Animizim we Fetişizm ynançlar.

Animizim-(latynça-animus-jan,ruh diýmekdir)-gadymy dini ynançlardan biri,adamda ruhuň barlygyna ynanmakdan ybarat.Animizim tebigatdaky predmetleri ylahylaşdyrýar,her bir jisimde ruh bar,bedenden daşarda hem jan bar diýip hasaplaýar.
Animistik garaýyş gaty gadymy bolup,hat-da totemizimden hem ozal peýda bolýar.Emma animizim dini sistema hökmünde,totemizim bilen bir wagtda şekillenýär.
Animistik garaýyşlar ähli halklar taryhyndaky dinlerde jan we ruh baradaky düşünjeleriň kemala gelmeginde,möhüm rol oýnaýar.Animizim adamda älem baradaky düşünjeleri şekillendirmek,predmet we hadysalaryň häsiýetini çuňňur öwrenmek,jan we ruhlaryň diri adamlar ýaly başarnyklara eýe diýen pikirleriň peýda bolmagy bilen berk baglanyşýar.Şu döwürde janyň ölmezligi baradaky pikirler peýda bolýar.Çünki,gadymy adamlar öz bedenleriniň gurluşy bilen bagly düşünjä doly eýe bolman,hat-da uky we düýşleriň sebäbini hem düşündirip bilmeýärdiler.Şundan ugur alyp gadymy adamlar,bedeni dolandyrýan ylahy güýç bolup,adam öleninden soň ol güýç,ýagny jan,adamyň bedeninden çykyp gidýär-diýen pikire gelýärlerijede,janyň bedeni terk edenden soňky ýaşaýşy barada oýlanmalar ýüze çykýar.Gadymy adamlar hiç wagt tebigatdan özlerini bölekläp goýmandyrlar.Şonuň üçin olar özleri bilen bir hatarda haýwan,ösümlik,zähmet gurallary,soňlugy bilen suw,tokaý,gök gürlemesi we ş.m jan bar diýen pikire gelýärler.Muňa ylymda gilozoizm(maddy zatlaryň ählisi janly we duýmak ukybyna eýe diýip düşünilýän taglymat)diýilýär.
Jan we ruhlara ynanmak ähli dinlerde bardyr.Şol sebäpden adam öleninden soň, jan bedenden çykyp gidýär diýen düşünje çuňlaşýar.Diýmek,adam ölende jan bedenden çykyp ýaşaýan eken,adamyň özi hem ebedi ýaşamaga ukyply bolýar.Ebedi ruh baradaky düşünje ine şu ugur arkaly kemala gelýär.Ruhlara ynanmak bolsa, arwahlara ynanmagy getirip çykarýar.
Jan we ruhlaryň ölmezligi baradaky gadymy animistik garaýşyň elementleri,häzir ähli dinlerde saklanýar.Meselem,diri adamlaryň düşünjesinde,ölen adamlary ähli zatdan habarly bolýar diýen ynanç bar.Şol sebäpden olara aýat-töwür okamak,janly soýup sadaka bermek ýaly, umumy ölüler bilen baglanşykly adatlar,ähli dinlerde henizem saklanyp gelýär.


Fetişizm-(fetiş-fransuz dilindäki "fetico"-ýasalan tumar,but,senem diýen sözlerden alynan)-maddy predmetleriň ylahy güýjüne ynanyp,jansyz zatlara sygynmakdyr.Gadymy adamyň aňynda her dürli predmetler-dag,gaýa,daş,agaç soňlugy bilen dürli haýwanlaryň süňki, guşuň peri,tumar,senem we şuňa meňzeşleriň keramatly güýji bar diýen düşünjeleriň kemala gelmegi bilen baglanşyklydyr.Adamlar özleri oýlap tapan predmetlere,özleri sygynyp başlaýarlar.Gadymy ynanç görnüşlerinden biri bolan fetişizm,ähli halklaryň dini ynançlarynyň kemala gelmegi bilen berk baglanyşýar.
Fetişizm politeistik(köp hudaýlylyk)we monoteistik(ýeke hudaýlylyk) dinlerinde häzire çenli saklanýar.Mysal üçin, hristianlarda haja(kreste) çokunmak,yslamda dürli ösümlik görnüşlerine-gyzyl burç,ýüzärlik,agaçlardan-hoz,çynar,arça we şuňa meňzeşler bilen mukaddesleşdirilip,başga predmetlere,şu jähtden adamlara täsiri ýa-da kömegi bar diýen ynam saklanmagy hem fetişizm ynançdyr.
Fetişizm dini ybadatyň aýrylmaz bir bölegi bolup,käbir ynanjaň adamlaryň dürli görnüşli doga-tumarlary,alajalary,gözmonjuklary dakyp gezmegi,agaçlara mata-marlyklary asyp gezmegi hem fetişizimiň ýiti alamatlarynyň biridir.
5 лайков 248 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
05 июн 2022, 13:49
Ýetirip dur, gowy informasiýa.
Lillipop
Lillipop
05 июн 2022, 13:59
Çeşmesi ýokmuka?
Dowsypat
Автор 05 июн 2022, 14:03
Lillipop,çeşmesi şol din psihologiýasyna degişli ylmy kitaplaran okaberýäň.
Lillipop
Lillipop
05 июн 2022, 14:07
Dowsypat.,
Ok
Öwreniji
05 июн 2022, 14:33
Keaip_begcon,
Dost ýene jedelleşmäge gowy mowzuk
gum
05 июн 2022, 14:49
Aslynda ruh bar zatmyka?
XYIVENIA
05 июн 2022, 15:23
Çyndanam gözmonjuk göz degmekden goraýarmyka?
Bentner
05 июн 2022, 16:03
XYIVENIA
Çyndanam gözmonjuk göz degmekden goraýarmyka?

