«Ýarganatyň ýüzi ýok»



Gadym zamanlar guşlar bilen haýwanlaryň arasynda uruş döränmiş. Ep-esli wagt dowam eden bu uruşda takyk ýeňiji çykman myşsa. Şonda iki tarapyň hem hasiýetlerini özünde jemleýän ýarganat bularyň hiç biriniň tarapyny tutmanmyş. Guşlar oňa: «Gel, biziň tarapymyza geç» diýseler-ä, ol: «Men haýwan» diýýärmiş, haçanda haýwanlar ýanyna gelip, onuň öz taraplaryna geçmegini islänlerinde bolsa, özüniň guşdugyny aýdýarmyş.
Wagtyň geçmegi bilen guşlar bilen haýwanlaryň arasynda ýaraşyk yglan edilýär. Uruş tamam bolýar. Muňa mähetdel, hamala hiç zat bolmadyk ýaly, ýarganat guşlaryň arasyna aralaşyp, olar bilen deň hatarda şatlanyberjek bolanmyş. Muny gören guşlar ony dessine aralaryndan kowupdyrlar. Haýwanlaryň ýanyna barýaram welin, olaram oňa ýüz bermändir. Şunlukda, hemmeler tarapyndan ýazgarylan, çetleşdirilen şormaňlaý ýarganat gündizler-ä hiç kimiň gözüniň düşmeýän garaňky ýerlerinde gizlenip gezmeli bolanmyş. Gijelerine-de diňe hemmäniň uka giden wagty daşary çykyp bilýärmiş. Sebäbi onuň il arasyna çykmaga ýüzi ýok-da.

3 лайков 122 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Jeksparro
22 фев 2023, 23:54
Edil beýtmelem däl-dä görgüli ýarganaty. Uruş-dawalara goşulmandyr, dogram edipdir. Iki tarapa-da goşulmandyr... A ýaraşan soňlar ony ýanyna almandyrlar. Hany idea?
Jeksparro
22 фев 2023, 23:55
Suratdaky ýarganatyň ýüzi möjejige meňzeýarmi?
RelaX
Автор 23 фев 2023, 11:31
Jekwarabey,
Kyn güninde ýanynda bolmasañ gowy güninde başyna ýapsynlarmy