Ýok zada göreş alyp barmakçy bolýan Massimus

Türkmen dilinde şeýle söz bar. Ýarama duz sepme. Massimus korrupsiýa
barada ýazyp akyl iş edendirin, wajyp bir meseläni orta goýandyryn
diýýän bolsa ullakan bir ýalňyşlyk goýberýär. Şunyň bilen birlikde
Massimusy okap ony goldanlar hem ýalňyşýan adamlar.
Ilki bilen korrupsiýa sözüniň asyl manysynyň näme aňladýandygyny
bilmek gerek. Bu söz türkmen dilinden däl. Korrupsiýa sözüni
biziň dile geçirseň parahorlugy aňladýan ýaly Massimus üçin.
Eger gürrüň pul almak barada gidýän bolsa bu eýýäm korrupsiýa däl.
Çünki daşary ýurtlarda bu söz jenaýatyň köp görnüşini utgaşdyryp
galp baýlygy toplaýan adamlara aýdylýar üstesine bu adamlar hatda
halkara jenaýat ediş guramalryny hem döredýär.Korrupsiýa gurmasyna
narkobaronlar, ýarag söwdasyny edýänler, adam söwdasyny edýänler,
aýal-gyzlary ulanýanlar, banklar, firmalar, adwokaturalar ýaly
ençeme birlikler girip bitewileşýärler.
Bu hili ullakan bitewi jenaýat guramasy bizde ýok. Elbetde
geljekde döremese, çünki korrupsiýa giňelmek we köpelmek ukybyna eýe.
Bizde bar bolan pul almaklyga halk dilinde parahorluk diýilýär.
Bu korrupsiýa däl. Emma korrupsiýanyň başlangyç alamaty bolmagy
mümkin. Pul alýanlaryňam towygyna toh diýmeseň uzagyndan
ençeme pul toplap jenaýatyň başga görnüşlerini etmegi mümkin. Emma
gorkup otyrasy iş ýok.
Telewideniýede görensiňiz öte köp galp pul ýygnanlary hukuk
goraýjy edaralarymyz wagtynda ganatyny gyrkyp dur.
Indi bolsa parahorluk sözüne ähmiýet bereliň. Iki sözden durýar.
Sözüň düýp manysy paralamak sözi. Ýagny böleklemik.Bu söze
dogry düşünseň puly alýan aýypdar däl. Berýän aýypdar. Çünki berýän
bu ýerde paralaýar ýagny bölekleýär.Has takygy alýan alaçsyz alýar.
Onuň almak maksady ýok. Emma berýän boýnuny burýar. Şu puly alda
işimi bitir.
Eger pul alynmasa ara tanyş düşýär. Ol berýäniň tarapynda duryp
onuň adyndan almalydan haýyş edýär. Şu puly alda şu işi bitir.
Tanyş ýalbaryp duransaň puly almaýan adam alaçsyz galýarda
adama ýagşylyk hökmünde puly almaly bolýar. Bu entek korrupsia däl.
Ýenede düşündireýinmi. Mysal üçin, gadymy döwürde patyşalar
özara uruş bolmaz ýaly biri-birine dürli sowgatlary şol sanda
altyn-kümüş ugradypdylar. Eger siz körrupsiýa sözüniň manysyndan
ugur alsaňyz parahatçylygy ýola goýmak üçin ymtylan bu
patyşalary hem parahor diýmegiňiz mümkin.
Indi bolsa täzeden oýlanyň. Sizi sylap çaý-çörek beren adama
hem parahor diýmegiňiz mümkin. Ýada eden zähmetiňize hak tölän adama
hem parahor diýmegiňiz ähtimal.
Gadymdan gelýän däp-dessurlarymyň aglabasynda adamyň elini boş
goýmazlyk bar. Mysal üçin, biz kiçijik wagtymyzda şol döwüriň uly
ýaşly aýallaryň jübüsinde süýji bolardy we olar öňünden çykan çagalaryň
eline tutdyrardy.
