*****

Ömürboýy çäresizlige uçran bir adamyň hekaýasy
7 – ýaşynda kakasyny ýitirdi we ýetim galdy.
8 – ýaşynda okuwdan çykardylar we ähli wagtyny mellekdäki gargalary
kowalamak bilen geçirýärdi.
10 – ýaşynda ýüzi gana boýalyp, täze okuwynda mugallymyndan urulyp,
okuwdan çykaryldy. Öýkeden we gorkydan 3 günläp öýünden çykyp bilmedi.
24 – ýaşynda azatlykdan mahrum edildi we her gün soraga çekildi. 2 aý ýeke özi
bir otagda tussag boldy.
25 – ýaşynda Siriýa sürgün edildi.
30 – ýaşynda başga şäherlerde duşmana garşy söweşýän wagty doglan şäheri
duşmanlaryň eline geçdi.
30 – ýaşynda wezipesinden boşadyldy we birnäçe aýlap işsiz ýaşady.
37 – ýaşynda böwrek hassalygy sebäpli Wenada 2 aý bejergi aldy.
37 – ýaşynda serkerdesi edilip ugradylan harby bölümi dargadyldy.
38 – ýaşynda Goranmak ministri tarapyndan wezipesinden boşadyldy.
38 – ýaşynda ýygnanyşyga geýer ýaly raýat eşigi ýokdy we birinden wagtlaýyn
geýmäge aldy. Jübisinde diňe 50 lirasy bardy.
38 – ýaşynda tussag astyna almak boýunça karar çykdy.
39 – ýaşynda ölüm jezasy berildi.

Soňra näme boldy?

42 – ýaşynda Türkiýe respublikasynyň Prezidenti boldy.


Okan maglumatlaryňyz Lider Mustafa Kemal Atatürke degişli.

Indi, pikir ediň! Siziň ýoluňyzy baglaýan haýsy hem bolsa bir
päsgelçilik barmy?
8 лайков 267 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Retro
Retro
20 фев 2023, 23:00
Şu zatlary Atatürkiň özüne baglaýaňmy?
picasso
20 фев 2023, 23:00
Beh...
Retro
Retro
20 фев 2023, 23:07
7 ýaşdan 42 ýaşa çenli nämeler bolanyny 17 sözlemde jemläp Indi, pikir ediň! Siziň ýoluňyzy baglaýan haýsy hem bolsa bir
päsgelçilik barmy?
diýipsiň ??
Logika nirede, 35 ýyllyk adam durmuşyny 17 sözlemde jemläp sorag bermegiň düýbünden manysyz.
Munyňa "siz şunça bolup bileňzokmy?" diýen ýaly bolupdyr.
Tä dogulanyndan ölýänçä nämeler bolanyny, nähili ýagdaýda, kimleriň täsiri, kimleriň goldawy, näme sebäpler sebäpli bolany belli dälä bu 17 sözlemde.
Häzir logikasy pes biri okabam "Bäh, men şunçada bolmandyryn" diýip özüni tankytlaýmasa şundan bir peýdaly zada almaýa.
Гость
Автор 20 фев 2023, 23:43
Retro,
Temaň niýetem şol seň aýdyşyň ýaly "kemsitmek" maksady bilenda. Hemme zady üpjün bolubam agzyny açyp ýörenler, hiç zat başarmaýanlar özlerinden utansyn, kemsinsin diýip açylanda. Azajygam bolsa uklan beýnileri herekede gelsin diýip açylan temada.

Hool ýokarky seň diýýän jikme-jikligem bolsa awtobiografiýasyny okap tanyşaýsynlar. Beter kemsinesleri gelmese, "bää muň podderžkasy bar eken, şoň üçin prezident bolan eken" diýip göwnüni aldaslary gelse. Özüniň dereksizdiginiň üstüni örtjek bolsa
Retro
Retro
21 фев 2023, 01:02
Гость,
Muň awtobiofrafiýasyna özümem bilemok. Okamagam islämok. Onuň döwri başga, onuň öz başarnygy bilen ýetmedigi belli. Kimler durmuşyna täsir etdi, o döwrüň swilizasiýasy, syýasaty başga. Häzir başgaça. Ýöne şol döwüriň elitniý görnüşi diýseňem bolýar häzirki döwüre. Häzirki türki döwletlerdäki syýasat taryhdada şol bir zat. Galanyna özüň düşünäý.
17 sözlem bilen kimsitmek diýýän bolsaňa birhililaý. Onuň awtobiografiýasyndan başgada o barada ýene durmuşyndan näçe tomluk bilinmeýän zatlar bardyr.
Hiayress26
21 фев 2023, 09:10
"Труд сделал из обезьяны человека."
"Polat otda bekär, adam kynçylykda."
Maksat
21 фев 2023, 10:30
Atatürkem mençeräk kösenipdirow:))
Salam @Gost hoş geldiñ.
Гость
Автор 21 фев 2023, 10:36
Retro
Гость,
onuň öz başarnygy bilen ýetmedigi belli.


