Terjimedäki ýalňyşlyklar

Terjimedäki ýalňyşlyk sebäpli gorkunç taryhy wakalar.


Dogry we anyk terjime - kyn we jogapkarli iş. Ýöne, käte çenden aşa jogapkärçilik hem terjimeçini ýalňyşdyrmagy mümkin.
Ýekeje ýalňyşlyk käte bir ynsanyň, käte bolsa birnäçe müň adamlaryň ömrüne howp salmagy hem hiç zat däl.

Bu gün taryh üçin gymmada düşen ýalňyşlyklary ýatlap geçeliň:

1. 18 ýaşly ýigit bir ömürlik maýyp boldy.

Günorta Florida-da 1980-nji ýylda bolan bu waka örän gynandyryjy. 18 ýaşly kubaly Willi Ramires borden güýçli başy aýlanýandygny we kellesi agyrýandyny aýdýar. Ýagdaý şeýle bir erbetleşdi. Hatda onuň görüşi we pikirlenşi hem bozulypdy. Biraz wagtdan soň bolsa ol özünden gitdi.

Birnäçe sagat öň ýigit kafede naharlanandygyndan habary bolan onuň ejesi "oglum nahardan zäherlenipdir" diýen gümana barýar. Emma iňlis dilini gowy bilmezligi tiz kömek lukmanyna ýagdaýy dogry düşündirip bilmeginde kynçylyk döredýär.

Düşündirýän wagty ýigidiň ejesi- ispan dilindäki «intoxicado» (terjimesi: zäherlenmek) sözüni ulanýar. Ýöne iňlis dilinde alkogol ýa-da neşe maddasynyň dozasy köp düşüp döreýän ýagdaýy aňladýan «intoxicated» diýen söz barlygy lukmany ýalňyşdyrýar. Tiz kömek lukmany ýigdekçäni bölüme eltip, özi düşünen diagnozy goýýar we hassany şol diagnoz boýunça bejermäge başlaýarlar.

Aslynda bolsa ýigitde gemarrogik insult bardy. Bu kesel beýle ýaşdaky adamda ýüze çykmagy örän seýrek ýagdaýdygy üçin hem hiç kim muni güman edibem görmändi.

Nädogry diagnozyň netijesindäki «bejergi» insult beden ysmazyny döredýän derejä göterilmegine sebäp boldy. Ýalňyşlyk sebäpli maşgala 71 mln dollor mukdarynda kompensasiýa tölendi, ýöne ýigit ömürlik maýyp boldy.

"Näme bolsa ýagşylyga"- diýilişi ýaly bu ýagdaý ABŞ medisinasyndaky çynlakaý reformalara sebäp boldy, patsientlere hyzmat etmegiň tertibi bolsa düýbünden üýtgedildi.

2. «Biz sizi ýere dularys!(ýere gömeris, jaýlarys!)»– nädogry terjime sebäpli SSSR we ABŞ arasynda uruş başlamagyna az galypdy.



1956 ýyl SSSR we ABŞ-ň arasyndaky sowuk urşuň gyzyşan pellesidi. Iki döwlet ýolbaşçylarynyň nutklarynda-da haýbat atyjy sözler ýaňlanyp durýardy. Emma terjimeçiniň kiçijik ýalňyşlygy sebäpli hakyky urşyň başlanmagyna az galanyndan köpçülik habarsyz bolsa gerek.

Nikita Hruşýow Polşa ilçihanasynda nutk sözledi. Ol köpçüligiň öňüne çykanda köplenç gyzyşyp giderdi we onun kontekstini içgin düşünmedik adam täsin jümleleri terjime etmekde ýalňyşmagy gaty mümkindi.

Şol nutgynda ol aşakdaky jümleleri aýdyp geçdi: «Bu size ýaraýarmy ýa-da ýok, emma taryh biz tarapda. Biz sizi ýere duwlarys». Bu ýerde Hruşýow Marksyň «proletariat kapitalizimiň gabyr gazyjysydyr» tezisine meňzedip, ony biraz başgaça sözler bilen beýan edipdi. Terjimeçi bolsa bu sözi göniden- göni terjime edip, halkara dawaň sebäpkärine öwrüldi.

«We will bury you!»– jümle sähel wagtdan Amerikaň gazetlerinde çap edildi. Hatda, meşhur«Тime» žurnaly hem bu hakda tutuş bir makala çykardy.

ABŞnyň diplomatik wekilleri şol pursatda SSSRe nota iberdi we sowet diplomatlary gyssagly ötünç sorap, Hruşýowyň aýdan jümlesi uruş hereketlerini däl-de Marksyň üýtgedilen haraýşyny beýan edýändigini bildirdi.

