Oka, oka, kakaň ýaly, "Samsyk bolma!"

"Eý azyrak oka, ylym uraýmasyn. Hany, hool obamyzdaky Dawut dälem köp okap akylyndan azaşan şol. Gözüň kör bolar, alkaş bolarsyň, aňkaň çaşar, adyňy ýazyp bildiňmi, bolany. Biziň tohumymyzdan öňem bir alym çykan ýoga-how. Ýaman gynanýandarow saňa, bu dünýä bir gezek gelýäň onda-da okajak bolup başagaý bolup ýörmede, hezil etde gezdärow - keýp et.
?️????️?️❗❗❗

"Požarnikler ýagny ýangyn söndürijiler söndürmegiň ýerine ýakýalar"
Bu sözler 1953-nji ýylda Raý Bradbury tarapyndan ýazylan "Fahrenheit 451" kitabyndan.
"Fahrenheit 451" kitabynyň 1966-njy we 2018-nji ýyllarda filimlerem çykdy. Iki filmde-de kitabyň özeni dogry berilen. Ýöne 1966-njy ýylda düşürilen filimiň senariýasy kitapdaky hekaýa has ýakynyrak gelýär.
Ýeri bolýar, dowam edeliň. Sebäbi bu roman 70 ýyl öň häzirki dünýämizi taryp edip bilipdir.
Bu kitapda adamlar hyýaly gelejekde ýanmaýan öýlerde ýaşaýalar. Požarnikler bolsa ýangyny söndürmek üçin dälde ýakmak üçin işleýärler. Öýler ýanmaýan bolsa onda olar nämäni ýakýarlar?
Kitaplary we kitap okaýan adamlar.
Ol döwürlerde kitap okamak, kitap ýygnamak, öýüňde kitap saklamak jenaýat. Kitabyň bardygy bilinse ýa-da ýamanlaşyga düşseň, požarnikler gelip kitaplaryň barysyny ýakýalar we eýesinem jezalandyrýalar. Sebäp hökmünde bolsa, adamlara tapawutly pikirlenmäge, baş galdyrmaga, talap etmäge itermegi we jemgyýetde gapma garşylyga sebäp bolmagy görkezilýärdi. Adamlar kitap okamagyň ýerine diwarlaryň ýüzüni gapalap alan uly ekeranlara seredip geçirýärdiler. Olar üçin pikirlenmegiň ýerini telewizorda berilýän güýmenje programmalary, duýgularyny we ruhlaryny doýurmagyň ýerine bolsa dürli reňkdäki tabletkalar alypdy. Adamlar öýleriniň diwarlaryny gaplap alan telewizorlaryň köplügi we ululygy bilen öwünýärdiler. Bu utopiki gelejekdäki gahrymanymyz Montag požarnik bolup işleýärdi. Wezipesi kitaplary ýygnalan ýerinden tapmak, olary ýakmak we eýesinem jezalandyrmak. Onuň durmuşy 17 ýaşly gyz Klaris bilen tanyşandan soňra üýtgäp başlapdy. Klarisiň gürrüňleri Montagyň kitaplar baradaky bileaigelijiligini hasam artdyrypdy. Ýadyma düşýär, Klarisiň Montaga "heý bije minudam bolsa bu işi näme üçin etýäň. Ýakmazdan öň okamagy pikir edip gör" diýeni. Soňra olam ýakyljak kitaplaryň arasyndan eline ilen käbirilerini alyp, öýüne gidip aýalyndan bidin gizlenip okap başlapdyr. Bir gün gelen ýamanlaşygyň esasynda Montag, başlygy we beýleki požarnikler bolup bir öýe kitap ýakmana gidipdiler. Öýüň eýesi eýwanyň ortasyna ýygnalan kitaplaryň ýakylmagyna garşy çyksada požarnikler niýetlerinden dänerli däldi. Öýüň eýesinden öýden çykmagyny isleselerem ol kitaplaryndan aýrylmagy islemeýärdi. Zalym požarnikler ol aýaly kitaplar bilen bilelikde ýakdylar. Bu wakadan soňra Montagyň sistema bolan ynanjy düýbünden sarsypdy. Sebäbi indi olam kitaplar bilen ýatyp kitaplar bilen turýärdy. Kitaplar oňa ýamanlaşygyň tersine oňa erkinlik, ruhy giňlik we düşünje dünýäsine çuňluk berýärdi. Bu ýagdaýdan aýaly hem habardar bolupdy we onybözi baryp ýamanlapdy. Ol döwlet duşmany hökmünde gözlenip başlapdy. Ol derýadan geçip halas bolýar we özi ýaly gaçgak kitap adamlary bilen tanyşýar. Olar bilen ýaşamaga başlaýar.

"Fahrenheit 451" kitaby 1953-nji ýylda ýazylmagyna garamazdan biziň häzirki dünýämizi nähili derejede gowy taryp etmegi başarýar. Şeýle dälmi:))?