Goz monjuk ozuni bir gorap bilyami, seni gorar yaly! Dakynsaň saňa seretyanleň unsuni bölýä, alaja palaja goz monjuk üns cekiji zat bolansoň göz srazu shoňa düşýä we gozler eglenyä, adamlaryň ýaman nazaryndan ýaman gözlerinden sowya, (goraya diyip zat yok, 20sm ýüpem bir adam gorarmayt :-D )
XYIVENIA
05 июн 2022, 17:27
Bendtner,
?? dûşündireniñiz üçin spasibo
Bentner
05 июн 2022, 17:31
XYIVENIA
Bendtner,
?? dûşündireniñiz üçin spasibo

Düşüneniňiz ucin spasibo
Maksat
05 июн 2022, 17:42
Bendtner,
Bäh, ahyrsoňy hekaýa ýaly zatlara ynanmaýan biri çykdy.))
Bentner
05 июн 2022, 18:07
Keaip_begcon,
Huday goraya, yup alaja mulaja goranok ?
Maksat
05 июн 2022, 18:16
Bendtner,
Hawwa hökman goraýandyr.
Öwreniji
05 июн 2022, 18:20
alaja, göz monjugy ynanyp bolmaýan, bolgusyz zatlar, käbir ýerde häzirem möjegiň dişi, ýa ýekegapanyň dişi, goçuň şahy, keýigiň ýa şoňa meňzeş haýwanlaryň kelleçanagy öýlerde ýüzärlik bilen ýa gyüyl burç bilen asyp goýulanynyň köp şaýady bolýas, käbir ýerde, dogrusy öz agamam gapyşynyň aşak bosagasynda zynjyr goýupdyr, bu näme diýsem, zynjyr bela beteri geçirmeýär diýýä. Bela-beter näme? bu ilki bilen ölüm ýitgi heläkçilik ýada düşýär. eger şol zatdan goraýan bolsa onda men öýümi zynjyrdan gurjak, egnimede zynjyrly eşik geýjek. bu bolmajak zat. Keaip_begcon,
aýdyşy ýaly, häzirem jahyllyk edýän gaty kän. Ýönekeý zat biri bir topar zat çöpläp ýör ýedi görnüşli tüý, ýedi görnüşli dyrnak, ýedi görnüşli diş garaz ýedi görnüşli ýedi zat tapyp, em edýärmiş, bu porhanlyk bolaýmasa, türkmen ýedilik sany gowam görýä onuň üçin eçilip bileninem eçildi. Ýene biri bar, ruh bn gepleşýärmiş diýip baý häzirem gatnaýan kän, molla bejerýär diýip ýurdyň dürli ýerinden geldi, ylymly bir molla bar ol oňa gülüp aýdypdyr, sen tüweleme Alham bn Kulhullany okap, köşk ýaly jaý, jigilerňi öýerip, işli maşynly etdiň, eger Kurany ýatdan bilseň näme boljagyň belli däl diýip. käbir zadyň ýalandygyny adamlar kabul edenok, bilýän dini adamlar, şeýle hereketi halanok
Maksat
05 июн 2022, 19:50
Remezan,
Hak aýdýaň. Häzirki döwürde mollalar baý gowy ýaşaýandyra. Adamlar akyllanmadygyça olar ýalan-ýaşryk zatlar bilen halkyň gözüni kör edýär. Hatda 50 million berip bir aýaldan em gözleýänä gabat geldim.