"Eje" diyip aglardym...

Gidenimde senden juda uzaga,
"Kemim ýok" diýip seni biraz aldardym.
Seniñ beren ýyly mähriñi küýsäp,
Ýeke wagtym "Eje" diýip aglardym.

Gujagyñdan melhem geler her demde
Gözüme bakañda duýgum añlardyñ.
Seniñ bilen ruhym göge ýetende,
Ýere düşsem "Eje" diýip aglardym.

Şatlansam begenjim, gaýgymda gussam,
Aýtmak üçin derrew saña ylgardym.
"Oglum" diýen sözleriñi eşdemde,
Begenjimden "Eje" diýip aglardym.

Durmuş kynçylygyn ýüzüme ursa,
Şeýle bir ejizläp dözmän ýadardym.
Emma, Käbäm melek deý gülüp dursa,
"Geç günämi Eje" diýip aglardym.

Uly işiñ bir ujyna geçemde,
Pata berip ogşap meni ýollardyñ.
Şeýle bir duýgy bar bilseñ içimde,
Göz ýaş bilen "Eje" diýip aglardym.

Ýeke galan çagym ýaşarar gözüm,
Ýürekdäki gussam goşga baglardym.
Ýykylsam üstümi kakardym özüm,
Şonda-da men "Eje" diýip aglardym.

Jemşit Hajymämmedow
5 лайков 153 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ajaŷyp
Ajaŷyp
26 янв 2023, 01:15
Gyz yaljak bolshy
Yusupahmet93
26 янв 2023, 01:39
Goşgy oran tasirli we mylaÿym äheñli cykypdyr. Zenan kişiniň hary~zar bolup, iň ýakyn kidiüine ýüzlenişini hakydaňa salýar. Gowy goşgy.
Yusupahmet93
26 янв 2023, 01:42
Liröki jahryman şeyle bir duygy bar meniñ icimde" diyip, sjygryñ mazmunyny gozel tilsimler bilen bezeýär.
Abdylla33
26 янв 2023, 13:52
Ýakyn kişisine&&&
Abdylla33
26 янв 2023, 13:54
Yusupahmet gyssanyp yazyan bolmaly. Adim saýyn harp yalñyşy bar.
Yusupahmet93
26 янв 2023, 15:26
Hawa, şeýleräk, Abdylla
Poems
15 мар 2023, 01:35
Ajaŷyp,
Mukaddes Käbelermiziñ öñünde hemmämiz ejizdiris
Poems
15 мар 2023, 01:36
Abdylla33,
Sen duzedip beray yalnyslarymy
Poems
15 мар 2023, 01:36
Yusupahmet93,
Sagbolyn minnetdar sylagynyza