Onuň durmuşy #1

Essalowmaleýkim!
İsleneniň biri-birinden akylly, mähriban,gadyrdan,"şahyr" agzalary!))
Bu gün size Durdy aganyň durmuşy hakynda gürrüň bermekçi. Ol şuwagt 64 ýaşynda. İki ogly bar. (Ogullaram bolsa 25-30 ýaşlaryndadyr)
Mundan ençeme ýyllar öň entek çagalarynyň biri bäş,biri üç ýaşly wagtynda,Durdy aganyň aýaly ýogalýa. Şolwagtlar gurluşykda işleýän Durdy aga, iki çagasyny hiç kime,hatda doganlaryna-da ynanman,işleýän ýerine getirip,hem işläp hem çagalarynyň göwnüni tapyp, hiç kimden kem etmezlik üçin gara der döküp işläp,ösdürip ýetişdirýä. Çagalar biraz ulalansoň,olara terbiýe bermegi üçin Güljemal diyen gelne öýlenýär. Garaz,Durdy aganyň ogullary ullakan adam bolup ýetişýär. Her oglunyň öz öý-ojagy bolýar.
Durdy aga bilen Güljemal daýza hem kiçi oglunyňkyda ýaşaýarlar. Kiçi oglunyň gelni Güljemal daýza bilen oňuşmansoň,garrylar gidip Durdy aganyň uly oglunyňkyda ýaşamaga başlaýarlar. Bu ýerde hem kän gowy seredilmänsoň,ýene öňki ýerine gaýdyp gelýärler. Durdy aga ýaramaz kesele ýolugyp, eli-aýagy titräp,zo-ordan ýöreýän bolup galýa. Şondan soň öýde aýdany aýdan, diyeni diýen bolup oturan Güljemal daýza hem "İndi öler,gerek däl" diyip Durdy agany taşlap gidýä.
Kiçi gelniň bolsa şo-ol gün-günden sesini gataldyp,Durdy aga gygyryp ýörşi. Ogullaram heleýguly...
Gaty duýguçyl adam. Diňe aglaýa.
Garaz, iki oglam kakasyna gowy seredenok. Şeydibem Durdy aga şu günki günde,aýal doganynyň öyünde ýaşap ýör.
Gelejekde bir gün, şeýle kynçylyk bilen ösdürip ýetişdiren çagalaryňyz,sizi Durdy aganyň gününe düşürse näderdiňiz? Ýa-da söýüp-köýüp,ýanyp-bişip öýlenen gyzyňyz şeýdip kyn günüňizde taşlap gitse? İndi şul adam näme etmeli? Şul adam durmuşynda nirede ýalňyş goýberipdir?
Teswirlere garaşýan. ?
7 лайков 294 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
doctor
10 фев 2023, 15:39
Durmus bize gora dal,biz durmusa gora ýashaýas..#
Soho
10 фев 2023, 16:01
bile yashamasanam hich kiminem tanap bolmaz (kim namani yalnysh edyar), perzendem perzentdir welin, esasy haray yanyoldashdan, gelen gelin oyde goryan zatlaryny eder, gayynenesi gayynatasyny sylamasa olam sylamaz (yada tersine)... dogrysy erbet yagday, ozumde-de iki ogul bar...
Ahmet
10 фев 2023, 16:38
Görkezeniňi görersiň — diýen nakyl çynmyka?
Perman Izakow
10 фев 2023, 16:51
Vekil_City
Görkezeniňi görersiň — diýen nakyl çynmyka?

Biz ol adamy tanamasak günä galmaly diýýäs.
Hiayress26
10 фев 2023, 17:02
Esasy zat iýip-içgi ýa geýim däl, diňe terbiýe, terbiýe, terbiýe we mähir. Onam ilki özüňden başlamaly.
Ahmet
10 фев 2023, 17:45
PROLIGA
Vekil_City
Görkezeniňi görersiň — diýen nakyl çynmyka?

Biz ol adamy tanamasak günä galmaly diýýäs.

Şoň üçin menem belli bir zat ýazmadymda ))
Suleyman
10 фев 2023, 19:27
Indi şu adam näme etmeli diýmeli däl. Boljak iş bolupdyr.
Biz Durdy aga nesihat etmeli däl-de, ýa-da oňa tekge, podeşka gözlemeli däl-de, onuň ogul-gyzyna nesihat etmeli...
Ene-ata mukaddeslik saýylýar. Ene-ataňy ynjydyp, 2 dünýe gowulyk ýüzüni görmersiň.
Durdy aga entäk diri ekeni, bu diýmek onuň ogluna entäk kakasyndan ötünç soramaga pursat bar ekeni diýmegi aňladýar... Heniz giç dälkä, kakaňa eýe çykda, ol agyr günäni egniňden aýyr diýip, nesihat edilse, hemme zat öz ornuny tapyp gider...
Ejegyz.
Автор 10 фев 2023, 19:30
Dark_Wolf,

Şuny baryp aýdanym gözöňüme gelýä)
"Sana näme" diýerdä
Suleyman
10 фев 2023, 19:38
Ejegyz

Gidip, sen aýt diýemok men.
Jemgyýetimizde bular ýaly "gün" geçirýän nije maşgala bar.
Umuman, ata-enäni sylamany öwretmeli diýýän...
Ejegyz.
Автор 10 фев 2023, 20:01
Dark_Wolf,
Dogry aýdýaňyz.
Perman Izakow
10 фев 2023, 20:04
Gursagynda bolmasa beren terbiýäňem biderek.
Wednesday
10 фев 2023, 20:15
Görkezeniňi görersiň. 2nji gezek öýlenmeli däl eken ýaşok. Oňa derek çagaň aladasyny etmeli eken. Iýdirdi geýdirdi terbiýe bermek üçin aldy.. şeý diýen bolmalyda. Eneke ýa ýene bir zat tutardyň beýle mohüm bolsa, ozem ulalansoň däl. Indiden soň oglanlaryň hamyryny täzeden ýugrup bolmaz. Öz ýazan eseriň, öz ýasan heýkeliň.
Wednesday
10 фев 2023, 20:16
Gowy bolupdyr
Wednesday
10 фев 2023, 20:16
Ejem maňa iliň gepini etme diýdi onoda teswir soranson yazadym