Pikirlenmek, tapawutly garaýyşlara eýe bolmak, hyýal we ruh dünýämizde çuňlaşmak gapma-garşylyga dälde ösüşe eltýär. Emma bu ýagdaý kitapda boluşy ýaly, häzirki döwürdede käbirileriniň şahsy bähbidine ters gelýän bolmaly.
Onda başdaky soraglara gaýdyp geleliň. Köp okamak adamy akylyndan azaşdyrýarmy? Gönüläp aýtsak jogap "ÝOK". Tersine köp okamak adamyň nerwi öýjükleriniň arasyndaky neýronlaryň artmagyna, bulam pikirleniş ukybynyň çalytlaşmagyna sebäp bolýar. Ýatkeşligi we zehini güýçlendirýär. Kynçylyklardan çalt baş alyp çykmagy öwredýär. Eger kitap adamy akykyndan azaşdyrýan bolsady günde ýüzlerçe sahypa okaýan milliarder Warren Buffet, Windowsyň eýesi Bill Gates, Amazonyň eýesi Jeff Bezos, şeýlede ösen döwletleriň gylla ýarysy akylyndan azaşan paňkelle bolardy.
Onda köp okany ylym urýar diýen düşünje nireden geldi?
Belki, gözümiziň açylmagyny, dünýä garaýşymyzyň giňelmegini, pikirleniş ukybymyzyň çuňlaşmagyny islemeýänleriň ýaýradan propagandasydyr.
Üstesine gözüň kütelmegi,saçyň düşmegi köplenç ýagdaýda köp okamaga bagly däl. Tersine genetiki faktorlara bagly bolýar.
Kitaplardaky wakalaryň we şahsyýetleriň dürlüligi adamda empatiýa duýgusyny ýagny başga biriniň ýerine özüni goýmak duýgusyny güýçlendirýär. Bulam jemgyýetde tapawutly gaaýyşdaky, dini we etniki ynancdaky adamalaryň bir asuda asmanyň astynda agzybirlikde ýaşap bilmek ukybyny güýçlendirýär.

Diňe bir görnüşde geýinmek, diňe bir dilde ýada aksentde geplemek, diňe bir düşünjä eýe bolmak we bwýlekileri kabul etmezlik döredijiligiň we ösüşiň öňündäki iň uly böwetdir.
Okamadyk dar dünýä garaýyşa eýe bolan adam size ýol görkezip bilermi?
Aslynda bu maňa "Dead poets society" filimindäki şu dialogy ýatlatýar.
- kitap okaýaňmy jenap Andersen?
- Ýok, şu wagta çenli okamadygymyň zyýanynam görmedim.
- Wah, şol zyýany biz görýäsda.

Bir önümi iň gowy kim tanaýar?
Elbetde, ony ýasan. Şeýle gerek?

Onda bizi ýaradanyň ilkinji emri "Oka" bolmazdy.
5 лайков 172 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
12 фев 2023, 13:23
Onem bir tanşymyz aydyp berýädi pažarnyda işleýän.Biziň işmizde diňe dilimiz gysga "ýatyp,otyryp aýlyk alýaňyz" diýýäler diýýä.Soň biz näme etmeli indi "biriniň öýi ýansyn diýip dileg etmelimi" diýýä.
Perman Izakow
12 фев 2023, 13:26
Üstesine gözüň kütelmegi,saçyň düşmegi köplenç ýagdaýda köp okamaga bagly däl

Dogry köp adamlaryň "kel adamalar,äýnek dakýan adamlar köp bilýär"ýagny şolarda bilim ýokary diýilip ters düşnjäni aýdalar.Nädogry düşinje elbetde.
Retro
Retro
12 фев 2023, 13:39
PROLIGA
Üstesine gözüň kütelmegi,saçyň düşmegi köplenç ýagdaýda köp okamaga bagly däl

Dogry köp adamlaryň "kel adamalar,äýnek dakýan adamlar köp bilýär"ýagny şolarda bilim ýokary diýilip ters düşnjäni aýdalar.Nädogry düşinje elbetde.

Bu ýerde köp okamagyň saglyga zyýanly däldigini aýtýar. Seniň aýtýanyň başga. Kel ýada äýnek dakynýan adamlarda bilim ýokary bolup biler, ters düşünje däl bu. Ýöne şol kelligi ýada äýnek dakynmagy köp kitap okamagy zerarly bolýan zat däldigini düşündiriljek bolýar blogda :)
S❤
12 фев 2023, 13:50
Gozlerim gyzaryp ici awap durdy. Duynkiden yana

Bu blogunam basyn okadym weli yuregim elime geldi.
Wednesday
12 фев 2023, 15:38
Gotermejek ýüküni gotertmelläl hiç kime. On okan zadyny basga birem okasa belki üýtgärdi belki durardy. Kimbilýä. Adam bashy dashdan gaty diýilsede bar hakykaty goterip bilenok. Goren ýerine burnuny soksan ýa burunsyz galarsyn ýada...
Retro
Retro
12 фев 2023, 15:56
Wednesday,
Näme diýjek bolýanyňa düşünmedimda?
Wednesday
12 фев 2023, 16:09
Düsünmedik zadyna nädip diz basýanyna düsünmedim menem
#B.S
12 фев 2023, 16:17
Wednesday,
Düşinmedigi üçin basýan bolaýmasyn ?
Wednesday
12 фев 2023, 16:57
Khanture
Wednesday,
Düşinmedigi üçin basýan bolaýmasyn ?

Ýaşyl reňkden gyzyl reňk gowy ýone soragyna düsünmedim
Wednesday
12 фев 2023, 17:11
Khanture
Wednesday,
Düşinmedigi üçin basýan bolaýmasyn ?

Onda düşnükli