Arap çölüniň merkezinde geljegiň şäherini gurýarlar.

ARAP ÇÖLÜNIŇ MERKEZINDE GELJEGIŇ ŞÄHERINI GURÝARLAR.

21-nji asyryň iň naýbaşy binagärlik taslamalarynyň biri bolan Neom häzirki wagtda Saud Arabystanda şazada bin Salmanyň buýrugy esasynda gurulýar. Oňuň gurluşygy bilen dünýäniň ähli künjeginden gelen arhitektorlar meşgullanýar. Awtorlaryň pikirine görä, çölüň ortasynda gyşky dynç alyş seýilgähleri, ýüzýän jaýlar we ýerasty ýokary tizlikli otlylar peýda bolmaly. Neom-yň esasy obýekti sekiz sany Manhattanyň uzynlygyndaky “Çyzyk (Liniýa)” aýna binalarydyr. Şazadanyň meýilnamasyna görä, 2045-nji ýyla çenli “döwlet içindäki döwlete” öwrüljek Neomda dokuz million adam ýaşar. Şu wagta çenli “Çyzygyň” ýerinde ägirt garymlar gazyldy. Şol bir wagtyň özünde şazada üçin niýetlenen jaýyň gurluşygy tamamlandy.
2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Deezen arhitektura web sahypasy Saud Arabystanyň demirgazyk-günbatarynda surata düşüren wideosyny çap etdi. “Ot Sky” pilotsyz uçary (dron), giň we göni garymlary gazýan onlarça ýük awtoulaglarynyň, buldozerleriň, ekskawatorlaryň üstünden uçup geçdi. Bu kadrlar Tabuk welaýatynda şol at bilen dolandyrylýan dolandyryş merkezi bilen bilelikde düşürildi. Bu ýerden Saud Arabystanyň paýtagty Er-Riýada awtoulagly iň oňat halda ýol geçeniňde 12 sagatda baryp bolýar. Ýerli giňişlikler esasan gün energiýasy we Gyzyl deňziň duzly suwy diýmeseň, onçakly tebigy baýlyklara eýe däl. Tomusda howanyň tempraturasy 40, kä halatlarda 50 derejä çenli gyzýar. Ýewropaly we Amerikaly alymlar tarapyndan geçirilen soňky gözlegeleriň netijesinde ýakyn onýyllyklarda Arap ýarym adasynda howanyň tempraturasy has ýokarlanjakdygyny, howanyň ýagdaýy üýtgemese bu ýerlerde gijelerinede ýaşamak we işlemegiň kyn boljakdygy hasaba alyndy. Nähili-de bolsa, şu ýerde 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri adamzat taryhynyň iň uly we ajaýyp taslamalarynyň biri bolan “Çyzyk” taslamasy amala aşyrylýar. Taslamanyň awtorlarynyň aýdyşyna görä, bu çölüň jümmüşinde ýerleşýän ägirt “Çyzyk metropolyň” uzynlygy 170 kilometre (sekiz Manhattana ýa-da Moskwa-Twer arasyndaky uzynlyga), beýikligi 500 metre (Empire State binasyndan ýa-da Eýfel diňinden hem uzyn) bolmaly. Megerem “Çyzykda” 125-150 aralygyndaky gatly jaýlar boljak. Ýönekeý şäherlerde kwartiralar, ofisler, dükanlar we klinikalar aýratyn binada ýerleşse, bu ýerde dürli binalarda dürli gatlarda uzaboýuna ýerleşer. Awtorlaryň pikirine görä, jaýlar şeýle tertipde ýerleşer welin, adamyň haýsy gatda ýerleşýändigine garamazdan, iň ýakyn dükanlara we hyzmat ediş bölümçelerine bäş minutdan artyk ýol geçmeli bolmaz. Seýilgählere we ýaşyllyk meýdançalary üçin iki minutdan artyk ýöremez. Ýönekeý şäherlerden tapawutlylykda bu ýerde ýeketäk merkez we ýol çatryklary, şol sanda awtoulaglar hem bolmaz (ideýanyň awtorlary söz berýär). “The Spine” (Oňurga) atly şäheriň bir ujundan beýleki ujuna 20 minutda (duralgalar göz öňüne tutulmazdan), ýagny 500km/sag bilen hereket edýän ýokary tizlikli otlylar toplumlaryny ýola goýmaklygy meýilleşdirýärler. Şeýle hem şäherde gök-önümler we miweleri ösdürip ýetişdirmek üçin wertiakal fermalar bilen enjamlaşdyryljakdygy mälim edildi. Bu BBC-niň habar bermegine görä, azyk önümleriniň 80% töweregini import edýän ýurt üçin hakykatdanam uly öwrülişik. Energiýa diňe täzelenip bilinýän çeşmelerden – ýel, gün we ýakyn wagtda ulanylyp başlanan “ýaşyl” wodoroddan alynar. Şeýlelik bilen, “Çyzyk” önüm bilen özüni doly üpjün edip bilýän, diňe täzelenip bilýän energiýalardan peýdalanýan, daşky gurşawa nol zyňyndysy bolan geljegiň özbaşdak şäheriniň ilkinjisi bolmaly.
2 лайков 117 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
09 мар 2023, 16:29
Matrisa - Neo
Neo(M)
Animatrisa multiginde bardy. Shu roboticeski shaher...
Kerbaba
09 мар 2023, 19:12
Бейик жайлар ер титрема дурнуклы эдип гурлармыка?
Гость
09 мар 2023, 21:12
Puly köpüň oýny köp
Hiayress21
09 мар 2023, 21:28
Гость,
Ummasyz pul harçlaýalar (has gowy zatlarada harçlap bilerdiler) weli, iru-giç geljegiň şäherleriniň taslamasyna biri başlap, bissimillasyny etmelä. Öz-özüni hemme zat bilen üpjün edip bilýän, ähli zatlarda ýaşaýyş üçin oňaýly, ýokary tehnologiýalara eýe bolan zyýansyz şäherleri bizem ölmäkäk görsek kem-ä bolmazdy.
Гость
09 мар 2023, 21:29
Hiayress99,
Hawa. Görsegä kem bolmazdy )
.
09 мар 2023, 22:21
Ýüzýän şäher taslamasam araplanky oytýän. 500 mlrd dollarlyk.