IÝMEK-­IÇMEKDE NOBATA DYKGAT ETMEZLIK

Et, ýumurtga, peýnir ýaly belokly iýmitler aşgazanda siňmekligi uzak dowam
edýän iýmitlerdir. Süýjiler we miweler aşgazanda köp durman, içegä geçip,
birinji siňdirişi bu ýerde tamamlar. Suw bolsa, aşgazanda beden gyzgynlygyna
ýetenden soňra içegä geçýär. Şu sebäp bilen ilki suw içmeli, soňra birlikde
iýmezlik şerti bilen, miwe ýa­da süýjülik, soňra içdäaçar we nahar iýilmelidir.
Eger iki dürli nahar iýilýän bolsa, ýeňil we suwly nahary, agyr we gurak
nahardan öň iýmelidir.
Ibn Sina irden çörek (uglewod), agşam et (belok) iýmegi maslahat beripdir.
Çünki uglewod iýmit siňdirişinde gerekli fermentler umuman ertirden günortana
çenli, belok iýmit siňdirişinde gerekli fermentler bolsa, umuman günortandan
agşama (sagat 21.00­e) çenli öndüriler. Ýöne iýmit siňdirişiň tamamlanmagy üçin
oraza tutulan günlerden başga iň giç 19:00­da iýmek zerurdyr.
Nahardan soňra miwe ýa­da süýji iýlende, miwe we süýji siňdirişi
tamamlamak üçin içegä geçip ýetişmez, aşgazanda turşar, çüýrär we ýel
döreder. Kurany Kerimde hem şu nobaty görmek mümkindir: «Halan
miweleri we isleýän guş etlerini aýlarlar»­(«Wakya»; 20, 21) diýlip, et
miweden soňra agzalandyr. Ýene­de, «We size gudrat halwasy (menne) we
byldyrjyn (selwa, guş eti) indirdik» (Bakara: 57). Şu ýerde­de halwa, ýagny
uglewod (menne), byldyrjyndan, ýagny belokdan (selwa) öň gelýändir.
Nahardan soňra içilen suw hem içegä geçip ýetişmez, aşgazany giňelder,
aşgazan kislotasyny suwaldyp, güýjüni peselder, iýmit siňdirişi uzaldar we
kynlaşdyrar. Naharyň arasynda suw içmek, has­da bulaşyk bir tablisa orta
çykarar. Çünki naharda suw içen, nahary gowy çeýnäp bilmez, tüýkülik
mäzleri ýeterlik mukdarda ferment öndürip bilmez we iýmit siňdiriş agyzdan
başlap bozular. Içilen suw aşgazan kislotasynyň suwlanyp güýjüniň
peselmegine, aşgazanyň giňelmegine, bagyr we dalagyň ýüküniň agralmagyna
çenli barýan netijeleri ýüze çykarar. («Az Çeýneme» bölümine serediň!)
Nahardan 1,5­3 sagat soňra suw içmek has makuldyr. Çünki aşgazan kislotasy dolulygyna ulanylan we aşgazanyň içindäkiler inçe içegelere
geçmäge taýyn halata gelendir. Suw içmeklik üçin dogry wagt aralygy şudur
we şu wagtda adamyň suwsamagy hem adatydyr. Kurany Kerimiň «Agraf»
süresiniň 31­nji aýatynda: «...iýiň­içiň, ýöne isrip etmäň!...»­diýip
buýrulandyr. Şu aýatda hem «içiň» emri «iýiň» emrinden soňra gelýär.
Ýöne gury bir zat iýýän wagtyň her dişlemden soňra bir owurt suw içmekligiň
zyýany ýokdur. Has suwsalsa, nahardan soňra birnäçe owurt suw içilip bilner.
KÖNELEN WE ÝYLADYLAN NAHARLAR

Täze gök önüm we miwe, Günden alýan energiýasy sebäpli, iýmit gymmaty
taýdan has baýdyr. Miwe we gök önüm bişirilenden soň, Günden alýan
energiýany we strukturalaýyn suwuny ýitirip, aslyna, ýagny topraga we
minerallara öwrülmäge başlar. Suwuny ýitiren gök önümiň göwrümi azalar,
düzümindäki minerallar artar.
Minerallar bedende agyr galyndylar döreder we şu galyndylar myşsalaryň
arasynda, dokumalarda, damarlarda ýygnanyp, olary gataldar. Şu sebäp bilen
çig gök önümi saýlap almak we bişen gök önümi az mukdarda iýmek has
dogrudyr.
Nahary bişenden soňra azajyk sowadyp iýmek zerurdyr. Nahar adama däl,
adam nahara garaşmalydyr.
Mikroplar könelen naharyň düzümini üýtgeder. Nahar ýyladylanda bolsa,
täze himiki goşundylar döreýändigi üçin, peýdadan köp zyýany bardyr.
Ýyladylan naharyň özi we tagamy üýtgär, siňdirişi kynlaşar, hat­da siňmegi
mümkin bolmaz.
Mikrotolkunlar (mikrowolnowka) ýyladylan nahardaky esasy iýmit
maddalaryny (suw, şeker, ýag we beýleki käbir maddalar) sorup alar. Tolkunlar
şu maddalaryň molekulalaryny atomly üýtgeşmä sezewar edip, nahary ýyladar.
Mikrotolkunlaryň nahara edýän täsiri boýunça edilen islendik bir ylmy barlag
ýokdur. Ýöne olaryň suwa bolan täsiriniň ylmy barlagy geçirildi. Takmynan
70% suwdan durýan adam bedeni mikrotolkunlar bilen ýakyn galtaşmada
bolsa, bedeniň suw molekulalary strukturalaýyn we energetik üýtgeşmä duçar
bolar. Organizmdäki suw strukturasy üýtgände, beýni suwuklygy, limfa
suwuklygy, gan we öýjük serumy ýaly bedendäki ähli suwuklyklaryň
strukturasy üýtgär. Bu bolsa, fiziki we ruhy durnuksyzlyga sebäp bolar. Biziň
naharlarymyzyň 50­90%­i suwdur.
Pygamber Serwerimiz sallallahu aleýhi wesellem agşamdan galan, ertesi gün
ýyladylan nahary asla iýmezdi.
1 лайков 84 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.