.......

Hanyflar hereketi-Hanyf arapça söz bolup,hakykata iman ediji,takwa manylaryny aňladýar.Hanyflar şol döwürde,araplaryň arasynda giň ýaýran müşrüklere garşy birhudaýlygy,ahyrýetiň ýakynlaşandygy baradaky wagyz-nesihatlary ýaýratmaga synanyşypdyrlar.
V-VI asyrlarda araplarda tire-taýpaçylyk we köne dini ynançlar çökmäge başlaýar.Taýpalaryň arasynda merkezleşmäge bolan ymtylyşyň we birhudaýlyga bolan ynanjyň ilkinji alamatlary ýüze çykýar.Ýekehudaýlyk baradaky beýle dini taglymat diňe yslamda däl,belki ol peýda bolmazdan birnäçe wagt ozaldan Arabystanyň käbir ýerlerinde wagyz-nesihat edilmäge başlanylýar.Emma hanyflaryň hereketi,ýagny araplary ýeke-täk dine birikdirmek ideýasy şowsuz tamamlanýar.
Biraz wagtdan soň,araplary bir dine birleşdirmek ideýasy,Muhammet pygamber tarapynda üstünlikli amala aşyrylýar.
3 лайков 106 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
04 июн 2022, 11:17
???