Ýalňyşdym


Gözüm düşen şol gözleri,
Diňläp ýakymly sözleri,
Emma köp eken ýüzleri,
Bagtymdyr öýdüp ýalňyşdym.

Öň kalbymda ýokdy gussa,
Gerek däldi oňa ussa,
Indi bolsa däli, hassa,
Bagtymsyň öýdüp ýalňyşdym.

Seresapdym her bir işde,
Ýalňyşmazdym etsem keşde,
Ýöne welin, saýlap-seçde,
Bagtymdyr öýdüp ýalňyşdym.

Seň ýalanyň boldy aýan,
Menden saňa gysga beýan:
"Git, görmäýin ýoluň rowan!"
Bagtymsyň öýdüp ýalňyşdym.

Aýgül Ýazweliýewa
27.01.2023
4 лайков 86 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Abdylla36
12 фев 2023, 14:18
Şygryň liriki gahrymanlyy merdemsi görünýär Şeýle liriki gahrymanam bolsun-how
Abdylla36
12 фев 2023, 14:21
Ýogsa ýaşlaryň şygyrnyň haýsy birini alyp görseň durşuna gözýaş.
Abdylla36
12 фев 2023, 14:23
Aýgülüň rreal hasiýetem şunuň ýaly bolsa has gowy