«Diňe ýeri däl, ýüregimizi titretdi!». Türkiýe ýasda!

Türkiýäniň Kahramanmaraş şäheriniň Pazarcık etrabynda sagat ýerli wagt bilen 04:17-de 7.4 ball derejesinde ýer titremesi boldy.

Ýer titremesi gysga wagtda sebite golaý Gaziantep, Adıyaman, Hatay, Diyarbakır, Mersin, Adana, Osmaniye, Şanlıurfa, Malatya, Kilis ýaly şäherlere hem ýaýrady we güýçli duýuldy. Pajygaly ýer titremesinde jemi 284 adam aradan çykdy. 2 müň 323 adam bolsa ýaralandy.

Ýer tiremäniň bolan sebitlerinde jemi 1710 bina ýykyldy we ýer bilen bir boldy.

Türkiýäniň betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugy, gözleg we halas ediş işleriniň degişli edaralar tarapyndan dowam edýändigini mälim edýär! Şeýle hem gulluk ýer titremeleriniň birnäçe wagtlap dowam edip biljekdigini aýdyp, «sunami» barada hem duýduryş berdi.

Şeýle güýçli ýer titremesi Türkiýede mundan ozal 1999-njy ýylda bolupdy.
5 лайков 139 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
07 фев 2023, 01:21
7.4 ball 7+4
Gauzen
07 фев 2023, 15:30
Khanture
7.4 ball 7+4

Gözleýän zadyň-aý seňem :)