Gurt

(Gurt-Türkmenleriň gadymy totemi, ýagny hudaýy)

Gurdum,
Ata-baba Hudaýysyň bu ýurduň!
Sen gadymy Hudaýysyň türkmeniň!
Köwsarlap ugrasa gursakda derdim
Gelýän mynajata ýanyňa seniň.
Sen munda ýatyrsyň garyn ýassanyp,
Ýassanyp ýatyrsyň elhenç azalyň
Ne üns berýäň gelýän geçýän millete,
Ne Hudaý deý salýarsyň sen nazaryň.
Hamyň göýä hamy ýaly şagalyň,
Men - hor, sen mendenem elli esse hor.
Hudaýyň kapasda gören mahalyň
Aýt hudaýym, neneň çydam etse bor!?
Eý, erksiz hudaýy erkana iliň
Seniň hudaýdygňam bilýän ýok hatda
Indi türkmenlermiz multfilm görýär.
Towşanyň möjegi ýeňişi hakda.
Gaýry illeň daşa çokunýan wagty,
Oda,
ýele,
suwa, çokunýan wagty,
Eger sen hudaýy bolmadyk bolsaň
Galmazdy bi türkmenleriň daragty!
Eger sen hudaýy bolmadyk bolsaň
Geçip ganly garpyşykly eýýamdan,
Şindi türkmeniňki bolmazdy asla
Bu daglar,
sähralar,
ala meýdanlar.
Seniň şekliň pasyrdapdy tugumda,
Hem mertligiň lasyrdapdy ruhumda,
Külli duşman dumly-duşa bosupdy,
Türkmen seniň bilen türkmen bolupdy.
Eýsem Garagumyň erkin möjegi,
Mert çydam, bu-da bir heňňamyň oýny,
Indi türkmen gyryp tohum - tijiňi,
Garagumda diňe köpeldýär goýny,
Zyndan ýatan jaýyň, bendilik paýyň
Men - hor, sen mendenem elli esse hor,
Zyndandaka erkanalyk hudaýyň
Aýdyň ata-babam
Näme etse bor!?


Nobatguly REJEBOW
1 лайков 59 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.