Seýsmiki goragly tehnologiýalaryň bardygyna garamazdan näme üçin müňlerçe (käwagt ýüzlerçe müň) adamlar ýer titremelerde ölýär? Esasy jogaplarynyň biri: parahorluk, korrupsiýa.

Näme üçin ýer titremesiniň boljakdygy barada öňünden duýduryş berip bolmaýar?
Sebäbi, bu asla mümkin däl. Ýer titremesini öňünden bilýän diýýän adamlar ýa aldawçydyrlar ýada ýalňyşýandyrlar. Bu ýerdäki mesele, seýsmiki işjeňligiň sebäpleriniň ýer gabygynyň galyňlygynda gizlenen tötänleýin proseslerden ybaratlygyndadyr. Mysal üçin, dünýädäki howanyň ýagdaýy hakynda häzir gaty gowy bilsek-de, bir ýa-da birnäçe aý soň belli bir ýerde ýagşyň ýagyp-ýagmajagyny takyk aýdyp bilmeýäs. Ýeriň jümmüşindäki hadysalara bolsa, howa garanda gözegçilik etmek has-da kyn. Şonuň üçinem takyk çaklamak meselesi çylşyrymlaşýar. Geofizikada diňe litosfere plitalarynyň hereketiniň umumy proseslerine düşünmek we olaryň galtaşýan ýerlerindäki toplanan mehaniki basyşlaryň gözegçiligi hakynda aýtsa bolar. Bu basyşlar iru-giç ýer titremesini emele getirýär. Emma, haçan we nirede boljakdygyny aýtmak mümkin däl. Käbir ýer titremeler ownuk sarsgynlardan başlanýar. Köp haýwanlar ol sarsgynlary duýmana ukyply. Olaryň biynjalyk ediji hereketlerinden betbagtçylygyň ýakynlaşýandygyny görse bolýar. Isleseňiz, haýwanlaryň biynjalyk ediji hereketlerini betbagtçylygy öňünden duýdurýan takyk çaklamalaryň biri hökmünde kabul edip bilersiňiz. Çaklamalaryň işe ýaraýan ýene bir görnüşi gaýta ýer titremesi, ýagny adatça, uly ýer titremesinden soň bolup geçýän ýer titremelerdir. Ýöne, gynansagam, ýer titremeleriň köpüsi güýçli ýer titremelerden başlanýar we olary takyk çaklamak usullary ýok.
Irki duýduryş ulgamlary ýokmy?
Alymlaryň aýdyp biläýjek çaklamalary, adatça, gaty uzak wagty öz içine alýar. Mysal üçin, olaryň bu baradaky seslenmeleri şeýleräk:
ABŞ-nyň geologiýa gözleg gullugy, San Andreas razlomyndaky bolup biljek uly ýer titremesiniň ähtimallygyny ýylda 0.3% diýip çaklaýar. Bu, her 300 ýylda 7.8 ball ululykdaky bir ýer titremesine deňdir.
Käbir ýagdaýlarda ýer titremesine garaşylýan döwür has gysga hem bolup biler. Munuň aýdyň mysaly Türkiýäniň demirgazygynda ýerleşýän Marmara deňzindäki litosfere plitalarynyň hereketiniň dinamikasy. Alymlar bu ýerde ýüzlerçe ýyllaryň içinde dälde, ýakyn on ýyllyklarda güýçli ýer titremesine boljakdygyna garaşýarlar. 2000-nji ýylda amerika-ýapon seýsmologiýa topary bu sebit üçin has anyk we aladalandyryjy çaklamalary öňe sürdi:
30 ýyl içinde Stambulda güýçli ýer titremesiniň bolma ähtimallygy 62 ± 15%, öňümizdäki on ýylda 32 ± 12% deňdir.
Näme sebäpli ýer titremede köp adamlar ölýär?
Dogrusyny aýtmaly bolsa, ýer titremesiniň özi däl, binalaryň hereketi esasynda: kirişiň, düşemäniň, mebelleriň gaçmagy ýa-da çar ýana zyňylýan aýna bölekleri sebäpli adamlar janlaryndan mahrum bolýalar. Ýene-de weýran bolan ýerlerde başlanýan ýangyn sebäpli hasam artyp bilýär.
Esasy, gurluşygyň hili pidalaryň sanyny kesgitleýän esasy parametrdir. Başgaça aýtsak, binalara ýetirilýän mehaniki täsiriň şol bir intensiwligi we ilatyň gürlügi bilen binalaryň has berk gurulan ýerinde az adam öler.
Haýsy binalar iň howply?
Hemme zatdan ilki ýeňil gurluşly, kerpiç we daş binalar, hem-de demirsiz bolan beton binalar ýumrulýar. Ýöne, pes hilli materiallar ulanylsa, demirbeton çarçuwaly binalar hem ygtybarly däldir. Çäge suwuklandyrylan beton we litosfere plitalarynyň bölüniş ýakynlygynda gurulan binalar 1999-njy ýylda Türkiýede bolup geçen Izmit ýer titremesinde ölenleriň esasy sebäpkäri hasaplanyldy. Ölümleriň sanyny kesgitleýän başga bir faktoram, gurluşyk talaplarynyň berk berjaý edilmegi. Ýaponiýada 1981-nji ýylda gurluşyk kadalaryna girizilen düzeldiş esasynda 1995-nji ýylda Kobeda bolan ýer titremesinde mundan öňki ýer titremelere garanda has az bina ýumruldy. Ol ýumrulan binalaryňam aglaba bölegi gurluşyk kadalaryna düzeldiş girizilmezinden ozal gurulan binalardy.
Ýöne, ýer titremeleriniň pidalarynyň sany gönüden-göni korrupsiýa bilen baglanşyklydyr.
Alymlaryň 2007-nji ýylda 1975-nji ýyldan 2003-nji ýyl aralygynda 42 ýurtda bolup geçen 344 ýer titremesiniň netijelerini seljerip, ýurtda näçe dereje korrupsiýa ösen bolsa, şonça-da ýer titremesinde heläk bolýan adamlaryň sanynyň ýokarydygyny subut etdiler. Başga bir 1960-2002-nji ýyllar aralygynda bolup geçen 269 ýer titremesiniň barlagynda alymlar ölenleriň sany bilen sosial deňsizligiň arasynda gönüden-göni baglanşygyň barlygyny görkezdiler. Alymlar bu baglanşygy baýlar bilen garyplaryň arasyndaky uly tapawut bolan jemgyýetleriň köpçülikleýin herekete, gurluşyk kadalarynyň düzgünleşdirilmegine we gözegçilik edilmegine, binalary berkitmeklige we seýsmiki howp derejesine görä sebitleşdirmeklige ukypsyzlygy bilen düşündirdiler.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.