty hökmünde kabul edilýär. Halk arasynda «Azan okaljak wagty» uwlaýan itiň töwereginden ýa-da golaýyndan hökman biriniň jynazasy çykýar diýlen ynanç bar.
Guşlaryň üstüňe tezeklemegi (syçmagy):
Islendik haýwanyň tezegi eşige ýokanda ýa-da degende adamlar biynjalyk bolýarlar. Emma guşlar tezeklese muny adamlar şowlulyk hökmünde görýär we begenýärler.
Gara pişik:
Esasanam gije golaýlaberende (gündiz hem) öňüňden gara pişik geçende onuň betbagtlyk getirjegine ynanylýar. Bu ynanjyň taryhy orta asyrlardan gaýdýar.
Aýaň (eliň içiniň) gijelemegi:
Halk arasynda sag eliň aýasy gijese puluň geljegine, tersine çep eliň aýasy gijese bolsa puluň gitjekdigine ynanylýar.
Göz monjugy:
Halk arasynda erbet gözli adamlaryň, esasanam gök gözli adamlaryň erbet gözüniň bardygyna, olar seretse gözüň degýändigine ynanylýar. Munuň öňüni almak üçin bolsa göz monjuklary ulanylýar.
Ilkinji söwdanyň puly:
Bu yrym esasanam söwdagärleriň arasynda gaty ýaýran. Ýagny olar güne başlan ilkinji söwdasynyň puluny ýere zyňdyryp alýar ýa-da ony dükanyň içindäki harytlaryň üstüne aýlap çykýar. Olar muny etmek bilen şu günüň bereketli, has söwdaly gün boljakdygyna ynanýarlar.
At naly şowlulyk getirýär:
Halk arasynda at nalynyň öýüň girelgesinde diwara asylmagy şol öýde ýaşaýanlara şowlulyk getirjegine ynanylýar.
Gulagyň şyňlamagy:
Adatça duýdansyz sag gulak şyňlasa şowlulyk, gowy habar, çep gulak şyňlasa betbagtlygyk, erbet habar geler diýlip yrym edilýär.
Döwülen aýna:
Döwülen aýnanyň 7 ýyllyk betbagtlyk getirjegine ynanylýar we ol zyňylýar.
Asgyrmak:
Gadymy gelip çykyşy bolan we dünýäniň köp ýurtlarynda ulanylýan bu ynanç, kimdir biri asgyranda «Sagdyn ýaşa!», «Uzak ýaşa!», «Sabyr et» «Arzuwyňa ýet!» ýaly ýagşy arzuwlar, gowy sözler aýdylýar.
Agaç materillara eliňi kakmak:
Erbet bir zat agzalsa ýa-da erbet zatlar barada gürrüň edilende, şeýle zadyň özüňde bolmazlygy, gaýtalanmazlygy üçin agaçdan ýasalan materillara el kakylýar. Muňa köp adamlar ynanýar we giňden ulanylýar.
Saýawan:
Birnäçe adamlar öýde saýawan açmagyň betbagtlyk getirýändigine ynanýar.
Ýyldyz süýnmegi:
Halk arasynda ýyldyz süýnse biri aradan çykdy diýlip ynanylýar we «çöpe-çöre!» diýip 3 gezek gaýtalanýar. Emma käbir ýerde bolsa bu şowlulyk hökmünde kabul edilýär we ýyldyz süýnen badyna arzuw edilýär.
40 gün:
Täze doglan çaga, kyrk gün bolýança öýde saklanylýar. Halk arasynda oňa göz degmeginden şeýle-de jynlaryň, şeýtanlaryň täsirine düşmeginden gorkulýar we alada edilip kyrk gün öýde saklanylýar (çileden çykarylýar).
Gije dyrnak almak:
Halk arasynda gije ýa-da hepdäniň belli günleri dyrnak almagyň erbetlik, şowsuzlyk, betbagtlyk getirýändigine ynanylýar.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.