Bölünen teňňe (hekaýa)

Men edarada işleýärdim.Adatça Nýu Ýork durmuşy barada kiçijek hekaýalary ýazýardym.

Bir güni hemişekiler ýaly öz edaramda iş bilen meşgul bolup oturan wagtymda, ýanyma Tripp geldi.Men Trippiň anyk nirede işleýändigini bilmesemde,emma onuň gaty garyp adamdygyny bilýärdim.Tripp görnüşinden gaty ejiz,keselbent,ýüzünden gany gaçan,ap-ak adamdy.Ol menin ýanyma her gelende,wiski içmek üçin bir dollar dilenýärdi.

Bu sapar Tripp ozalkysyndan gaty gamgyn göründi.

-Hawa,Tripp,nähili,ýagdaýlaryň gowumy?

-Bir dollaryňyz barmy, jenap Çalmers?Size hekaýaňyz üçin ajaýyp bir ideýa gerekmi?Mende ajaýyp bir ideýa bar.Bu size bir ýa-da iki dollara düşüp biler.

-Nähili hekeýa,näme hakda?

-Bir gyz hakda.Örän owadan,sahypjemal bir gyz hakda.Ol ýigrimi ýyldan bäri kiçijek bir obada ýaşaýar,ol hiç haçan Nýu Ýork şäherini görmändir.Men oňa köçede duşdum,köçäni kesip geçýän wagtymda ol menden Jorj Brauny nireden tapyp boljagyny sorady.Ol fermadan başga hiç ýerini görmändigini we kiçijek obadan gelendigini aýtdy.Men Nýu Ýork ýaly uly şäherde onuň azaşmagyndan gorkup,onuň bilen söhbetdeş bolmagy ýüregime düwdim.Ol maňa indiki hepde fermer oglana durmuşa çykýandygyny,emma häzir birnäçe ýyl ozal obadan şähere pul tapmak üçin gaýdan Jorj Brauny gözleýänini aýtdy.Çünki Jorj Braun obasyna soň barmandyr.Emma,Ada(gyzyň ady Ada) fermer ýigide durmuşa çykmazdan ozal Jorj Brauny tapyp,onuň bilen gürleşmegi isleýär.Meniň pikrimçe henizem onuň ýüreginde Jorj Brauna bolan söýgi bar.Şonuň üçinem ol Nýu Ýork şäherine gelipdir.Men onuň bir özüni ýeke goýup bilmedim.Ol maňa bar puluny sowup bolandygyny we mundan soňra näme etjekdigini,hiç ýere gidip bilmejekdigini aýtdy.Şonuň üçin men ony pansiona eltip,şol ýere ýerleşdirdim.Siz ony görmäge meniň bilen gitmeli.

-Sen nämeler diýýäň?Men çyndanam hekaýa üçin bir idaýaň bardyr diýip oýlapdym.

-Beýle diýmäweriň,bu wakadan ajaýyp bir hekaýa döredip bolar. Gyz we çyn söýgüni owadan we maýyl ediji görnüşde suratlandyryň,oňat bir hekaýa ýazyp bilersiňiz.Bu siziň eliňizden gelýän iş,umuman,bu size dört dollara düşer.


-Nädip maňa dört dollara düşüp biler?

-Gaty ýönekeý.Bir dollar pansionyň eýesi üçin,iki dollar gyzyň ýol kireýi üçin.Bar bolany.

-Dördünji dollar kime?

-Hawa,bir dollar maňa,wiski üçin.Berýäňizmi?

Bu ýagdaýda hiç zat edip bolmajagyny bilsemde,men özüme Tripp üçin bir dollar bermezlige wada berdim.Göýä, dünýädäki hiç bir zat meni bu wadamdan dändirip bilmejek ýalydy.Şundan soň gaharym gelip dursada,men Trippe ýoldaş boldum.Ol hak eken,gyz çyndanam owadandy.Otaga girenimizde biz Adany bir kürside aglap oturandygyny gördük.Ol maňa baryny gürrüň berdi.

Jorj Braun barada gürleýän mahaly,onuň gözlerinden dür däneleri dek ýaş akýardy.Bu ýagdaýda men näme edip bilerdim?!Men Jorj Braun däl ahyryn.

-Jorj we men,bir-birimizi gaty söýýärdik.Ol on dokuz ýaşynda,mundan alty ýyl ozal obany taşlap Nýu Ýorka pul tapmaga gaýdypdy.Ol meniň üçin hökman oba geljegine söz beripdi,ýöne şondan bäri men onda hiç hili hat-habar almadym.

Biz hoşlaşyk pursadynda,bir teňňäni ikä bölüp,bir bölegini men,ikinji bölegini ol aldypdy.Elimizde teňňäniň iki bölegini tutup,bir-birimizi ebedi söýjegimize,söýgümize wepaly boljagymyza äht edipdik.Men ony bu ýere gözlemäge gelmegim baryp ýatan lyk.Şeýlemi?Men hiç wagt Nýu Ýorky beýle uly şäher diýip oýlamandym.

Şundan soň biz Ada bilen bagtsyz Jorjy gözlemegi bes edip,öýüne gitmegiň möhümligi barada gürleşdik.

Men pansionyň eýesine bir dollar töledim we şundan soň biz üç bolup ol ýerden gaýtdyk.

Biz Adany ugratmak üçin demir ýol menziline geldik.Men onuň üçin bilet we gyzyl gülçemeni satyn aldym.Biz onun bilen hoşlaşdyk we ol öz obasyna bakan ugrady.Tripp ozalkysyndan gaty gamgyn we bagtsyz ýaly göründi.Ol maňa:

-Bu wakany hekaýa edip ýazyp bilersiňmi?-diýdi.

-Bu bir kiçijek başdangeçirme,gyzykly wakanyň özi ýok.Gel,muny hemişelik ýadymyzda saklaly-diýdim.

Men Trippe wiski içmek üçin pul bermek islemedim.

Awtobus duralgasyna ugran wagty,Tripp özüniň penjegini çykardy we men ol ýerde arzanjak kümüş zynjyryna gözüm düşdi.Bir zatlar zynjyrdan asyp durdy.Bu ikä bölünen teňňäni ýarty bölegidi!

-Bu näme?!-diýip,men ondan haýran galyp soradym.

-Hawa,meniň hakyky adym Jorj Braun,ýöne indi mundan kime peýda?!

Şundan soň men bir agyz söz aýtmazdan Trippiň wiskisi üçin bir dollary aldymda,onuň eline tutdurdym.


Awtor:O Genri
6 лайков 193 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress26
14 фев 2023, 19:39
Ýüz üýtgesede göz üýtgemeýär. Eger çyn ýürekden söýenligi çyn bolsa-dy tanardy.
Ahmet
15 фев 2023, 01:56
Hiayress26,
Goşulýan...