GARYMGATYM IÝMEK
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem balyk, ýumurtga, et we süýt
önümlerini birlikde, hatda, bir haýwanyň etini başga haýwanyň eti ýada ýagy
bilen birlikde iýmändir.
Saglyk ýagdaýyna (tebigatyna) laýyk gelmeýän ýada birbirine laýyk
bolman, siňdirilmegi üçin aýry fermentler talap edýän naharlar birbiri bilen
garyşanda siňdirilip bilinmän çüýrär.
Meselem, uglewodlar bilen beloklar, süýt önümleri bilen balyk, birnäçe
sygyrdan sagylyp garyşdyrylan süýt, garyşyk et (mysal üçin, şol bir jynsdan iki
tapawutly haýwanyň eti, bir haýwanyň eti bilen bir beýlekisiniň ýagy, göle
bilen towuk eti ýada aklyňyza gelip biljek islendik bir et kombinasiýasy),
balyk bilen et, garyşyk ýaglar (mysal üçin, goýun bilen towuk ýagy, gaty ýag
bilen suwuk ýag) birbirlerine tersdir. Bularyň bölünip bilmekleri üçin zerur
bolan fermentler birbirine tersdir.
Şu terslik, fermentleriň öndürilmegine böwet bolar ýada öndürilen
fermentleriň birbirini ýok etmegine sebäp bolar we iýlen nahar sindirilmezden
turşamaga ýada çüýremäge başlar. Bu aşgazanda sagatlap dowam edýän işdir
we bu ýagdaý içegelerde hem dowam eder. Nahardan soňra ganda leýkositiň
ýokarlanmagy şu sebäpdendir.
Çüýreme ýada turşama netijesinde dörän zäherli we kislotaly
galyndylar içegelerde ýaşaýan peýdaly mikroplary öldürýär, nerw
uçlaryny zäherläp, içegeleriň hereketini haýalladar we iç gatama ýüze
çykar. Iýmitlenmekdäki ýalňyşlar dowam etdigiçe içege diwarlary
kanalizasiýa turbalary ýaly zäherli, ýagly zyňyndylar bilen örtüler,
içegeler giňeler, jübiler dörär. Jübilerde nejasata meňzeş daşlar ýygnanar
we birnäçe ýyllap şol ýerde galar. Içegeleriň içki bardasynda ýerleşen we
wezipesi zäherli galyndylary gana garyşdyrmazdan daşary zyňmak bolan
tüýjagazlary çüýreder. Tüýjagazlaryň çüýremegi bilen kel bolan içegelerde
ýaralar dörär. Şeýlelikde, içegeleriň içki dokumalary, peýdaly maddalaryň
ýany bilen zyýanly, toksit maddalarynyda gana garyşdyrar. Zyýanly maddalar
kapilýar damarlardan myşsa suwuklyklaryna aňsatlyk bilen geçip, öýjüge
ýetmäge synanyşar. Ýöne öýjükler, sagdyn boldugyça, zyýanly maddalary içeri
almaga garşylyk görkezer. Iýmitlenme ýalňyşlary dowam etdigiçe, zyýanly
maddalar öýjük diwaryna we öýjügi goramak bilen borçly mehanizmlere hüjüm eder we wagtyň geçmegi bilen olary sandan çykarar. Öýjügiň goraýyş
mehanizmi bozulandan soň, iýmitler bilen bilelikde zyýanly maddalar hem
öýjügiň içine geçip, öýjügiň funksiýasyny (energiýa we gerekli maddalaryň
önümçilik hyzmatyny) bozar.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.