Yagsylyk edin!

Hak dostun palindir,yaman ya yagsy,
Parhy yok dolanar ozune garsy,
Gowluk dal adamlar dunyanin barsy,
Yamanlykdan biraz ätiyaç edin,
Basarsanyz dine yagsylyk edin!

Yagsylyk eltermiş hemise tore,
Yamanlyk eltermis hemise göre,
Ey ynsan ajala care yok care,
Yamanlykdan biraz ätiyac edin,
Basarsanyz dine yagsylyk edin!

Amangeldi Nurgeldiyew
2 лайков 206 просмотров
20комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
13 фев 2023, 10:44
Ýagşynyň gadryny näbilsin,
Bir ýamana duşmagynça.

Şu iki setir goşgynyň manysy 2 bent goşgynyň manysyny basyp durda.
Aksary
13 фев 2023, 11:28
Ýollaryñ hemmesi göre barýar...
Dowsypat
13 фев 2023, 11:59
Aksary. off № 2 Şu gün, 11:28
Ýollaryñ hemmesi göre barýar...

Her ne gitseñ baran ýeriň gör bolar.
Dowsypat
13 фев 2023, 12:02
Yagsylyk eltermiş hemise tore,
Yamanlyk eltermis hemise göre,

Ýaman bolubam törde oturanlar az däl.
Yusupahmet93
13 фев 2023, 12:53
Tore geciryarler asly yamany,
Bu sheyle bolup dur. Yodur jumany
Yusupahmet93
13 фев 2023, 12:57
Rahatda yashap zanny bozuklar,
Parahat durmushuñ hozurin goryar.
Gaysharyarlar soltan ozi, han ozi,
Haybat bilen geplerini otaryar.
Yusupahmet93
13 фев 2023, 12:57
***Yokdur gumany.
Yusupahmet93
13 фев 2023, 12:59
Kimler haram iyip, haram icip yor,
Halallykdan arasyny acyp yor.
Yusupahmet93
13 фев 2023, 13:03
Bahyllyk edyaniñ gogeryar bagy,
Ojagynda mydam közeryar çogy
Yusupahmet93
13 фев 2023, 13:06
Haramlykdan gara garnyny gözäp,
Halaldan sozlarler, gör, öñe dyzap.
Yusupahmet93
13 фев 2023, 13:07
Bir kişiniň iki bolsa bir zady,
Bahylyň alawlar ýüregniň ody.
Yusupahmet93
13 фев 2023, 13:09
Bir kişiniň närza bolanna bakman,
Iýermenler maşgalasyny eklär.
Yusupahmet93
13 фев 2023, 13:11
Gara nebse özün bendi edenler
Haramlaň gapysyn togap ederler.
Yusupahmet93
13 фев 2023, 13:16
Biribary hakydadyr~ýadyndam
Gorkman onuň keramatly adyndan?
Çykaryp zyňdylar bir ýana oklap,
Kezzaplyk dunýäsim kalbynda saklap.
Yusupahmet93
13 фев 2023, 13:21
Aý, garaz, sanasaň yzy gutarmaz,
Durmuş ýollarynyň to:zy gutarmaz.
Abdylla36
13 фев 2023, 14:03
Hawa ,ýagşylygyň üstüni basyp ,
Ýamanlyk barýandyr ösüp,ösüp ,ösüp.
Bu ahwalyň soňy nähili bolar ,
Ýagşylyk näwagt erkin dem alar.
Ony bilýär diňe zamanyň özi,
Şol getirer bäri gyşy ýa ýazy.
Abdylla36
13 фев 2023, 14:07
Adam diňe erkli öz i özüne.
Adama baş bermez tebigi gurluş,
Şeýle dowam eder bu pany durmuş.
Hiayress26
13 фев 2023, 16:35
Meň pikirimçe goşgylaryň ündewlerini üýtgetmeli indi, haýyr şerden, ýagşylyk ýamanlykdan rüstem gelýän, erbetlik gowylyga basylýan öwütli goşgylaryň möwrüti ötdi. Indi tersine @Ýusupähmediň, @Abdyllaň teswirde ýazanlary ýaly goşgylar düzülse durmuşyň hakyky ýüzüni açyp görkezdigi
Wednesday
13 фев 2023, 21:22
Distiwitelno ýagsylyk ündelende dünýäde urus gutaranok. Ýamanlyk ündelse parahatçylyk bolajakmyka.
DonMaxx
13 фев 2023, 23:54
ozime soz berdim inni adama yagsylyk etmen diyip