Arhiw
Gowy adamlaryň nähilem bolsa goralýandygyna bolan ynanjymy hiç haçan ýitirmedim. Şol sebäpli hem sada bolan tarapymy goramaga synanyşdym. Adamlaryň gowudygna bolan ynamym, belki, hemmeleriň aslynda gowy adam emma, soňra başdan geçirenleri, öwrenen zatlary sebäpli başga bir adama öwrülýändigini pikir edýänimden gelýändir. Men hemişe birine gaharym gelende ýa-da günäkärlemäge başlanymda onuň 3-4 ýaşyndaky sadaja we günäsizje ýagdaýyny gözöňüne getirmäge synanyşýan. Ol kiçijek çaga erbet bolmak, göwne degmek islärdimi? diýip sorag berýän özüme. Belki-de, şol sebäpli bu durmuşda hiç kime gaharly ýada öýkeli galyp bilemok, içimde başdan geçýän duýgular bagyşlama derejesine hem ýetmänkä onuň çaga ýagdaýyny gözöňünde janlandyrmagym bilen birlikde başga duýgulara öwrülýär.
Durmuşda käte bize iň uly zyýan beren zat, öz menligimiz we saýlawlarymyzdyr. Menlik gurluşymyzda bizi ýalňyşlyklara süýräp çekýän düşünjeler, pikirler, hereketler, gaýtalanýan ýalňyş saýlawlarymyz bar bolsa, täzeden dogmagy üçin menligimizi öldürmeli. Gynanmagy, aglamagy, gatnaşyklarda göwne degilmegi bilip siz saýlamadyňyz, emma, sizi gynandyrjak ýa-da birnäçe gezek gynandyran bir ynsany durmuşyňyzda saklap, araçäkleriňiziň daşyna çykarmak jogapkärçiligini almazlygy siz saýladyňyz. Ýagny, sizi gynandyrýan adamlary durmuşyňyzdan çykarmadyňyz. Meň edişim ýaly bir goranma galkany döretmediňiz. Size ýaşaýşyňyzda zyýan beren bir ynsany gorky we gaýgylaryňyz sebäpli durmuşyňyzda saklamaga dowam etdiňiz. Şol bir gaýtalanýan aýlawlardan ders almadyňyz ýa-da alsaňyzam belki olary durmuşyňyzda ýerine ýetirmediňiz.
Her näme bolan bolsa, her näme bolýan bolsa, her nämeler başdan geçýän bolsa, bu gün bolanlar düýn edenleriňiziň ýa-da etmedikleriňiziň, ertir boljaklar bolsa, bu gün edenleriňiziň ýa-da etmedikleriňiziň netijeleridir. Başyňyza nämeleň geljegini, ýaşaýşyň size nämeler berjegini, getirjegini belki siz bilmersiňiz emma, sizden nämeler aljagyna siz rugsat (karar) berersiňiz.
Men bu ýolda birnäçe ynsanlar bilen tanyşdym, olaryň meselelerini diňledim, kömek etmäge synanyşdym. Örän täsin hekaýalara (başdan geçirmelere) şaýatlyk etdim we wagtal-wagtal ählimiziň şol bir suwlarda bogulýandygymyza göz ýetirdim. Hemmämiz biri-birimizden tapawutly bolsak-da, ählimiz şol bir meseleleri başdan geçirýäs, şol bir dertlere ýanýas we şol bir ajyny çekýäs.
Esasy zat, çözgütleri nirede gözleýänligimizdir.
Nirvana agza paýlaşypdy bir döwür

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.