SENI ÝATLAÝAN...

Indi hiç zat ýüregimi gozganok,
Ýer ýok onda şatlyga-da, gama-da.
Düýn gowy dostumyň kyrkyny sowdum,
Bu günem bir toýda boldum tamada.

Dünýäniň şowhuny azalan ýaly,
Ýekelik höwesi aňyma ýaýran.
Edil häzir jaýlar uçup gitse-de,
Ahmal, men şoňa-da galmaryn haýran.

Her zat boljak eken ýagty dünýäde,
Bolman biljek eken bolmaly zadam.
Hergiz ýazgydyndan närazy bolsa,
Ýürekdeş dostuny küýseýär adam.

Menem seni küýsäp meýdana çykdym,
Çopantelpekleri söýdüm, ysgadym.
Şolara-da ýaman nebsim agyrýar,
Olaryňam galan ömri gysgadyr.

Çünki ýene güýz gelipdir äleme,
Çygly şemal kän öwüsýär ilerden.
...Seň bile sary gül ýygardym weli,
Uzakda sen gülüň parhyn bilerden.



Çary ÝEGENMYRADOW
5 лайков 204 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
31 авг 2022, 20:50
aglaysammykam...
Pegas
Автор 31 авг 2022, 20:52
Soho
aglaysammykam...

Aglaý. Dosty hakda ýazylan şu.
Soho
31 авг 2022, 20:55
Yurek gysyp durka okanymdanmy namemi, hakykatdan:am aglaysammykam diydim, prikol tutyandyr oydup dushunaymegin drug
Pegas
Автор 31 авг 2022, 20:56
Soho
Yurek gysyp durka okanymdanmy namemi, hakykatdan:am aglaysammykam diydim, prikol tutyandyr oydup dushunaymegin drug

Ýo-o, düşünýän.