Atasyndan miras galmadygam belli. "Kimler durmuşyna täsir etdi" diýipsiň. Bu diýmek "goldaw esasynda ýetdi şol wezipä" bolýa meň düşünşimçe'ha. Esasy mesele-de şoňa goldaw beren adamyň (adamlaryň) goldawyny gazanyp bilmekda, şolaň sana ynanyp goldamagyna çenli göterilip bilmek. Başyndan şunça kynçylyk geçse-de dünýä ýüzüne subut edip bildi islendik zadyň mümkindigini. Esasy zat adamyň öz gaýratyna baglydygyny. Bolmanam goldaw bolmasa beýle derejä ýetmek mümkin däl. Ýekäň çaňy çykmaz. Ýöne munyň şeýle derejä ýetmesiniň sebäbini özünden däl-de başgalaň täsirinden gözlemek nädereje dogry? Sen maňa mysal getir hiç bir goldawsyz iň ýokary wezipä ýeten ýekeje adamy, eger tapyp bilsaň!
Гость
Автор 21 фев 2023, 10:38
Bayker,
Salam, hoş gördük. Gowymy agam ýagdaýlaň ?!)
Гость
Автор 21 фев 2023, 10:44
Retro
Häzirki türki döwletlerdäki syýasat taryhdada şol bir zat. Galanyna özüň düşünäý.


Sähel kömek etmeseňä düşünmedim bul aýdanňa. Sen "taryhda-da" diýip haýsy döwrüň taryhyny aýtýaň. 100 ýyl öňki taryhmy ýa 500ýyl öňki taryh, ýa ondanam aňyrynymy? Şu wagtky islendik türki döwletiňdäki döwlet dolandyryş sistemasy bilen şol seň diýýän geçmişdäki türki döwletleň dolandyryş sistemasynda nähili meňzeşlik gördüň? Şony düşündiräýseň
Maksat
21 фев 2023, 10:49
@Gost yagdaýlar oñat bir tap bar.
Yusup
21 фев 2023, 12:29
Inlislerin komegi bilen Prezident bolan bolmaly shu Ataturk. Yone chyndanam goldaw bolmasa ola prezident eken 1 sany goyunada chopan edip goyonoklar. 1 sany goyun almaga pulun yok. Yone biri sana oz goynuny ynandy we sen chopan boldun. Edil sholar yaly goldaw bolmasa hic yerede osmersin
Retro
Retro
22 фев 2023, 00:20
Гость
Retro
Гость,
onuň öz başarnygy bilen ýetmedigi belli.


Atasyndan miras galmadygam belli. "Kimler durmuşyna täsir etdi" diýipsiň. Bu diýmek "goldaw esasynda ýetdi şol wezipä" bolýa meň düşünşimçe'ha. Esasy mesele-de şoňa goldaw beren adamyň (adamlaryň) goldawyny gazanyp bilmekda, şolaň sana ynanyp goldamagyna çenli göterilip bilmek. Başyndan şunça kynçylyk geçse-de dünýä ýüzüne subut edip bildi islendik zadyň mümkindigini. Esasy zat adamyň öz gaýratyna baglydygyny. Bolmanam goldaw bolmasa beýle derejä ýetmek mümkin däl. Ýekäň çaňy çykmaz. Ýöne munyň şeýle derejä ýetmesiniň sebäbini özünden däl-de başgalaň täsirinden gözlemek nädereje dogry? Sen maňa mysal getir hiç bir goldawsyz iň ýokary wezipä ýeten ýekeje adamy, eger tapyp bilsaň!

Hawa elbetde goldaw esasynda ýetdi diýdigim. Emma goldaw gazananda goldaw beýäniň nähili islegni ýerne ýetirdi kim bilýär. Nähili hapa işler edeni hiçýerde ýazylanok. Sebäbi türki halklaryň häzirki döwri taryhyň elitni görnüşi diýmegim subutnama bolup dur. Seret. Ine islendik türki halklaryň geçen 30-40 ýyllyk taryhyny nähili ýazýalar. Sortirowka edip ýazýarlar. Janly subutnama seň öz öýüňdede (dogry düşün) bar. Göniläp aýtmana utanýan, soň menden gaty görüp meň başyma hupbot bolrsyňmy nämemi? :)))
Goldawsyz ýeten bar diýjek bolamok, ýöne şu ýokarky 17 sözlemiň esasyndaky reklama boýunça ha ýokarygöterlmedigine kepil geçýän. Diýýänä gümütriklikler belli (görkezilmedik) däl. Umuman syýasatyň özi bir "adowçylyk" diýmek.
Öňem biri aýdypdy "syýasat nähili bolsa bolsun sen şony golsa ýada basyp al". Goldaman, daşyndan daňylgy duran güjüjek ýaly üýrüp ýüpüňe bokurdagyňy gysdyryp agyrdanyňada degenok manynam berýär.....
Retro
Retro
22 фев 2023, 00:21
Гость
Retro
Häzirki türki döwletlerdäki syýasat taryhdada şol bir zat. Galanyna özüň düşünäý.


Sähel kömek etmeseňä düşünmedim bul aýdanňa. Sen "taryhda-da" diýip haýsy döwrüň taryhyny aýtýaň. 100 ýyl öňki taryhmy ýa 500ýyl öňki taryh, ýa ondanam aňyrynymy? Şu wagtky islendik türki döwletiňdäki döwlet dolandyryş sistemasy bilen şol seň diýýän geçmişdäki türki döwletleň dolandyryş sistemasynda nähili meňzeşlik gördüň? Şony düşündiräýseň

Meňzeşlik köp, gaty köp. Häzir elitniý görnüşi geçmişiň.