Gökdepäniñ gyzlary

GÖKDEPÄNIÑ GYZLARY.

Ýolda ýöremäge ökde,
Saçyn daramaga ökde,
Ogryn garamaga ökde,
Gökdepäniñ gyzlary.

Kirpik dakdyrmaga ökde,
Eräp-akdyrmaga ökde,
Içiñ ýakdyrmaga ökde,
Gökdepäniñ gyzlary.

Keşde çekmekde ussat,
Köýnek tikmekde ussat,
Pagta gitmekde ussat,
Gökdepäniñ gyzlary.

Fason geýmekde öñde,
Laýyk iýmekde öñde,
Sözün diýmekde öñde,
Gökdepäniñ gyzlary.


Düzen: Belki ŞAHYR.
7 лайков 320 просмотров
30комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
kesirkelle
03 фев 2023, 21:00
Hudaý ba. Şu goşga garaşýadym:D
kesirkelle
03 фев 2023, 21:02
Pikirden, paýhasdan ýüki ýetik, duýgudan bolsa mas ýüklenen goşgulañ howri kop bolsun! Şahyr aga. Wiý şahyr jigim:)))))
Gerceknazar
03 фев 2023, 21:05
Gökdepäk niresinden Belki şahyr?
Gerceknazar
03 фев 2023, 21:06
Şular ýaly goşgyny ýazjak bolup durdym öňürtdiňiz tüweleme
Belki
Автор 03 фев 2023, 21:07
Kesirkelle, agam, dogrumy aýtsam siziñ çuññur şahyranalyga ýugrulyp, ötgür klawişiñiziñ astyndan çykan manydan pürepür setirleriñizden ylham aldym. Özem bary-ýogy 3-4 minutda ýazdym. Hakdan içen Şahyr men. Isleseñiz şular ýaly goşgulardan günde 100 sanysyny ýazyp gadyrly okyjylaryma hödürläp bilerin.
Massimus
03 фев 2023, 21:07
@Juma däde diňe özüne däl islän adamsynada ylham getirip bilýär. Ýazmajagam bolup gördä
Belki
Автор 03 фев 2023, 21:08
Galyberse-de Gökdepäñ gyzlary nä illeriñ gyzyndan kemmişinmi? )
Edepli Gödek
03 фев 2023, 21:10
???
Leyli Amanowa
03 фев 2023, 21:11
Trend boldumy şuň ýaly goşgular?
Belki
Автор 03 фев 2023, 21:12
Gerçeknazar, sizem ýazyñ özüñizçe.Gökdepäñ gyzlaryny näçe wasp etseñ azdyr )
Obamy aýdyp oturmaýyn-la, dogan.
Wiý, sizem meñ ýaly Hakdan içenmi? )
Leyli Amanowa
03 фев 2023, 21:14
Çýota oglanlar hakda ýazasym geldilaý. Menem täze trend bolarmykam?
Belki
Автор 03 фев 2023, 21:15
Ýogsa-da, "Belki Şahyryñ goşgulary" diýip toplum taýýarlap, okyjylaryma hödürlesem, neneñ bolarka?
Belki
Автор 03 фев 2023, 21:17
Nairobi, "Daşoguzyñ oglanlary" diýip ýaz senem)
Gerceknazar
03 фев 2023, 21:17
Belki
Ýogsa-da, "Belki Şahyryñ goşgulary" diýip toplum taýýarlap, okyjylaryma hödürlesem, neneñ bolarka?

Ajap bolar
Leyli Amanowa
03 фев 2023, 21:20
Belki,
Roman ýazsamam bolýa, men kän poeziýa bn ugrum ýok.
#B.S
03 фев 2023, 21:20
Tüweleme!
kesirkelle
03 фев 2023, 21:21
Belki şahyr-Kelle şahyr dp gosgy okaly onda:) soñabaka firmalary zatlary reklama edip, millioner bolup gideris?
Gerceknazar
03 фев 2023, 21:22
Belki
Gerçeknazar, sizem ýazyñ özüñizçe.Gökdepäñ gyzlaryny näçe wasp etseñ azdyr )
Obamy aýdyp oturmaýyn-la, dogan.
Wiý, sizem meñ ýaly Hakdan içenmi? )


Hakdan içenimi ýa-da içmedigimi bilemok welin çagalygymdan goşgy ýazýan. Ýöne 2-3 minudyň içinde ýazylan goşgynyň ömri hem 2-3 minut bolaýýar köplenç
Belki
Автор 03 фев 2023, 21:26
Gerçeknazar, wiý,waheý, beý diýmäñ-dä, bu goşguñ men ölemden soñam nesilleñ añynda ýaşajakdygyna ynanýadym-a.
Edepli Gödek
03 фев 2023, 21:27
Nairobi,
Roman ýazjak bolsaň bu modaň möwrüti ötüp gider gysgajyk hekaýa ýazda goşul senem tiz))
Leyli Amanowa
03 фев 2023, 21:33
_Bayat,
Ýaltanýanlaý ýazmaga sesimi ýazdyryp paýlaşsam näderkä?
Belki
Автор 03 фев 2023, 21:37
Bayat, senem bir ýeriñ gyzlaryny wasp et-dä.)
Belki
Автор 03 фев 2023, 21:39
Kesirkelle, aýdyşygam aýdaly agam, "O nämedir gyş gelende ýakylýan?" diýen pisintli.)
Edepli Gödek
03 фев 2023, 21:41
Belki,
Juma şahyr umumulukda Daşoguzyň gyzlaryna ýazda maňa ýazmak nämä gerek?
Edepli Gödek
03 фев 2023, 21:41
Nairobi,
Olam bolar
RelaX
03 фев 2023, 22:05
Daşoguzyñ gyzlary gowy ylham beripdir hemmä????
Belki
Автор 03 фев 2023, 22:06
Ýutupda goşgy okaýan wideolarym bar. Diñe şunuñ özem meniñ neneñsi beýik şahyrlygyma ýeterlik delil )
Perman Izakow
03 фев 2023, 23:13
Kirpik dakdyrmaga ökde,
Eräp-akdyrmaga ökde,
Içiñ ýakdyrmaga ökde,
Gökdepäniñ gyzlary.

?
kesirkelle
03 фев 2023, 23:15
@Belki, çoh ýagşy bolar, Belki soltan hezretleri. Okyjylarmyzy garaşdyrman sorag jogabam alyşybereris. Näme biz däninim. Aýdyşýan şahyrlardan däninim pesmişikmi?!
Nomofobiya
20 май 2023, 11:18
Belki,
Ýanyb-ba bilemok,
Tüsseläýmesem-
Diýdi-de otlady
Gazete dolanan temmäkisin
Ol
Ýanybam bilemok.
Tüsseläbem
Men
Ne halda
Sen?

Mango şahyr.

Nähili gowy goşgu ýok oýlanma eken.tapmaçada meňzeýä