*****

Bir eşegiň hekaýaty
Pişik sorady: Men kim?

Dana alaka jogap berdi: Sen alaka.

Bir gün gije alakalar üýşüp pişigi iýdiler…

Bir gezek, eşşegiň biri eşşek hemme dosty-ýary işe gidensoň jeňňelde ýeke galdy. «Olar gelýänçä nämä güýmensemkäm?» diýip, kän pikirlendi. Ahyry öz-özi bilen bir oýun oýnamagy ýüregine düwdi. Ep-esli wagtlap näme oýnajagy hakda oýlandy. Wagt kändi, şonuň üçinem ol gyssanmaýardy. Ahyrsoňy, kellesine gizlenpeçek oýnamak geldi. Ýeke özüdi. Emma bu esasy zat däl. «Özüm gizlenip, özümem taparyn» diýdi. Bir bagyň arkasynda durdy-da, 50-ä çenli sanady. «1, 2, 3… 48, 49, 50. Ýatan ýeriňem belli!» diýdi-de, gözlemäge başlady. «Nirede gizlendimkäm-aý?» diýip iňkise gitdi. Gijä çenli gözledi emma birtüýsli, bukulany tapyp bilmedi. Garaňky gatlyşdy. Eşşegiň dostlary işden geldiler. Täze oýunlar oýnadylar. Emma «Nirede gizlendimkäm-aý?» diýen sorag eşşegiň kellesinden çykmaýardy.

Ýanyndakylar her gün ir bilen işe gidip-gitmänkäler eşşek ýene gözlege çykýardy. Aradan birnäçe aý geçdi. Bir günem gözläp ýörkä halys ýadady-da, näme gözleýäninem unutdy. Indi ýöne gözleýärdi. Özem, kimi gözleýänini bilmän gözleýärdi. Kellesini bulaşdyrany üçin dostlaryndanam arasy ep-esli açyldy. Düşen ýagdaýy üçin olary günäkär saýdy: «Ne gözel adamdym, men. Hemmesi sizden boldy. Dünýämi üstüme ýykdyňyz. Mende günä ýok. Bary siziň günäňiz!» diýip, sögündi ýördi. Ömri gözlegde geçse-de, näme gözleýänini tapyp bilmedi.

Bellik: Dogry aýdýaň, dostum. Ýöne o taýsyna üns berme! Menem bilýän eşegiň bir ş bilen ýazylýanyny, emma bu hekaýat bir eşegiň däl-de, eşşegiňki!

Eger bir ýerlerde çözgüdi özünden başga ýerde gözleýän, şowsuzlyklaryny yzygiderli daşky täsirlere baglap, sögünip ýören eşşege duşsaň, ýanyna bar-da, «Seň näme gözleýäniňi men bilýän» diý. Diý-de, ýüzüne aýna tut. Düşünse-hä, oňa ýetesi zat ýok. Düşünmese-de, degme. Galybersin, şol eşşekligine.

Eger adam bir zady başarmasa, eden işini orta ýolda goýýan bolsa, bir tüýsli, garaşan netijesine ýetip bilmeýän bolsa, bar günä onuň özündedir. Adam üstünligi başgalara daýanyp gazanyp bilmez, tersine, özüne daýanyp gazanyp biler. Meniň ýanymdan aýyrmaýan kiçijik bir aýnam bar. Ony saçymy daramak üçin ýa şoňa meňzeş bir zat üçin ýanymda göteremok. Şowsuzlyga uçranymda ýa-da garaşmaýan netijäm bilen ýüzbe-ýüz bolanymda ilki bilen edýän işim: aýna seredip günäkäri gözden geçirmek.



Terjime eden: Aşyr Sapar.

Çeşme: Erdal Demirkyran, «Adam diýeniň özümiz ýaly bolmaly» kitaby.
10 лайков 259 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
20 фев 2023, 19:06
Kitabyň ady hem bir hekaýat eken))

Hoş geldiň, Гость.
Massimus
20 фев 2023, 19:10
Salam @Gost daýy, senem bar ekeniňow
Гость
Автор 20 фев 2023, 19:44
Pegas,
Salam, hoş gördük.) Gowmy Pegas ýagdaýlaryň?!
Гость
Автор 20 фев 2023, 19:45
Massimus,
Salam, gowymy ýegenaga ýagdaýlarňyz?!). Barynl'aý
Гость
Автор 20 фев 2023, 19:46
Hemedany,
Salam, hoş gördük. Gowymy Hemedany ýagdaýlaň?!
Pegas
20 фев 2023, 21:28
Гость
Pegas,
Salam, hoş gördük.) Gowmy Pegas ýagdaýlaryň?!

Salam, salam. Hudaýa şükür, özüň neneň?)
Belki
20 фев 2023, 21:33
Öýkelek daýy, bamyñ ))
Erdal Demirkyranyñ okyjylaryndan biri bolsamam beýle kitabynyñ bardygyny bilemokdym. Täzelikde neşir edildimikä?
Гость
Автор 20 фев 2023, 22:27
Pegas,
Şükür, oňat menem )
Гость
Автор 20 фев 2023, 22:30
Belki,
Öýkelek daýy ?))

Baryn, gowymyň Belki aga?! Iki ýyldana geçendir bu kitabyň çykanyna
Гость
Автор 20 фев 2023, 22:30
Hemedany,

Gowy menem )
Harmony
20 фев 2023, 23:12
Kom-a düşdüm diýen bolsana)
Гость
Автор 20 фев 2023, 23:26
Granger,
:))

Gowmy sen Lenin?!
Harmony
20 фев 2023, 23:46
Гость,
Gowy. Senem gowsyňa, Gebbels? :)
Гость
Автор 20 фев 2023, 23:48
Granger,
Gebbels ))
Гость
Автор 20 фев 2023, 23:51
Granger,
Gowy menem )
Dowsypat
21 фев 2023, 11:07
Bir gezek, eşşegiň biri eşşek hemme dosty-ýary işe gidensoň jeňňelde ýeke galdy

Bir Ş-ny ekonom edip ýazsaňam bolardy!
Гость
Автор 21 фев 2023, 11:10
Dowsypat.,
Belligi okamansyňow. Düşündiriş beripdir näme üçin bir "ş" ny ekanom etmän, gaýgyrman ulanandygny