Soňra Hruşýowyň özi hem nutk üçin köpçülikleýin ötünç sorady we göni manydaky gabry dälde, işçi synpy kapitalizmi öldürjegini göz öňünde tutandygyny aýdyp geçdi.
Ýöne muňa seretmezden Hruşýow sözleýiş usulyny üýtgetmedi. 1959 njy ýylda ol «ABŞa Kuzkaň enesini görkezjekdigi» hakynda aýtdy. Bu gezek hem terjimeçi jümläni «we shall show you Kazka’s mother» diýip, esasy mazmunyny ýetirip berip bilmedi. Amerika jemgyýeti bolsa "Kuzkaň enesi - Sowet soýuzynda taýýarlanýan täze atom bombasy"- diýen pikire bardy.

3. Taryhdaky iň aýylganç ýalňyşlyk bolsa 26 iýul 1945 ýylda bolup geçen Potstam konferensiýasyndan soň bolup geçdi.

Ýaponiýa imperiýasyna iberilen ultimatum görnüşindäki deklorasiýada Ikinji Jahan urşynda kapitulýasiýa etmek talaby öňe sürülipdi. Talap inkär edilse, olary «doly ýok etmek» garaşýandygy bellenip geçilipdi.

Üç günden soň Ýaponiýanyň premýer ministri Kantaro Sunzuki press-konferensiýa wagtyndaky nutgy dowamynda Mokusatsu sözüni ulandy. Munyň manysy, «gürlemezlik, dymmaklyk» dy. Ýagny, premýer ministr olar gürlemejekdigini, goýulan talaba ümsümlik bilen jogap berýändiklerni bildirjek boldy. Bu çylşyrymly diplomatik jogapdy.

Emma bu söz iňlis diline «we ignor that» («biz muňa üns bermeýäris» ýa-da «üns edenňe degenok») görnüşinde terjime edildi.

Ýapon hökümediniň beýle jogaby ýaponlara atom bombasy arkaly hüjüm etmekligiň sebäpkäri boldy. 6 awgust güni Hirosima 15 kilotonna, 9 awgüst güni bolsa Nagasakä 21kilotonna bolan atom bombasy taşlandy.

Resmi maglumatlara görä Hirosimada 150 00, Nagasakide 75 000 adam jebir çekipdir. Ýöne jebir çekenleriň real sany 450 000e ýakyndygy aýdylýar.

Görýäňizmi, birje ýönekeý ýalňyşlyk mazmuny düýbünden üýtgedip nämelere sebäp bolmagynyň mümkindigini

Daşary ýurt dilleri we terjimeçilik- örän çylşyrymly we çynlakaý ýagdaý. Dostlar bilen aragatnaşygyň dowamyndaky ýalňyşlyk dawa, ýokary derejedäki şahslaryň aragatnaşygy dowamyndaky ýalňyşlyklar bolsa urşa öwrülmegi hem mümkin.
7 лайков 159 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kerbaba
21 фев 2023, 22:02
Японлы гурруна ынандырыжы дал. Амерканлар атом бомбасыны сынап гормек учин копден бари ичи быжыклап гарашып дурдылар ахырын.
Gauzen
21 фев 2023, 22:05
Ýetirip duruň arbuz
Kerbaba
21 фев 2023, 22:11
Г
Gauzen
Ýetirip duruň arbuz

Гиже гарпыз ийсен ятян ерини шалпы - шаран эдерсин.:))
Гость
Автор 21 фев 2023, 22:12
kwadrat kelle
Японлы гурруна ынандырыжы дал. Амерканлар атом бомбасыны сынап гормек учин копден бари ичи быжыклап гарашып дурдылар ахырын.

Şol ýalňyşlygam bahana tapyp berdi-da Amerika
Jeksparro
22 фев 2023, 00:14
Гость
kwadrat kelle
Японлы гурруна ынандырыжы дал. Амерканлар атом бомбасыны сынап гормек учин копден бари ичи быжыклап гарашып дурдылар ахырын.

Şol ýalňyşlygam bahana tapyp berdi-da Amerika


Şol atom bombasynyň ýasalmagyna Sümeriň nälet siňen plita ýazgylary sebäp boldy... Öňki döwürlerde NLO-lar nükleýir atyş oklary bilen Adamzadyň soňuna sogan dograpdyrlar. Şol sümer plitalarynda ''zäherli bulutly gyzgyn howa'' diýip keşplendirilýär. Aý bolsa-da...