???


Gowy adamlaryň nähilem bolsa goralýandygyna bolan ynanjymy hiç haçan ýitirmedim. Şol sebäpli hem sada bolan tarapymy goramaga synanyşdym. Adamlaryň gowudygna bolan ynamym, belki, hemmeleriň aslynda gowy adam emma soňra başdan geçirenleri, öwrenen zatlary sebäpli başga hilli adama öwrülýändigini pikir edýänimden gelýändir. Men hemişe birine gaharym gelende ýa-da günäkärlemäge başlanymda onuň 3-4 ýaşyndaky sadaja we günäsizje ýagdaýyny gözöňüne getirmäge synanyşýan. “Ol kiçijek çaga erbet bolmak, göwne degmek islärdimi?”-diýip sorag berýän özüme. Belki-de şol sebäpli bu durmuşda hiç kime gaharly ýada öýkeli galyp bilemok, içimde başdan geçirýän duýgular bagyşlama derejesine hem gelmänkä onuň çaga ýagdaýyny gözöňünde janlandyrmagym bilen birlikde başga duýgulara öwrülýär.
Durmuşda käte bize iň uly zyýan beren zat, öz menligimiz we saýlawlarymyzdyr. Menlik gurluşymyzda bizi ýalňyşlyklara süýräp çekýän düşünjeler, pikirler, hereketler, gaýtalanýan ýalňyş saýlawlarymyz bar bolsa täzeden dogmagy üçin menligimizi öldürmeli. Gynanmagy, aglamagy, gatnaşyklarda göwne degilmegi bilip siz saýlamadyňyz, emma, sizi gynandyrjak ýa-da birnäçe gezek gynandyran bir ynsany durmuşyňyzda saklap, araçäkleriňiziň daşyna çykarmak jogapkärçiligini almazlygy siz saýladyňyz. Ýagny, sizi gynandyrýan adamlary durmuşyňyzdan çykarmadyňyz. Meň edişim ýaly bir goranma galkany döretmediňiz. Size ýaşaýşyňyzda zyýan beren bir ynsany gorky we gaýgylaryňyz sebäpli durmuşyňyzda saklamaga dowam etdiňiz. Şol bir gaýtalanýan aýlawlardan sapak almadyňyz ýa-da alsaňyzam belki olary durmuşyňyzda ýerine ýetirmediňiz.
Her näme bolan bolsa, her näme bolýan bolsa, her nämeler başdan geçýän bolsa, bu gün bolanlar düýn edenleriňiziň ýa-da etmedikleriňiziň, ertir boljaklar bolsa, bu gün edenleriňiziň ýa-da etmedikleriňiziň netijeleridir. Başyňyza nämeleň geljegini, ýaşaýşyň size nämeler berjegini, getirjegini belki siz bilmersiňiz emma, sizden nämeler aljagyna siz rugsat (karar) berersiňiz.
Men bu ýolda birnäçe ynsanlar bilen tanyşdym, olaryň meselelerini diňledim, kömek etmäge synanyşdym. Örän täsin hekaýalara (başdan geçirmelere) şaýatlyk etdim we wagtal-wagtal ählimiziň şol bir suwlarda bogulýandygymyza göz ýetirdim. Ählimiz biri-birimizden tapawutly bolsak-da, ählimiz şol bir meseleleri başdan geçirýäs, şol bir dertlere ýanýas we şol bir ajyny çekýäs. Esasy zat, çözgütleri nirede gözleýänligimizdir.

11 лайков 348 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
XYIVENIA
08 сен 2022, 09:04
Içim ajydan dolup barýar gün-günden
Soho
08 сен 2022, 09:17
eeeehhh...
#B.S
08 сен 2022, 10:29
Salam gowmyň? :) Liwerpulyňyzama düýn masgara boldy :)
My life
08 сен 2022, 11:18
Ählimiz biri-birimizden tapawutly bolsak-da, ählimiz şol bir meseleleri başdan geçirýäs, şol bir dertlere ýanýas we şol bir ajyny çekýäs. Esasy zat, çözgütleri nirede gözleýänligimizdir.
Dogry aydylan sozler.
Victus
08 сен 2022, 12:04
Durmus aslynda gaty sada ony ozumiz cyldyrymlasdyryas
Victus
08 сен 2022, 12:58
Umumy alyp seredende durmusyn manysam yok. Adam pahyr atmosferan howasyny hapalamak ucin dogulyan yaly.
Victus
08 сен 2022, 13:02
Zalym bolmak bilen berilyan zyyan iki esse kopelmeyami.
Goklors
08 сен 2022, 15:37
Düşünje, orslar ponýata diýýärmi. Şol bolmasa adam bagtly. Kä bir adamlaryň kellesi çagaňky ýaly. özüniň lygyny bilenok. Gaýta il dyr öýdýär. Şol zeýilli adamlar stres az geçirýär. Netijede olar bagtly.
Fass
08 сен 2022, 15:50
Khanture
Salam gowmyň? :) Liwerpulyňyzama düýn masgara boldy :)

Indi Barselonadanam çökgünlik geçdi diýýäňda. Indi gezek biziňki diýýäňda.
Futbolda elmydamada şeýle, komanda güýçleýär peselýär ýene güýçlenýär ýene peselýär. Emma käbir komandalar çökensoň edil näletlenen ýaly bolýa. Käbiri bolsa ýene özüni tutýar.
Fass
08 сен 2022, 15:52
Ýazgyň çeşmesi, awtorynam ýazan bolsaň hasam gowy bolardy gadyrdan :)......
Tuman
08 сен 2022, 17:53
Hoş gördik Nirwan
Tuman
08 сен 2022, 17:53
Nirvana