Gül ýaşlygy sowgat alan, Gaýgymy oýlajak däl men! Müň ýaşlykdan gymmat bolan Söýgümi jaýlajak däl men! Hümmetläp oň hormatyny Kümmetläp laýlajak däl men! Sarpasyn ýyllap göterip Ot ýakyp, gazan ataryp Yrym diýip, pişme edip, Çapady paýlajak däl men! Arzuwlarda paşmadygny Taňryň maňa goşmadygny Hakydamda mumiýalap, Sessiz-üýnsiz gezjek ýyllap Soňam bir gün... Bolsa şol gün... Uly sesden aýdym aýtjak. Ýönekeýje gömüp gaytjak.
Комментариев нет