.......
Hudaý(hudaýlar) barada düşünje.
Zorastrizm(otparazlyk)dininde iki hudaý obrazy:ýagtylyk hudaýy Ahuramazda we garaňkylyk hudaýy(birehim hudaý)Anhramanu(Ahriman)biri-birine garşy goýulýar.Gadymy politeistik(köp hudaýly)dinlerde hudaýlar köp bolup,olardan iň esasy,iň gudratly hasaplan hudaý(meselem:Gadymy Babylda "Marduk",greklerde "Zews",slawýanlarda "Perun") Baş Hudaý bolýar.Monoteistik(ýeke hudaýly)dinlerde,esasan yslamda,ýeke-täk we gudratly Hudaýa sejde etmek-esasy dini düşünjä öwrülýär.Gadymy dinlerde hudaýlara sežde edilmän,jansyz zatlara,ruhlara we fantastik obrazlara sežde edilýärdi.Ilkinji taýpalaryň emele gelmegi bilen,taýpa hudaýynyň obrazy emele gelýär.Bu obraz-bir taýpa başlygynyň,başga bir taýpa başlygyna we onuň hudaýyna garşy göreşmegiň obrazy bolýar.Şäher döwletleriniň emele gelmegi bilen taýpa hudaýlary,şäher hudaýlaryna öwrülýär.Birnäçe taýpa ýa-da şäher döwletleriniň birleşmegi netijesinde iň güýçli taýpaň ýa-da şäher döwletiniň hudaýy esasy hudaýa öwrülýär.Boýun egdirilen taýpalaryň hudaýlary bolsa, politesitik ybadathanalarda ikinji orunda goýulýar.
Gadymy ýahudylarda(ýewreýler) Ýahwe ilkibaşda taýpa hudaýy bolýar.Gadymy ýahudy taýpalarynyň birleşmegi we "Iudeýa" döwletiniň döremegi bilen ol umumy hudaýlaryň "Baş Hudaýy" bolýar.Has soňraky döwürde ol,gudratly we ýeke-täk hudaýa öwrülýär.Hristianlarda eramyzyñ I-asyrynda hudaý obrazy şekillenýär.Onuň esasyny ýahudylaryň hudaýy Ýahwe (ata hudaý) emele getirýär.Emma,bu hudaý tymsalyna ogul hudaý(Isa pygamber) we mukaddes ruh hudaý obrazlary hem goşulýar.Buddizmde ilkibaşda hudaýlara sygynmak inkär edilen bolsa-da,soňlugy bilen buddanyň özi "Hudaý" diýlip düşünilip başlandy.Bu dinde onuň bilen bir hatarda başga hudaýlar hem bar.
Yslam dininde ýeke-täk hudaý "Allah" diýip atlandyrylýar.Allah Mekkede ýaşan "Kuraýş" taýpasynyň hudaýy bolup,Muhammet pygamberiň başlangyjy bilen,VII-asyrdan başlap Yslam dininiň ýeke-täk hudaýyna öwrüldi.
Esasy monoteistik(ýeke hudaýlylyk)dinleriniň şekillenmegi tamamlanandan soň,dini pelsepewi taglymatlar ýüze çykdy.Hudaý diňe sežde etmek we sygynmak tymsaly bolman,idealistik pelsepäniň bir böleginede öwrüldi.

22комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.