Yrym

Tutjak toýum toýlanman ýör , "Yrym-yrym , ýom-ýom" diýip
Seret oglum öýlenmän ýör , "Yrym-yrym , ýom-ýom" diýip
Sähetli gün bellenmän ýör , "Yrym-yrym , ýom-ýom" diýip
Gör gyzymam saýlanman ýör , "Yrym-yrym , ýom-ýom" diýip

 "Yrym-yrym , ýom-ýom" diýip , tapýarlar bolgusyz zady
Tapanlaram hijem welin saklaýarlar indi bady
Açaýsaň aladaň artýar açylmaýar kitap baby
Kitap okamakdan gorkýan , "Yrym-yrym , ýom-ýom" diýip

Her ýylda şaban aýynda köçelerde ot ýakýarlar
Günäleriň dökülýärmiş onuň üstünden bökýärler 
Ýa sogap gazanjak bolup , hiňňellige çykýarlar
Sogap gazanmakdan gorkýan , "Yrym-yrym , ýom-ýom" diýip

Ýaşamaly durmuş , heleý , yrym bilen göreşip
Dyrnaklaram palta boldy anna güne garaşyp
Derrew ýoldan yzyňa dön geçipdir gara pişik
Ýöremäne gorkýan indi, "Yrym-yrym , ýom-ýom" diýip

Sanasaň sanabermeli sanamadym baryn belläp
Meniňkä maslahat bermek galanynam özüň bildä
Şu zatlara ynanýançaň ondana sygyn sen Alla
Gerçegä halys ýadady, "Yrym-yrym , ýom-ýom" diýip

(21.08.2022)

Gerçeknazar Amannazarow
2 лайков 182 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
08 фев 2023, 19:39
YRYMÇYLDYŇ...


...Ýok, ýok! Men-ä ynanamok.
Ýöne sen
yrymçyldyň (görseň, edil ejem-dä!).
Gorky bilen tisginerdiň käte bir
Öňümizden gara pişik geçende.

Ýyldyzly asmana seredip siňe,
Balkyldadyp jeren bakyş dideleň:
“Erte howa gowy bolar,
ýyldyzlar
patrak ýaly seçilende gijeler”
— diýip, ýorumyňdan göwnüň hoş bordy.
Çagaňkydy ýüregiňem, päliňem.
Ýöne seniň bilen galmaklyk üçin
Men yryma ynanmajak däldimem...

Birden dünýämizde boşluk döredi
Ýyldyzy patrak deý seçilen gije,
Ykbalmyzyň çatrygyndan gap-gara
pişik geçen
hemem hijran derdinden
Ýüz-müň ýola ýanyp-öçülen gije.

Hany, ilki arzuwlaryň başgady,
Dilegleriň gowulykdy ahyry!
Yrymçylym, ýüregiňe dönenim,
Şol gün jäjem döwülipdi ahyry!..


Sapa Hommadow
Gerceknazar
Автор 08 фев 2023, 19:45
Pegas,

"Ýok, ýok! Men-ä ynanamok."

Biziň ynamlarmyzyňam gabatlaşjak wagty boljak eken. Goşgyňam haladym.
Bentner
08 фев 2023, 21:28
Yrym bidgat
Bentner
08 фев 2023, 21:28
Kabirisi şirk
Öwreniji
08 фев 2023, 21:59
Ynsan yrym edýär islendik zady,
Iş ugramyş, eger tapsaň ýorunja.
Öňden porruk çyksyn,
Ýöne, maksadyň,
Erbet diýmän, gowulyga ýor, ynja.
Bolmajak iş, eger-eger bolmazmyş.
Pişik geçse, bolmaýamyş şowuna,
Gowulyga diýde,
Ýoluň dowam et,
Seni duçar eder bagtyň, şowuňa.
Yhlas bilen ýapyş, etjek işiňe,
Şowsuzlygy, başga zatdan görmäli.
Tebigatyň bize beren peşgeşin,
Ugra bolmaz işler bilen garmaly.

Remezan Mämetgurbanow
09.10.2022ý