ÝYGY-­ÝYGYDAN IÝMEK

Keselleriň esasy sebäplerinden biri hem alnan iýmitiň dolulygyna
siňdirilmegine garaşmazdan, üstüne başga bir nahar iýmekdir. Köne dini
kitaplarda siňdirilmegi tamamlanmadyk naharyň üstüne başga bir nahar
iýmegiň haramlygy aýdylypdyr.
Iýmit siňdiriş ulgamy belli düzgünler bilen işleýär.
Şu düzgünlere görä, 200­250 gr mukdardaky bir naharyň siňmegi, aşgazanda
3­5 sagatlyk bir döwür geçirenden soňra inçe içegelere düşüp tamamlanýar.
Muňa birinji siňdiriş diýilýär. Naharyň görnüşine, mukdaryna we häsiýetine
görä birinji siňdirişiň möhleti 6­10 sagada çenli uzap biler. Birinji siňdirişi
geçen iýmitler içege mukozasy bilen sorulyp alnyp, gana geçýär we ikinji
siňdiriş üçin bagyra ugradylýar.
Bagyr, birinji siňdirişden gelen belok, uglewod, ýag ýaly iýmit böleklerini
has kiçi böleklere bölýär we bularyň bir böleginden kişiniň tebigatyna laýyk
ýag, glýukoza, ferment, belok, witamin ýaly esasy maddalary öndürer.
Şeýlelikde, ikinji siňdiriş tamamlanyp, şu esasy maddalar gana geçer we
gandaky wezipeli gormonlar arkaly öýjüge ýetiriler. Ganda amala aşan şu iş
bilen birlikde üçünji siňdiriş hem tamamlanar.
Öýjükde şekerden (glýukoza) energiýa, aminokislotalardan bolsa, tapawutly
beloklar öndüriler. Şuňa hem dördünji siňdiriş diýilýär.
Aşgazanda iýmit siňdiriş tamamlanmazdan iýlen ýekeje dişlem aşgazanda
iýmit siňdiriş möhletini bozar. Şu bir dişlem, ozalky nahar bilen gar yşanda
siňdirilip bilmänligi üçin turşamaga ýa­da çüýr emäge ýol açýar we
aşgazanyň gyzmaklygyna, ajama, ýel we çişmä sebäp bolar. Turşama ýa­da
çüýreme netijesinde dörän zäherli we kislotaly galyndylar, inçe içegelere düşüp
«Gar ym­gatym iýmek» bölüminde gürrüň berlen möhleti başladar.
Aşgazanda iýmit siňdiriş tamamlanandan soňra, ýagny 3­5 sagat soňra, ikinji
bir nahar iýlip bilner. Ýöne 3­5 sagat aralyk bilen nahar iýlende, organizm dört
derejede köp siňdiriş işi bilen meşgul bolýandygy üçin beýleki funksiýalarda
köp kösener we «Köp lýmek» bölüminde beýan edilen ýagdaý ýüze çykar.
Ikinji bir iýmit üçin birinji iýmit siňdirişiň dolulygyna gutarmagyna, ýagny 6­
10 sagat geçmesine garaşmak zerurdyr, ikinji ýa­da üçünji siňdirişden soňra
iýmek, ýagny günde 1­2 gezek iýmek (12­24 sagat aralyk bilen) adam üçin
ýeterlikdir. Içmek meselesinde hem ölçeg birmeňzeşdir.
Häzirki döwürde adamlar, aýratyn hem aýal we çagalar, günüň esasy bölegini dowamly iýip geçirýärler we bedenlerini zibilhana öwürýärler. Pygamberimiz
sallallahu aleýhi wesellem köplenç aç we suwsuz gezerdi. Hat­da üç gije yzly-
yzyna garnyny doýran wagty bolmandyr. Şonuň üçin: «Gije ýa­da gündizine
iki gezek iýmek keseldir» we «Dok wagtyň iýmek hem kesellik, hem
haramdyr»­diýlipdir.
Saglykly ýaşamagyň iň esasy we möhüm şerti we ähli kesellere derman bolan
ýeke­täk «derman» gowy ajykmazdan iýmezlikdir. Köne lukmanlar­da:
­Kesel nämedir?­diýen soraga:
­Iýeniňi siňdirmezden iýmekdir­diýip, jogap beripdirler.
0 лайков 88 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.