Ilkinji masgarabazlar nirede döreýär

Masgarabaz-bu ýomak atyp ýören , oýunbaz, sirk klouny, sirkde köpçüligi güldürýän adam. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, häzirki wagtda masgarabazlar oýunlary bilen çagalaryň gowy görüp, jykyr-jykyr gülşüp , höwes bilen tomaşa edýän dostlaryna öwrüldi. Eýsem, masgarabazlar haçan döräpdir?

Masgarabazlar taryhy antik döwürden häzirki wagta çenli oýunlary bilen ýüreklerde ýer etmegi başarýar.Maglumatlara görä, masgarabazlar antik döwürde döräp, Müsürden Afrika, Hytaýa ýaýrap, gadymyýete daýanýanlygyna garamazdan, “masgarabaz” sözi XVI asyrda peýda bolupdyr. Hökümdarlary, patyşalary güldürip, olaryň wagtyny hoş geçirmek üçin masgarabazlaryň bu döwürdäki wezipesi bolupdyr.

Masgarabazlaryň ilkinji çykyşy 1600-nji ýyllarda ýüze çykýar. Ilkinji masgarabaz bolsa, 1778-nji ýylda Angliýada ýaşap geçen Joseph Grimal kabul edilýär. 1837-nji ýylda aradan çykandan soňra, Angliýada onuň aradan çykan güni mynasybetli ýüzlerçe masgarabazyň gatnaşmagynda ýörite çäreler guralýan eken.
1 лайков 135 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
03 окт 2021, 11:43
Mmm, gowy eken kloun

brawo brawo
Men sho
03 окт 2021, 13:03
Like