El we Ra
El we Ra
,,El" sözüniň manysy nämekä? Gadymy semit halklarynyň (ýewreý, arap) dilinde ol hudaý diýmegi aňladýar. Arap dilinde bolsa ol ,,Il" ýa-da ,,Al" görnüşinde duşýar. ,,Ra" hem aslynda ,,hudaý" diýmek bolup, gadymy müsürlileriň gün taňrysy bilen hiç hili baglanşygy ýokdyr. Gadymy müsürliler prosta güni hudaý ,,Ra" hasaplapdyrlar. Ýagny ,,Ra"-nyň manysy hiç hili gün hudaýynyň ady däldi.
Oňa degişli subutnamalarymyz.
IS-RA-EL=IS-RA-IL Ysraýyl, manysy hudaýyň guly diýmek.
RA-B=REB hudaýyň bir ady.
RA-H-MAN rahman, mähriban manysyndaky hudaýyň ady.
RA-HYM- rehimli manysyndaky hudaýyň bir ady.
GABRI-EL=JEB-RA-IL jebraýyl perişde.
MIKHA-EL=MIKA-IL mikaýyl perişde.
AZ-RA-EL=AZ-RA-IL jan alyjy ezraýyl perişde.
RA-PHA-EL=IS-RA-F-IL sur çalyjy ysrafyl perişde.
EL-LAT araplaryň yslamdan ozalky hudaýy.
EL-UZZA araplaryň yslamdan ozalky hudaýy.
EL-MENAT araplaryň yslamdan ozalky hudaýy.
HUB-EL araplaryň yslamdan ozalky hudaýy.
BA-AL gadymy semit hudaýlarynyň biri.
AL-LAH yslam dininde hudaýyň esasy ady.
EL-OHIM ýewreýlerde hudaýyň ady.
IL-AH araplarda hudaýyň ady.
BAB-EL=BAB-IL gadymy şäher Wawilon, manysy hudaýyň derwezesi.
AHU-RA MAZDA gadymy otparazlarda baş hudaý.
ARDWI SU-RA gadymy otparazlarda bir hudaý.
MIT-RA gadymy otparazlarda bir hudaý.
IND-RA Induslaryň hudaýy.
RA-MA induslaryň hudaýy.
Görşümiz ýaly ,,EL" we ,,RA" hudaýyň ady. Gadymy müsürliler güni ,,RA" hasaplap ony hudaý diýipdirler. Meniň pikirimçe El we Ra hudaýyň has gadymkyn atlarynyň biridir.
16 комментариев