Parahorluk barada söz gidende ägä boluň. Biziň bu sözümizden bize
dost bolmadyk adamlar bizi agzyala etjek bolup ulanyp bilmesinler.
Olar bize haýpy gelýän ýaly edip özleini alyp barsalarada ertir biziň
elimize çörek tutdyrjak dällerden. Ol gury söz bilen biziň garnymyzy
doýyryp, egnimizi bitin etjeklerden.
Netije öz ýurdymyzdan, halkymyzdan we prezidentimizden bar. Öz ýurdyňyzy
gorasaňyz, aýasaňyz, oňa ak ýürekden hyzmat etseňiz maýda-çüýde zatlar
öz-özünden ýok bolup gider.
2 лайков 194 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hemedany
30 дек 2023, 13:15
Para (rüşwet) bilen sowgadyň tapawudy şuň ýalydyr. Para diýýänleri bir adamyň başga bir adama berýän zadydyr. Şol gaýrynyň para beren adamyň işlerinden bir işe kömek berer ýaly. Emma sowgat diýilýäni gaýryga şertsiz berilýän zatdyr. Para bolsa 4 görnüş bolýandyr:
1. Özüni kazy etdrimek üçin ýa-da wezipä geçmek üçin. Bul alýan hem berýän üçin haramdyr.
2. Öz peýdasyna höküm etdirmek üçin. Bul hem iki tarabada haramdyr.
3. Öziniň işini edarada dogrylamak üçin. Ýagny, döwletiň zararny (zyýanyny) dep etdirmek üçin we peýdasyny jilb etdirmek üçin. Bulam diňe para alýan adam üçin haramdyr.
4. Öz janyndan we malyndan gorkmak jähtli para berýär. Bul hem berýän adama dogry, alýan adam üçin haramdyr. Şahyrlaryň hem goşgy goşaryn diýip gorkuzyp alýan zatlary şul dördünji görnüşe degişli bolýar. Berýänlere zyýany ýok, şahyra haramdyr.
Massimus
30 дек 2023, 13:50
Ahyryn @kelleagyryň ünsüni çekip biljek zat tapandygyma begendim.
Özüniňkiden başga bloglaram okaýan eken-ä bu agza.
Soňky mowzuklaň birhili düşnükliräk, manylyrak bolup başlan ýaly, berekella!
Ýa @kelleagyry islenenleşýä ýa islenençiler kelleagyrylaşýa.
Umumana @kelleagyry ewolýusiýasy şu saýtda bolup geçýänine begenýän.
Parahorluk mowzugyna syn berip ýazan mowzugyňyzy bolsa haladym.
Belki
30 дек 2023, 14:06
Yeketage gelsene @Kelleagyryk
#B.S
30 дек 2023, 15:00
Sen näme üçin @Kelleagyryyk, realdada adamlaň kellesini agyrdypböňmi?
Гость
30 дек 2023, 15:33
Hemedany,
Öň eşitmändim. Sag bola
Гость
30 дек 2023, 15:34
Massimus
Ahyryn @kelleagyryň ünsüni çekip biljek zat tapandygyma begendim.


Ýuwjakgämi ))
Massimus
30 дек 2023, 16:21
Гость,
Massimus
Ahyryn @kelleagyryň ünsüni çekip biljek zat tapandygyma begendim.

Ýuwjakgämi ))

Aý, maslahat
Hemedany
30 дек 2023, 16:33
Гость,
Dini kitaplarda bar.
Belki
30 дек 2023, 18:31
Y.e.k.e.t.a.k. ru-a maşgala bolup göçägañ .
Jacksparro
31 дек 2023, 06:11
Khanture
Sen näme üçin @Kelleagyryyk, realdada adamlaň kellesini agyrdypböňmi?


Aagyrdypböňmi? Türkmen diliniň grammatikasyna tekizläp goýberdiň Kanturogly? ???
Edepli Gödek
31 дек 2023, 07:17
Hantöre grammatikany täzden işşäpbö habaryňam ýogekený