Ýer titremesinden diñe doga-dileg bilen halas bolunmaýar!
Gyş paslynyñ añzakly sowugy az bolýan ýaly bizi ýer titreme belasy-da urdy...
Günorta-gündogarda 10 welaýatymyz gorkunç ýer titremesi bilen sarsgyna düşdi, jaýlar ýykyldy, asfalt ýollar palta bilen urlan ýaly jaýryldy!
Taryha girjek iñ uly ýer titremeleriniñ birini başdan geçirdik.
Ýitgimiz we ýaralylarymyz sanardan köp...
Diri galanlaryñ göwnüne giñlik we şypa dileýäris...
Şol sanda "Alla indi bir görkezmesin!" diýýäs, emma Alla-da bizi kän halap barmaýan bolarly, şeýle heläkçileri öwran-öwran başymyzdan inderip durýar.
"Enşalla, şu gezek soñkusy bor" diýip bilemzok, çünki biz ýer titreme zolagynda ýaşaýanymyzy bilýäris.
* * *
Türkiýe ýer titreme howpy uly ýurtlaryñ biri...
Öñem birnäçe gezek şeýle betbagtlygy başdan geçiripdik...
Ýurt başdan geçiren betbagtlyklaryndan sapak almaýan bolsa, şeýle ýagdaý gaýtalanar durar.
Biziñ ýolbaşçylarymyzyñ ýalñyşlygy şunda. Ýurdumyzy kän ýyllardan bäri "Ölen öldi, galanlary bilen bir zat ederis!" diýen düşünjedäki syýasatçylar dolandyrýar... 20 ýyldan, 40 ýyldan, 50 ýyldan bäri haýsy öñüni alyş işleri geçirildi şu güne çenli?
Diñe doga etdik, "Alla bular ýaly güni indi bir başymyza salmasyn" diýip oñduk. Emma...
Hakykat ýüzünde ýer titremesinden diñe doga-dileg bilen halas bolmak mümkin däl! Akyl-paýhas, ylym-bilim, tehnika bilen halas boljak bolmaly.
* * *
Halkyñ “Deprem däde” adyny beren merhum geofizik Ahmet Mete Yşykara 1999-njy ýyldaky 7.4 ballyk Göljük-Düzje ýer titremelerinden soñ "Ýer titremeleri bilen ýaşamaga öwrenişmeli bolarys!" diýipdi.
Rast aýdylan söz... Munuñ manysy ýer titremelere çydamly sagdyn binalary gurmagy we betbagtlygyñ gelerine garaşyp durmazdan hemmetaraplaýyn öñüni alyş çärelerini geçirmegi añladýardy...
Eýse biz bulary ýerine ýetirdikmi? Ýok! Aradan tegelek 24 ýyl geçdi, zordan arpañ boýuça ýol aşyp bildik!
Ýer titremesi babatda Ýaponiýadan öwrenmeli zat kän. Ýaponlar hem köp ýer titreýän ýurtda ýaşaýar, ýöne 7.7 balla ýetýän ýer titremeleri-de olara omçakly uly zyýan ýetirenok... Nämüçin?
Çünki ýer titremeleri doga-dileg bilen başdansowmalyga saljak bolýan ýok, pähim-paýhasyñ we ylym-bilimiñ buýurýan zatlaryny berjaý edýärler, jaýlaryny ýer titreme tehnologiýasyna laýyklap gurýarlar.
Ajy-da bolsa, hakykaty boýun alalyñ...
Bizem ýurdumyzdaky ähli jaýlary ýer titreme düzgünlerine laýyklap täzelemesek, ýurdumyz şular ýaly betbagtlyklary köp başdan geçirmeli bolar!
* * *
Elbetde, ýer titremesiniñ salan ýaralary bitişer, ýöne şular ýaly weýrançylyk soñky gezek bolmasa gerek!
Eý, jümle syýasatçylar! Eý, döwleti dolandyrýan ketdeler!
"Leglegiñ ömri lakgy-lakgy bilen geçer" diýlişi ýaly, sizem boş lakgyldylar bilen gyzyldan gymmat wagtyñyzy ýele sowurmañ! Ylym we tehnika nämäni buýurýan bolsa, şony ediñ! Hiç bolmanda mundan soñky boljak ýer titremelerinde artyk gynanja duçar bolmarys!
Şu gün günorta-gündogar welaýatlaryny ýer bilen ýegsan eden ýer titremesi erte günbatar welaýatlaryny, ykdysadyýetimiziñ ýüregi bolan Stambuly ýykan-ýumranlyga salyp biler.
Şolar ýaly ýagdaýda senagaty çöken ýurdumyzyñ neneñsi günlere düşjegini göz öñüne getiresimem gelenok.
Bela-beter "Gelýän!" diýip gygyrýar.
Häkimiýet "Dünýä bize görübilmezlik edýär!" diýen ýaly bolgusyz wagyr-wugyryñyzy goýup, hakykatlara dolanmaly!
Düýn, 23:29
• GÜNÜÑ SÖZI
Adamlary ýer titremesi däl-de, ýumrulan çüýrük jaýlar öldürýär!
Rahmi TURAN.
"SÖZCÜ" gazeti, 07.02.2023 ý.
kitapçy.ru

8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.