Dünýäniñ "Gara gutusy"

Alymlar köpçülikleýin ýok boluşdan soň adamzadyň soňuny nämäniň getirendigini aýtmak we dünýäde bolup geçenleri geljek nesillere ýetirmek pikiri bilen taslama gol çekdiler.

Güýçli guraklyk, esasanam buzluklaryň eremegi howanyň üýtgemeginiň iň täsirli hadysalaryndan biri bolup durýar. Bu meseleler alymlary örän oýa batyrýar. Howanyň üýtgemeginiň adamzadyň soňunyň gelmegine getirjekdigi öňe sürülýär. Netijede, alymlar adamzadyň soňunyň gelmeginden soň Awstraliýanyň Tasmaniýa adasynyň uzak bir burçunda täsin gara gutynyň galjakdygyny belleýärler. Bu gara guty adamzadyň soňuny nämäniň getirendigini we dünýäde bolup geçenleri geljek nesillere ýetirmek maksady bilen bina ediler.

Alymlar bu gara gutynyň üstünde ençeme wagt bäri derňew işlerini geçirýärler. Köp ýyl bäri öwrenilen gara guty, dünýäni ýok etmek ähtimallygy ýokary bolan ýadro ýaragynyň hem täsiri ýetmez ýaly görnüşde döredildi. Göni gönüburçluk hökmünde dizaýn edilen we gaty daşa meňzeýän bu gurluşyň başga bir maksady, dünýädäki bolýan zatlary seljermek we geljek nesil üçin maglumat ýygnamakdyr.

«Earth’s Black Box» – adamzadyň we Ýer planetasynyň soňuna sebäp bolýan meseleleri bitarap düşündirmegi maksat edinýär. Şeýle-de bolsa, bu taslamany peýdaly hasaplaýanlar bilen bir hatarda peýdasyz hasaplaýanlar hem az däl. Käbir alymlar planetanyň soňuny getirjek meseleleriň çözgüdini tapmaga synanyşmagyň ýerine beýleki taslamalara serişde sarp etmegi makul bilýärler. Taslamany döredijileriň pikiriçe, gara guty köptaraplaýyn habarlylygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Gara gutynyň gurluşygynda polat we granit ulanylar. Taslama Malta, Norwegiýa we Katar ýaly döwletler hem goldaw berýär. Alymlar Awstraliýanyň Tasmaniýa adasynyň uzak bir burçuny geosyýasy we geologiki taýdan iň amatly ýer hökmünde kesgitlediler.
7 лайков 219 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
09 фев 2023, 19:33
Köp ýyl bäri öwrenilen gara guty, dünýäni ýok etmek ähtimallygy ýokary bolan ýadro ýaragynyň hem täsiri ýetmez ýaly görnüşde döredildi.

Men ýadro ýaragynyň hakykatda barlygyna ynanýan adamlaryň toparyndan däl.
#B.S
09 фев 2023, 19:44
Dowsypat.,
Köp tekiz ýerçiler hem ýadro ýaragynyň bardygyna ynananok...
Hiayress26
09 фев 2023, 19:49
Dowsypat.,
Sen ynanmasaňam 1954-nji ýylda SSSR-de Toýskom ýadro synagynda 45müň esger-ä wepat boldy.
Dowsypat
09 фев 2023, 19:55
Hiayress26 on № 3 Şu gün, 19:49
Dowsypat.,
Sen ynanmasaňam 1954-nji ýylda SSSR-de Toýskom ýadro synagynda 45müň esger-ä wepat boldy.

45 müň däl,55 müň esger öldi diýeniň bilen şony barlap anyklap durjak adam barmy?Syýa bilen kagyza gytçylyk ýok.Ýazybermeli.
Hiayress26
09 фев 2023, 20:11
Dowsypat.,
55müň esger gatnaşdy, 10müňi diri galdy. Syýa bilen kagyza gytçylyk ýok weli, suratlary näme etmeli?!
Hiayress26
09 фев 2023, 20:16
Onsoňam ýuwaş ummanyň birtopar kiçi-kiçi adalaryndaky Amerikanlaryň ýadro ýaragyny synag geçiren adalaryna näme diýjek?! Şu wagtam radiýasiýadan saplanyp bilmän ýaşaýyşsyz gurap ýatyr.
Kerbaba
09 фев 2023, 20:31
Ядро дийилсе хокман яраг дийип душунмелими? Дунйаде наче саны АЭС ишлап дур? Ин йонекейи Чернобыль АЭС . Акыллы башлы болмасан наме болжагыны адамзадын гозуне горкезмедими наме?Наче саны ядро янгыжында ишлейан сувасты гамилер бар?Шоларын бортунда готерип йорен ядро головкаларынын гуйжам Ер шарыны терсине пырламана етерлик.
#B.S
09 фев 2023, 20:37
Menä ýadroň badygna ynanýan. Näme sebapden käbir tekiz ýerçiler ýok diýendikler iň wideosyny görmändim. Indi görjek Dowsypat.,
Sen näme sebäpden ynanaňok???
Dowsypat
09 фев 2023, 20:37
Onsoňam ýuwaş ummanyň birtopar kiçi-kiçi adalaryndaky Amerikanlaryň ýadro ýaragyny synag geçiren adalaryna näme diýjek?! Şu wagtam radiýasiýadan saplanyp bilmän ýaşaýyşsyz gurap ýatyr.

Puluň bolsa,azajygam fantaziýaňy ulanyp ynanarly bir zatjagazlar edip bolonokmy?Galp atom synaglary,bu bir alaçsyz zat däldirä.
Hiayress26
09 фев 2023, 20:40
Dowsypat.,
Seňki dogry dosti.))
#B.S
09 фев 2023, 20:48
Dowsypat.,
Aýtsana sen näme sewäpden ynanaňok.
Jeksparro
10 фев 2023, 04:56
Dowsypat.
Hiayress26 on № 3 Şu gün, 19:49
Dowsypat.,
Sen ynanmasaňam 1954-nji ýylda SSSR-de Toýskom ýadro synagynda 45müň esger-ä wepat boldy.

45 müň däl,55 müň esger öldi diýeniň bilen şony barlap anyklap durjak adam barmy?Syýa bilen kagyza gytçylyk ýok.Ýazybermeli.



Atom bombany Ýaponiýadaky Hirosima bilen Nagasaki şäherlerine Amerikanlar oklamandyr, asmandan gelen Anunnakiler oklapdyr.
Galamymyň ujy ýiti bolsun ?
Edepli Gödek
10 фев 2023, 17:35
Hümm bäh ylhama geljek bolýa öz-ä??
Maksat
10 фев 2023, 18:29
Gara guty nämä gerek, ondan has peÿdalyrak zat bilen meşgul bolmaly ekenlerdä.