Çaý hakynda biler bolsaňyz
Birnäçe ýyl mundan ozal Günbatar lukmançylygy çaýyň üýtgeşik täsiri bilen ýörite gyzyklanypdyr. Alymlar onuň gan basyşyny we holesteriniň derejesini peseldýändigini, kariýesiň öňüni alýandygyny anykladylar. Häzirki wagtda kosmetika industriýasynda öz maksatlary üçin gök we gara çaý köp ulanylýar. Ol sowuklama proseslerini aýyrýan hem-de derini köşeşdirýän antibakterial täsirli kremlere-de goşulýar. Dermatologik hassahanalarda geçirilen testler hatda allergiklere hem “çaý” kosmetikasynyň ýaramlydygyny kesgitledi.Gök çaý kosmetikada az peýdalanylýar. Sebäbi ol ulanylýan, goşulýan ähli zatlary gögümtil reňke boýaýar. Bu bolsa, kosmetologlaryň pikirine görä, alyjylary ürküzýär. Ýöne Ýaponiýada bu reňk, tersine, örän özüne çekiji hasaplanylýar. Düzüminde ýokary derejedäki gök çaý bolan kremler ol ýerde uly meşhurlykdan peýdalanýar.Gök we gara çaý bir ösümlikden alynýar. Gara çaý hasyl ýygnalandan soň owradylýar, guradylan wagtynda ol gara reňke boýalýar. Gök çaý bolsa bug bilen işlenilýär. Onda reňk we aşgara eýlenen maddalar özboluşlygyny doly çaklaýar. Kosmetiki konsernleri häzir düzüminde gök çaý bolan UV gorag faktory bolan maddanyň üstünde işlemekligi dowam etdirýärler.
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.