Bolsa şol gün...

Gül ýaşlygy sowgat alan,
Gaýgymy oýlajak däl men!
Müň ýaşlykdan gymmat bolan
Söýgümi jaýlajak däl men!
Hümmetläp oň hormatyny
Kümmetläp laýlajak däl men!
Sarpasyn ýyllap göterip
Ot ýakyp, gazan ataryp
Yrym diýip, pişme edip,
Çapady paýlajak däl men!
Arzuwlarda paşmadygny
Taňryň maňa goşmadygny
Hakydamda mumiýalap,
Sessiz-üýnsiz gezjek ýyllap
Soňam bir gün...
Bolsa şol gün...
Uly sesden aýdym aýtjak.
Ýönekeýje gömüp gaytjak.


Ylham GURBANALYÝEW (2022)
3 лайков 101 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kyrk yalan
18 янв 2023, 11:40
Derdina agyr eken dos