TÜRKMENISTAN TÜRKIÝÄ HALAS EDIŞ TOPARYNY WE YNSANPERWERLIK KÖMEGINI IBERDI
Türkmenistan Türkiýäniň ýer titremesi sebäpli weýrançylyk çeken ýerlerine dost-doganlyk goldawy hökmünde halas ediş toparyny we ynsanperwerlik kömegini iberdi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral özüniň «Twitter» hasabynda mälim etdi.
Ilçiniň mälim etmegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamy boýunça orunbasary N.Amannepesowyň ýolbaşçylygyndaky halas ediş toparyndan we ynsanperwerlik ýükünden ybarat uçar Türkiýä ugrady. Halas ediş toparynyň hatarynda onlarça lukman bar.
6-njy fewral güni daňdan Türkiýäniň günorta-gündogarynda we Siriýanyň demirgazyk-günbatar sebitinde 7,7 ballyk güýçli ýer titremesi bolup geçdi. Tebigy hadysa sebäpli heläk bolanlaryň we ejir çekenleriň sany barha artýar. Häzirki wagtda heläk bolanlaryň sany 3300 adamdan geçýär.
Çeşme: SalamNews

8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.