Psihologiýadan faktlar

Alymlar ýyllaryň dowamynda adam psihologiýasy barada birnäçe maglumatlary taýýarladylar. Dürli barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan käbir hakykatlar aşakdakylardan ybarat:

Adamlar üýşüp oturanda bir zada gülseler, her kim öz halaýan adamyna seredýär.

Adamlara öz adyny tutup ýüzlenmek olary özüňize has ýakyn we öz şahsyýetiňize bolan ynam derejesini ýokarlandyrýarsyňyz.

Adam näçe akylly bolsa, şonça-da az maslahat berýär.

Beýnimiz erbet ýatlamalary gowy ýatlamalara seredende köp ýatlamaga ýykgyn edýär.

Daşky görnüşiňizden, gepleýşiňizden we aýdýan zatlaryňyzyň manysyndan 5 sekundyň dowamynda beýleki adamda täsir galdyrýarsyňyz.

Ünsüňizi jemlemegiň gowy usuly bir işi ýerine ýetireniňizde, özüňiz bilen akyl taýdan gürleşmekdir.

Başgalara yzygiderli kömek edýän adamlar, ýaşy ulaldygyça has bagtly we depressiýa düşmek ähtimallygy pes bolýar.

Çalt ýöreýän adamlar adatça, haýal ýöreýänlere garanyňda has ynamly we bagtly bolýarlar.

Itleri saklaýan adamlar pişik saklaýanlara we öý haýwanlary bolmadyk adamlardan has köp gülýärler.

Maksatlaryňyz barada hiç kime aýtmasaňyz, arzuwlaryňyza ýetmek ähtimallygy ýokarydyr.

Kemçilikleriňizi kabul etseňiz, olary size garşy hiç kim ulanyp bilmez.
7 лайков 197 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress26
09 фев 2023, 11:19
"Adam näçe akylly bolsa, şonça-da az maslahat berýär."

Näme etmeli näme etmeli däldigini, nämäniň ajy nämäniň süýjidigini, nämäniň ezýet nämäniň lezzetdigini, nähili ýaşamaly nähili ýaşamaly däldigini, kimiň kalbynyň möhürlenen kimiň kalbynyňam açyklygyny, päkligini aýdýan, maslahat berýän, öwredýän @Hemedany ýadyma düşdi. (Ýaňsa almak üçin ýazamok, hakykatdanam şol ýada düşdi)
#B.S
09 фев 2023, 11:23
Hiayress26,
Kakaň ýadyňa düşenokmy? ))
Hiayress26
09 фев 2023, 11:30
"Çalt ýöreýän adamlar adatça, haýal ýöreýänlere garanyňda has ynamly we bagtly bolýarlar."

Biz-ä han ýöreýiş diýlip, iki eliňi ýeňsäňe geçirip ýöresemmikä-ýöremesemmikä diýip, gyzlarada assa basyp seýkin ýöräp ýeriň gaýmagyny çykaryp gezmeklik salyhatlylyk diýip öwredilipdi. Çalt-çalt ýöräp bir zada ýetişmeýän ýaly alňasap ýörmeklik dälde.
Retro
Retro
09 фев 2023, 11:37
Hiayress26
"Adam näçe akylly bolsa, şonça-da az maslahat berýär."

Näme etmeli näme etmeli däldigini, nämäniň ajy nämäniň süýjidigini, nämäniň ezýet nämäniň lezzetdigini, nähili ýaşamaly nähili ýaşamaly däldigini, kimiň kalbynyň möhürlenen kimiň kalbynyňam açyklygyny, päkligini aýdýan, maslahat berýän, öwredýän @Hemedany ýadyma düşdi. (Ýaňsa almak üçin ýazamok, hakykatdanam şol ýada düşdi)

????
Meňem şol ýadyma düşdaý :))
Retro
Retro
09 фев 2023, 11:37
Khanture
Hiayress26,
Kakaň ýadyňa düşenokmy? ))

Biriňiz alyň şuň elinden telefonuny :))))
Dowsypat
09 фев 2023, 13:48
"Çalt ýöreýän adamlar adatça, haýal ýöreýänlere garanyňda has gyssanmaç bolýarlar."

Şulama dogry geljek ýaly.
Dowsypat
09 фев 2023, 13:51
Arzuwlaryňyz barada hiç kime aýtmasaňyz, maksadyňyza ýetmek ähtimallygy ýokarydyr.

Şu-da dogry geljek ýaly.
Dowsypat
09 фев 2023, 13:55
Adamlar üýşüp oturanda bir zada gülseler, her kim öz halaýan adamyna seredýär.

Şolaryň arasynda halaýan adamyň bolmasa nirä seretmeli?